23-nji martda  hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy. Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradowa söz berildi. Wise-premýer «Karz edaralary we bank işi hakynda», «Auditorçylyk işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna we Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanda buhgalterçilik hasaba alnyşy we auditi özgertmegiň maksatnamasy hakynda» Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň bank edaralarynyň maliýe hasabatlaryna halkara standartlary esasynda nobatdaky audit barlaglaryny geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bank edaralarynda her ýyllyk maliýe hasabatlaryna audit barlaglaryny halkara standartlaryna görä geçirmek boýunça zerur çäreleri görmegi wise-premýere tabşyrdy. 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi