Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda ýurdumyzyň Merkezi bankynyň başlygy M.Annadurdyýew özüne ynanylan edarada 2021-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda alnyp barlan işler barada hasabat berdi.
Şu ýylyň alty aýynda bank tarapyndan ýurduň hojalyk subýektlerine berlen karzlaryň göwrümi artdyryldy. Kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça bellenilen karz beriş işleri 2,6% ýokarlandyrylyp, hususy önüm öndürijileri goldamak boýunça karz bermeler 1,4 esse artdy.
Şeýle hem 2021-nji ýylyň birinji ýarymýyllygynda ýuridiki şahlar we hususyýetçiler tarapyndan Internet-bank töleg ulgamy arkaly hasaplaşyklaryň sany artdy.