Mary welaýatynda TSTB-iň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli sebitde iri we ownuk mallaryň etini gaýtadan işleýän zawod işe girizildi.

Ol «Täze Aý» hojalyk jemgyýeti tarapyndan guruldy we döwrüň ösen, ýokary hilli eti gaýtadan işleýän enjamlary bilen enjamlaşdyryldy.

Açylyş dabara gatnaşyjylar Ýewropa we türk kompaniýalarynyň tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan eti gaýtadan işleýän zawodyň işi bilen tanyşdylar. Bu ýerde haýwanlaryň saglygyny barlaýan weterinariýa hyzmaty hem bar.

1 günde kärhana 500 baş iri şahly, 1000 baş uşak malyň etini gaýtadan işlemek üçin niýetlenendir. Täze zawodyň açylmagy bilen bu ýerde ýüzden gowrak täze iş ýerleri döredildi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi