Aşgabat şäherinde hokkeý bounça halkara ýaryş dowam edýär. Onuň ikinji güni hem çekeleşikli oýunlar bilen dowam etdi.

Ikinji günüň netijeleri şundan ybarat:

«Galkan» (Türkmenistan) — «Oman Nationals» (Oman) — 15:1.

Tapawutlananlar: Döwlet Hydyrow, Gurbanmyrat Taňňyýew, Arslan Geldimyradow, Baýmyrat Baýmyradow, Begenç Döwletmyradow, Perhat Atekäýew, Erkin Kakabaýew (2 şaýba), Pawel Barkowskiý (2 şaýba), Döwrangeldi Baýjaýew, Muhammetýar Nuryýew, Öwezguly Esenow, Nowruz Baýhanow (2 şaýba) — Ibrahim Al-Gabsi.

«Wolat» (Belarus) — «Team Türkiye» (Türkiýe) — 3:0.

Tapawutlananlar: Swýatoslaw Zasadkiý, Eduard Grinn, Arseniý Ýankowskiý.

«Ice Box Iran Mall» (Eýran) — «Bahrain Ice Hockey Club» (Bahreýn) — 8:1.

Tapawutlananlar: Gafuri Arşiýa (2 şaýba), Heidari Amir (2 şaýba), Keýhanfar Jalal, Taiik Hossein, Gaharzade Matin, Abdollahi Mahbod — Abdulla Mohamed Hulaif Saýer.

«Akmola» (Gazagystan) — «Dordoý» (Gyrgyzystan) — 5:3.

Tapawutlananlar: Wladislaw Kurmelewskiý (3 şaýba), Stanislaw Smaglýuk, Mihail Tarasow — Mamed Seýfulow, Ersultan Mirbekow.

Şeýlelikde, ýaryşyň ikinji gününiň netijesine görä, «A» toparçada «Galkan» topary 6 utuk bilen öňdeligi eýeleýär. «Feniks» we «Ice Box Iran Mall» toparlary 3 utuk bilen 2-3-nji orunlarda ornaşdy. «Oman Nationals» we «Bahrain Ice Hockey Club» toparlary degişlilikde 4-5-nji orunlary eýeleýärler. «B» toparçanyň başyny 6 utuk bilen «Akmola» topary çekýär. «Adihis-Kazan» we «Wolat» 3 utuk bilen 2-3-nji orunlarda ýerleşýärler. «Dordoý» hem-de «Team Türkiye» toparlary 4-5-nji orunlary eýeleýärler.

Ýeri gelende bellesek, çäräniň medeni maksatnamasyna laýyklykda ýaryşa gatnaşyjylar paýtagtymyz Aşgabadyň we Arkadag şäheriniň gözel ýerlerine aýlanyp gördüler.


Çeşme: Türmenmetbugat