Şu ýylyň ilkinji iki aýynda Balkan welaýaty boýunça senagat önümleriniň jemi 3 milliard 147,3 million manatlyga barabary taýýarlanylyp, içerki we daşarky bazarlara ugradyldy. Bu görkezijiniň 1 milliard 678,2 million manatlygy hususy eýeçiligiň paýyna düşýär diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, şu ýylyň geçen hasabat döwründe tutuş welaýat boýunça bölekleýin satuwyň haryt dolanyşygy 1 milliard 80 million manatlyga barabar bolup, bu ugurda 111 göterime golaý ösüş gazanyldy.

Gürrüňi edilýän aýlarda ýola goýlan bölekleýin satuwyň haryt dolanyşygynyň 90 göterimden gowragy hususy eýeçiligiň paýyna düşýär diýlip, habarda bellenilýär.