Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu
gün başlanýan Söwda toplumynyň sergisine gatnaşyjylara Gutlagyny iberdi. Döwlet
Baştutanynyň Gutlagynda şeýle sözler bar:
«Hormatly sergä
gatnaşyjylar!
Gadyrly söwda
toplumynyň işgärleri!
Sizi Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisiniň öz
işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Garaşsyz Watanymyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly
Pyragy» ýylynda giň gerimde amala aşyrylýan Prezident Maksatnamasynyň baş
maksady ykdysady ösüşi hil taýdan täze derejä çykarmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş
şertlerini has-da gowulandyrmak bolup durýar. Milli ykdysadyýetimiziň durnukly
ösüşini dowam etdirmäge, ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny berkitmäge
gönükdirilen maksatnamalaýyn wezipeleriň durmuşa geçirilmegi netijesinde, söwda
toplumy häzirki wagtda halk hojalygynyň okgunly ösýän pudaklarynyň birine
öwrüldi.
Ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, daşary
ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini
artdyrmak, söwda hyzmatlaryny kämilleşdirmek, esasan-da, halkyň sarp edýän
harytlaryna bolan islegleri kanagatlandyrmak häzirki döwürde söwda toplumynyň
öňünde durýan esasy wezipelerdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwründe Diýarymyzyň bazarlarynda haryt dolanyşygynyň barha artýan möçberi bu
wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň, ilatyň abadançylygynyň,
durmuş derejesiniň ýokarlanýandygynyň güwäsidir.
Eziz watandaşlar!
Ýurdumyzda milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly
bilen ösdürmek, innowasiýalary giňden ornaşdyrmak boýunça uly işler amala
aşyrylýar. Bu ugurda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň düzüminde
ýokary tehnologiýaly önümçilik kärhanalaryny döretmek, ýerli çig maldan
öndürilýän bäsdeşlige ukyply önümleriň görnüşlerini we möçberini artdyrmak
babatda alnyp barylýan işler has-da buýsandyrýar. Hususan-da, pagta süýüminden
ýüplükleri taýýarlaýan, dürli matalary dokaýan, tikinçilik önümlerini öndürýän
kärhanalar ykdysadyýetiň depginli ösdürilmegine saldamly goşant goşýarlar.
Häzirki döwürde ýokary hilli, ekologik taýdan arassa «Gala», «Ýeňiş», «Goza»,
«Wada», «Nusaý», «Bedew», «Bürgüt», «Akpamyk», «Merw», «Jeýtun», «Mäne» ýaly
haryt nyşanly dokma önümlerimize içerki we daşarky bazarlarda uly isleg
bildirilýär.
Türkmen halkynyň milli el halyçylyk sungatynyň
özboluşlylygyny gorap saklamak we kämilleşdirmek boýunça hem uly işler amala
aşyrylýar. Biziň el halylarymyz deňi-taýy bolmadyk gözelligi, ýokary hili bilen
meşhurdyr. Bu ugurda «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň kärhanalary türkmen el
halysyny dokamagyň usullaryny geljek nesillere ýetirmek, gadymy nagyşlardyr
göller salnan köpöwüşginli halylary dokamak, halylaryň gadymy nusgawy
görnüşlerini dikeltmek boýunça guwandyryjy netijeleri gazanýarlar. Törlerimiziň
bezegi bolan el halylarymyz içerki we daşary ýurtlardaky alyjylaryň sargytlary
boýunça hem dokalýar. Bu bolsa halkymyzyň çeperçilik medeniýetiniň ajaýyp
mirasy bolan türkmen halylarynyň dünýädäki meşhurlygyny has-da artdyrýar.
Bu gün giňden ýaýbaňlandyrylan Türkmenistanyň söwda
toplumynyň sergisi ýurdumyzyň dokma pudagynyň, milli el halyçylyk sungatynyň
ösüşlerine baha bermäge-de mümkinçilik döreder.
Hormatly myhmanlar!
Eziz watandaşlar!
Sergide ýurdumyzyň telekeçilik ulgamynyň ösüşine,
hususy önüm öndürijileriň eksport mümkinçiliklerine aýratyn orun berilýär.
Çünki biz daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksporta
gönükdirilen önümleriň öndürilişini artdyrmak, täze senagat ugurlaryny döretmek
boýunça maksatnamalary durmuşa geçirmekde türkmen telekeçilerine bil baglaýarys
we munuň üçin ähli zerur şertleri döredýäris.
Bu alnyp barylýan tutumly işleriň netijesinde,
Türkmenistanyň dünýä ýurtlary bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy barha
ösdürilýär. Harytlarymyzyň bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlanyp, ýurdumyzyň içerki
bazarynda haryt bolçulygyny berkitmekde, daşary söwdany giňeltmekde oňat
netijeler gazanylýar. «Türkmenistanda öndürilen» nyşanly harytlar bu gün dünýä
bazarlarynda giňden tanalýar we ýokary hili, ygtybarlylygy bilen tapawutlanýar.
Hormatly myhmanlar!
Eziz watandaşlar!
Garaşsyz döwletimiz gysga wagtyň içinde durnukly ösüş
ýoluna düşdi. Geçirilýän özgertmeler, oýlanyşykly çözgütler ýurdumyzda azyk
bolçulygyny döretmek bilen birlikde, türkmen topragynda öndürilýän ýokary hilli
önümleri daşary ýurtlara eksport etmäge hem giň mümkinçilik berýär. Bu sergi
bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzda beýleki pudaklar bilen bir
hatarda, söwda toplumynyň hem maksatnamalaýyn wezipeleri üstünlikli amala
aşyrýandygyny we belent sepgitlere ýetýändigini aýdyň görkezýär.
Hormatly sergä
gatnaşyjylar!
Sizi Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisiniň öz
işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň
ähliňize berk jan saglyk, abadançylyk, alyp barýan asylly işleriňizde uly
üstünlikleri arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW».