25-nji martda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky ilçisi Şadurdy Meredow bilen Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Bahtiýor Saidowyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Türkmen-özbek gepleşiklerine mahsus bolan dostluk we özara düşünişmek şertlerinde taraplar syýasy, söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlary barada jikme-jik we netijeli gepleşikler geçirdi we özara gyzyklanýan häzirki halkara we sebit meseleleri barada pikir alyşdy.
Duşuşykda diplomatlar soňky ýyllarda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasyndaky döwletara hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösýändigini aýratyn bellediler.
Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler dostluk we gowy goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň özara peýdaly esasda üstünlikli ösjekdigine ynam bildirdiler.