Geçen hepde boýunça Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 24 geleşik baglaşyldy.
ABŞ-nyň dollaryna Owganystanyň, Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň we Gyrgyzystanyň täjirleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zadowlar toplumynyň önümçiligine degişli uçar kerosinini, «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilýän suwuklandyrylan gazy, gaz beton bloklaryny we polietileni, şeýle hem pagta süýümini satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 3 million 898 müň dollaryna deň boldy.
BAE-niň telekeçilerine milli manada pagta süýümi ýerlenildi. Geleşigiň umumy bahasy 6 million 987 müň manat boldy.