28-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Hosein Amir Abdollahiýan bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.

Duşuşygyň barşynda, EYR-nyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy türkmen halkynyň Milli Lideriniň döwletara gatnaşyklaryna möhüm ähmiýet berýändigini aýtdy hem-de bu gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylmagyndaky tagallalaryny aýratyn belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iki döwletiň syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda, dünýä giňişliginde, iri halkara guramalaryň çäklerinde alyp barýan hyzmatdaşlygyna ünsi çekdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nygtaýşy ýaly, Eýran ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygynda möhüm orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, nebitgaz, elektroenergetika, üstaşyr ulag ulgamlarynda, gurluşyk, oba hojalyk pudaklarynda özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilýändigi bellenildi.

Özara gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalaryň barşynda Türkmenistanda we Eýranda milli önümleriň sergileriniň, işewürlik maslahatlarynyň yzygiderli geçirilmeginiň hususy ulgamyň wekilleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da işjeňleşmegine ýardam berýändigine üns çekildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri iki ýurduň dürli derejedäki Hökümet wekiliýetleriniň ýygy-ýygydan amala aşyrýan özara iş saparlarynyň, yzygiderli geçirilýän geňeşmeleriň we gepleşikleriň döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýandygyny aýdyp, goňşy Eýran Yslam Respublikasy bilen özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegini goldaýandygyny belledi.