Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisininň barşynda wise-premýer G.Müşşikow kiçi we orta telekeçiligi goldamak baradaky Döwlet toparynyň täze düzümini tassyklamak, şeýle hem ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Pudagara merkezi toparyň düzümine üýtgetmeleri girizmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentine hasabat berdi.
Bu iki toparyň düzümlerinde üýtgetmeler ministrlikleri hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralaryny düzümleýin üýtgetmek boýunça geçirilen özgertmeleri nazara alyp, şeýle hem döwlet emlägini hususylaşdyrmak işini kämilleşdirmek maksady bilen geçirilýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysady gatnaşyklary ugrukdyrýan kadalaşdyryjy hukuk namalaryny häzirki döwrüň ýagdaýyna laýyk getirmegiň ähmiýetine ünsi çekdi. Döwlet Baştutany bu işler geçirilende, hereket edýän kanunçylyk namalarynyň düzgünleriniň göz öňünde tutulmagynyň zerurdygyny belläp, onda umumy kabul edilen halkara kadalara eýerilmelidigini aýtdy. Döwlet Baştutany wise-premýere bu meseleleri jikme-jik öwrenmegi, ony ugurdaş düzümler bilen ýene bir ýola maslahatlaşyp, işläp taýýarlamagy tabşyrdy.