Ministrler Kabinetiniň golaýda geçirilen mejlisinde Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň üç dilde: türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir eden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitaby bilen tanyşdyryldy.
Kitap gadymy Änewiň möhüm wakalaryny we taryhy döwürlerini beýan edýär. Onuň käbir baplary arheologiki tapyndylara we häzirki döwre çenli saklanyp galan özboluşly binagärlik ýadygärliklerine bagyşlanýar.
Ylmy-populýar neşiriň döremegine türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň toplan taryhy çeşmeleri ýardam etdi.
Mundan başga-da, kitapda Änew medeniýetini ilki açan Rafael Pampelliniň, Wadim Massonyň, Wiktor Sarianidiniň we beýleki görnükli alym-arheologlaryň ekspedisiýalarynyň netijesinde alnan maglumatlar kän.
Kitabyň her baby türkmen halkynyň taryhy geçmişini, milli-medeni gymmatlyklary hem-de baý medeni mirasy we ruhy däp-dessurlary goramak, gorap saklamak we ýaýmak boýunça alnyp barylýan işler barada umumy düşünje döredip, neşiriň umumy gurluşyna goşant goşýar.
Dürli reňkli suratlar bilen çeper bezelen neşir okyjylar köpçüligi üçin gyzykly bolar.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän şu ýyl neşir edilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň täze kitaby Änewiň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» maksatnamasynyň açylyşyna we türkmeniň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşýan türkmenistanlylar we ýurduň myhmanlary üçin ajaýyp sowgat boldy.
Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr"