Türkmenistan “Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum 2024” Halkara ykdysady forumyna gatnaşmagy meýilleşdirýär. Şu ýyl forum 14-19-njy maýda Kazanda geçiriler.

Çäräniň esasy maksady Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň ýurtlary we beýleki hyzmatdaş ýurtlar bilen söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, sosial we medeni gatnaşyklary berkitmek bolup durýar.

Bu giň gerimli çäre her ýyl Russiýanyň we musulman döwletleriniň işewür jemgyýetlerine wekilçilik edýän ýokary derejeli myhmanlary jemleýär hem-de sebitara we döwletara derejesinde bilelikdäki taslamalar üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Forumyň çäklerinde birnäçe iri çäreler geçirilýär, şol sanda, “Russiýa – Yslam dünýäsi” strategik nukdaýnazar toparynyň mejlisi, Russia Halal ykdysady we ylmy-tehnologik hyzmatdaşlyk halkara sergisi, Kazan Halal Market halkara söwda ýarmarkasy, Söwda-senagat edaralarynyň forumy we beýlekiler.

Türkmenistan bu halkara forumyna däp bolşy ýaly ýokary derejede gatnaşýar. 2023-nji ýylda türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň direktory Mämmethan Çakyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet KazanForum 2023 forumyna gatnaşdy.

2022-nji ýylda foruma Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.

2024-nji ýylda türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň önümleriniň sergi meýdançasyny guramagy meýilleşdirýär.