Wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow sanly ulgam arkaly döwlet Baştutanyna Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada hasabat berdi.
Ýewropa Bileleşigi bilen yzygiderli esasda hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, duşuşyklar we geňeşmeler, hususan-da, Türkmenistan —–Ýewropa Bileleşigi Bilelikdäki we Parlamentara komitetleriniň ugry boýunça duşuşyklar geçirilýär.
Häzirki wagtda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek hem-de gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek babatda ileri tutulýan ugurlar boýunça teklipler taýýarlanyldy. R.Meredow şeýle hem ählumumy we sebit derejesinde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmak, maglumat tehnologiýalary we kommunikasiýa, ulag we aragatnaşyk ulgamynda gatnaşyklar dogrusynda alnyp barylýan işler barada habar berdi. Ykdysady hyzmatdaşlyk ulgamynda wise-premýer Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi işewürler geňeşini döretmegiň möhümdigini belläp geçdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn esasda Ýewropa Bileleşigi hem-de oňa agza ýurtlar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi. Döwlet Baştutany aýdylanlary jemläp, hödürlenen teklipleri makullady we wise-premýere, daşary işler ministrine ägirt uly kuwwaty nazara almak bilen, Ýewropa Bileleşigi bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin işleri dowam etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.