Ykdysady, bank we halkara maliýe guramalary bilen bagly meselelere Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenen Serdar Berdimuhamedow gözegçilik eder. Bu barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hepdäniň anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde karara gelip, Serdar Berdimuhamedowy ýurduň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy wezipesinden boşatdy hem-de ony döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalygyndan aýyrdy.
Döwlet Baştutanymyz täze bellenilen wise-premýere Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasarlary bilen bilelikde geljek ýyl üçin döwlet býujetiniň taslamasyny işläp taýýarlamakda ministrlikler we pudak edaralary tarapyndan kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi boýunça ýygnaklary geçirmegi görkezme berdi. Prezident bu ugurdaky işler tamamlanandan soň, ýurduň esasy maliýe resminamasyny Milli Geňeşiň garamagyna hödürlemek, şeýle hem 2022-nji ýylyň maýa goýum taslamasyny içgin öwrenmek, taýýarlamak we tassyklamak boýunça anyk tabşyryklary berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýer S.Berdimuhamedowa häzirki wagtda dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýyň milli ykdysadyýete ýetirýän täsirini içgin öwrenmegi we ulgamlaryň durnukly ösüşini üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegi dowam etmegi tabşyrdy.
Mundan beýläk hem daşary döwletli hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça işleri durmuşa geçirmek möhüm bolup durýar. Şeýle hem maýa goýum taslamalaryna halkara maliýe institutlarynyň we bank hyzmatdaşlarynyň ünsüni çekip, olary amatly karz şertleri bilen üpjün etmegiň wajypdygy bellenildi.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti 2021 ― 2025-nji ýyllarda ýurtda eksport ugurly hem-de daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ýerini tutýan önümleriň önümçiligini artdyrmak boýunça maksatnamany taýýarlyk işlerini çaltlandyrmagy we ony Ministrler Kabinetiniň garamagyna hödürlemegi tabşyrdy.