30-njy martda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň bäşinji maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan birnäçe möhüm kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryna garaldy hem-de kabul edildi. Maslahata ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.
Maslahatyň gün tertibine laýyklykda, deputatlar energiýanyň tygşytlanylmagyny höweslendirmegiň we energiýadan peýdalanylmagynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň hukuk, ykdysady, guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän «Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar. Bellenilişi ýaly, bu ugurda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek maksadу bilen, energiýa taýdan netijeli tehnologiýalaryň ulanylmagy, Türkmenistanda energetiki menejmentiň ornaşdyrylmagy göz öňünde tutulýar. Munuň özi milli ykdysadyýetiň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam eder, şeýle-de geljek nesilleriň energiýa serişdelerinden uzak ýyllaryň dowamynda netijeli peýdalanmagyna mümkinçilik döreder.
«Gidrometeorologiýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna garalanda, netijeli pikir alyşmalar boldy. Çykyş edenleriň pikirine görä, bu resminamanyň kabul edilmegi döwlet häkimiýet edaralaryna, ýuridik we fiziki şahslara gidrometeorologiýa işi we daşky gurşawyň ýagdaýy barada anyk maglumatlar berlende, bu işleri düzgünleşdirmegiň hukuk esaslaryny kesgitlemäge hyzmat eder. Mundan başga-da, onda gidrometeorologiýa ulgamynda hünärmenleri taýýarlamak, gidrometeorologiýa işini maliýeleşdirmek we halkara hyzmatdaşlyk baradaky kadalar göz öňünde tutuldy. Resminamada gidrometeorologiýa gözegçiliginiň döwlet ulgamy bellenilýär.
«Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda halkara awtomobil gatnawlary hakynda Ylalaşygy tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna garalanda, parlamentariler bu resminamanyň özara bähbitlilik esasynda iki ýurduň arasynda halkara awtomobil ýolagçy hem-de ýük daşamalaryny, ýurtlaryň çäkleriniň üsti bilen amala aşyrylýan üstaşyr daşamalary düzgünleşdirýändigini nygtadylar.
Maslahatyň gün tertibinde «Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Maşgala kodeksine üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda», «Ýer hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Weterinariýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunуnа üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Kanunlaryň taslamalaryna garaldy. Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, bu kanunçylyk namalary Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirildi. Bu işleriň amala aşyrylmagy «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegine, ugurdaş ulgamlaryň döwrebaplaşdyrylmagy üçin hukuk mümkinçilikleriniň giňeldilmegine gönükdirilendir.
Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynyň garamagyna hödürlenen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.
Maslahatyň ahyrynda deputatlar kabul edilen kanunçylyk namalarynyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylyk ulgamynyň üstüni ýetirip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda giň gerimli durmuş-ykdysady, demokratik özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin amatly şertleri üpjün etjekdigine ynam bildirdiler.