Düýn paýtagtymyzda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisi öz işine başlady.
Ähmiýetli foruma gatnaşmak üçin Watanymyza gelen Demir ýollary hyzmatdaşlygy guramasynyň Komitetiniň başlygy Miroslaw Antonowiç mejlisiň işi hem-de Türkmenistanyň ulag-logistika mümkinçilikleri hakynda şeýle gürrüň berdi:
«Biz Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisini Aşgabatda gurandygymyza örän şat. Şu ýyl Türkmenistanyň Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agzasy bolmagyna 30 ýyl dolýar.
Hormatly Prezidentiň belleýşi ýaly, Merkezi Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan milli ulag düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak arkaly halkara üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerini yzygiderli artdyrýar. Çünki Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň arasynda söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak möhümdir.
Men Türkmenistanyň bu ugra uly ähmiýet berýändigini tassyklamak isleýärin. Türkmenistanyň iň möhüm başlangyçlarynyň biri hem diňe demir ýol ulagyny däl, eýsem, ulagyň beýleki görnüşlerini hem ösdürmek bilen baglydyr. Çarşenbe güni bolsa biz Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegini açarys.
Türkmenistanyň ulag pudagynyň gelejeginiň diýseň uludygyny bellemek gerek. Bu döwlet — Hytaý bilen Ýewropanyň arasyndaky ýük üpjünçilik zynjyrynyň diýseň möhüm halkasy» — diýip, Miroslaw Antonowiç belledi.