Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen, degişli mukdardaky noutbuk kompýuterleri satyn almak, 2024-nji ýylyň 1-nji awgustyna çenli bilim edaralarynda gurnamak hem-de olara tehniki hyzmat etmek barada "Agzybirlik tilsimaty" bilelikdäki kärhanasy we "Aýdyň gijeler" hojalyk jemgyýeti bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Karara 23-nji martda sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi.

Bellenilişi ýaly, mejlisde wise-premýer N.Amannepesow 2024-2025-nji okuw ýylynyň birinji synp okuwçylaryna noutbuk görnüşli kompýuterleri sowgat bermek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hasabatda aýdylmagyna görä, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda birinji synpa kabul edilmegine garaşylýan 155 müň 641 okuwçyny kompýuterler bilen üpjün etmek meýilleşdirilýär.

Häzirki wagtda sowgat beriljek «Bilimli» nyşanly kompýuterleriň nusgalary taýýarlanylyp, degişli ministrlikler tarapyndan bu kompýuterleriň tehniki häsiýetnamalary seljerildi, şeýle hem olaryň hil standartlary baradaky kepilnamalar alyndy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurtda bilim syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagy we innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, giň gözýetimli hünärmenler bolup ýetişmegi üçin amatly şertleriň döredilýändigini belledi.

Döwlet Baştutany bu ugurdaky özgertmeleri üstünlikli dowam etmek, şeýle hem ýurduň umumy orta bilim berýän mekdeplerine 2024–2025-nji okuw ýylynda birinji synpa okuwa kabul edilýän okuwçylara noutbuk kompýuterlerini sowgat bermek maksady bilen, «Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň noutbuk kompýuterlerini satyn almagy hakynda» Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we resminamanyň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi