16-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzda ählihalk bag ekmek möwsüminiň nobatdaky tapgyryna badalga berildi. Onuň dowamynda tutuş ýurdumyz boýunça müňlerçe düýp agaç nahallary ekildi. Paýtagtymyzyň günortasyndaky gözel künjekde ýaýbaňlandyrylan ählihalk bag ekmek dabarasyna Gahryman Arkadagymyz hem gatnaşdy.

Biziň halkymyz asyrlaryň dowamynda tebigata aýawly çemeleşmegiň we onuň bilen sazlaşykly ýaşamagyň özboluşly ýörelgelerini kemala getiripdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan ýurdumyzyň ekologiýa syýasaty şeýle asylly ýörelgelere esaslanýar. Dünýä medeniýetiniň iň gadymy ojaklarynyň biri bolan Türkmenistanyň tebigy şertleri ýerli ösümlik dünýäsiniň baýlaşmagyna hem-de ekerançylyk medeniýetiniň kemala gelmegine ýardam berdi. Taryhy maglumatlar Diýarymyzyň ägirt uly giňişliklerinde ajaýyp bagy-bossanlyklaryň bolandygyny, ata-babalarymyzyň ekerançylyk medeniýetini ösdürip, miweli baglary ýetişdirendiklerini tassyklaýar.

11-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara ýazky bag ekmek möwsümini ýokary derejede geçirmek boýunça tabşyryklary berdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tebigata aýawly çemeleşmek babatda gadymdan gelýän däp-dessurlarymyza laýyklykda, ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak, “ýaşyl” ykdysadyýeti ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär.

16-njy mart güni ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow awtoulagda Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň ýanyna geldi.

Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi hem-de beýleki dabara gatnaşyjylar mähirli garşyladylar.

Ýurdumyzyň meşhur artistleriniň, milli saz sungatynyň ussatlarynyň çykyşlary baýramçylyk ýagdaýyny emele getirip, dabara gatnaşyjylarda uly ruhubelentlik döretdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýygnananlar bilen mähirli salamlaşyp, bag ekmek üçin ýörite taýýarlanan ýere geçdi. Döwlet Baştutanymyzyň ýanyna ýaş nesliň wekili gelýär. Ol belent ruha beslenen goşgy setirleri bilen hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, köptaraply işinde uly üstünlikleri arzuw edip, Arkadagly Gahryman Serdarymyzdan bag ekmek dabarasyna badalga bermegi haýyş edýär.

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň günortasynda döredilýän täze seýilgähde bag nahalyny oturdyp, Milli bahar baýramyna gabatlanyp geçirilýän ýazky ählihalk bag ekmek çäresine badalga berdi.

Bag ekmek dabarasynyň geçirilmegi parasatly pederlerimiziň kemala getiren milli däp-dessurlarynyň häzirki döwürde mynasyp dowam etdirilýändiginiň ajaýyp nyşanydyr.

Dabara gatnaşýanlaryň hemmesi hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, ýakyn wagtda paýtagtymyzyň bu künjegine gözellik bagyşlajak täze medeni-seýilgäh toplumynyň çäginde bag nahallaryny oturtmak işine girişdiler.

Köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna gatnaşýanlaryň hatarynda köp sanly ýaşlaryň bardygyny bellemek gerek. Munuň özi ýaş nesilleriň ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan çärelere işjeň gatnaşýandyklarynyň nobatdaky beýanydyr. Bu bolsa ýaşlarda zähmetsöýerlik, topraga perzentlik borjuň bilen hyzmat etmek ýaly asylly endikleriň kemala gelmeginde aýratyn ähmiýetlidir.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa şu gün tutuş ýurdumyz boýunça müňlerçe bag nahallarynyň oturdylýandygy, dabaranyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi barada hasabat berdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz bag nahallarynyň oturdylmagynyň ekologik ýagdaýy gowulandyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini belläp, daşky gurşawy goramak, ýurdumyzy toplumlaýyn bagy-bossanlyga büremek, öňden oturdylan baglaryň idegini ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak, şäheriň çäklerinde arassaçylyk işlerini geçirmek, şäher gulluklarynyň işine döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmek we paýtagtymyzda arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek boýunça birnäçe görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylar bilen gürrüňdeşligiň dowamynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny», «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň hem-de geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Köpetdagyň etegindäki belentlikde bina edilen Magtymguly Pyragynyň belent ýadygärligi uzaklardan seleňläp görünýär. Giň gerimli medeni-seýilgäh toplumy Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli iri dabaralaryň geçiriljek esasy merkezine öwrüler. Häzirki wagtda beýik şahyryň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda giňden belleniljek ýubileýine bagyşlanan çäreleri ýokary derejede guramak babatda zerur işler amala aşyrylýar.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýygnananlara möhüm ekologik çäräniň üstünlikli geçirilmegini arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Ýurdumyzda ýagşy dessura öwrülen köpçülikleýin bag ekmek dabarasy täze seýilgähleriň, tokaý zolaklarynyň döremegini şertlendirýär. Bu bolsa türkmen topragynyň ösümlik dünýäsiniň baýlaşmagyny üpjün etmek bilen bir hatarda, ýakymly howa gurşawynyň emele gelmegine hem oňyn şert döredýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen topragynyň çar künjeginde kemala getirilýän ýaşyl zolaklar ekologik howpsuzlygyň, ilatyň saglygynyň we abadançylygynyň möhüm şerti bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň günortasyndaky gözel künjekleriň birinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilýän ýerine geldi. Bu ýerde Arkadagly Gahryman Serdarymyzy dabara gatnaşýanlar uly şatlyk-şowhun bilen garşyladylar.

Ýurdumyzda Milli Liderimiz tarapyndan başy başlanyp, durmuş ulgamynyň ähli ugurlaryny öz içine alýan giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi esasynda Garaşsyz Türkmenistan gülläp ösýän, ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrülýär. Şunda ekologik meselä, şeýle hem tokaý zolaklaryny döretmäge, ýollaryň ugrunda, derýalaryň, suw akabalarynyň kenarlarynda dürli görnüşli bag nahallaryny ekmäge uly ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gahryman Arkadagymyz bilen bilelikde ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga bermek üçin niýetlenen ýere bardy.

Konstitusiýa binasy bilen Maslahat köşgüniň aralygyndaky çäkde seýilgäh zolagy dörediler.

Milli Liderimiziň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň göreldesine eýerip, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri uly ruhubelentlik bilen bag ekmek dabarasyna girişdiler hem-de Arçabil şaýolunyň ugrunda ýakyn geljekde emele geljek tokaý zolagynyň döredilmegine badalga berdiler.

Ak mermerli Aşgabadyň günorta bölegindäki ajaýyp binalar bu töweregiň tebigy aýratynlyklary bilen sazlaşyp, onuň keşbini özgerdýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly şanly wakalara, giň gerimli dabaralara beslenýär.

Hormatly Prezidentimiz we Gahryman Arkadagymyz 7 sany bag nahalyny oturtdylar. Mälim bolşy ýaly, ýedilik san türkmenlerde şowlulygyň we rowaçlygyň nyşany hasaplanýar.

Döredijilikli zähmet hem-de nesilleriň dowamatlylygy halkymyzyň mizemez gymmatlyklarydyr. Şu günki waka-da ata-babalarymyzyň asylly ýörelgeleriniň mynasyp dowam etdirilýändiginiň nobatdaky beýany boldy.

Soňky ýyllarda paýtagtymyzyň keşbi tanalmaz derejede özgerdi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek boýunça özgertmeler maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasydyr.

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Aşgabadyň eteklerinde hem tokaý zolaklarynyň çäkleri barha giňeýär. Şunda bu künjegiň tebigy aýratynlyklary bilen utgaşýan tokaý zolaklary ekologik abadançylygy üpjün edýär. Häzirki wagtda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», şeýle hem “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” esasynda Diýarymyzda ýokary ekologik ýagdaýy üpjün etmek üçin giň gerimli işler amala aşyrylýar.

Ekologiýa ýaly örän möhüm meselede halkara dialoga işjeň gatnaşyjy hökmünde Türkmenistan BMG-niň çäklerinde oňyn hyzmatdaşlygy giňeldýär, beýleki iri guramalardyr düzümler bilen özara gatnaşyklary ösdürýär. Milli we sebit derejede durmuşa geçirilýän ekologiýa maksatnamalarydyr taslamalar bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýetini şertlendirýär.

Türkmenistanyň ýokary derejeli forumlarda öňe süren hem-de halkara bileleşigiň giň goldawyna eýe bolan başlangyçlarynyň ähmiýetini bellemek gerek. Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak, BMG-niň Suw strategiýasyny, Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak, Aral meselesini BMG-niň işiniň aýratyn ugry hökmünde kesgitlemek, Hazar deňziniň ekologik abadançylygyny gorap saklamak bilen bagly teklipler munuň aýdyň güwäsidir.

Şunda döwlet Baştutanymyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň belent münberinden howa we ekologik meseleleri çözmek babatda beýan eden oňyn teklipleri hem möhüm ähmiýete eýedir. Geçen ýylyň dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Dubaýda geçirilen “COP28” maslahatynda çykyş edip, Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny yglan etdi. Ýeri gelende bellesek, döwlet Baştutanymyz BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň Glazgo şäherinde geçirilen 26-njy maslahatynda Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasy boýunça täze başlangyjy goldaýandygy barada aýdyp, resminamany içgin öwrenmäge, ony durmuşa geçirmäge gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigini mälim edipdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň maslahatlaryny nazara almak bilen, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň işjeň goldamagynda ýurdumyzyň howa boýunça Pariž ylalaşygy esasynda Türkmenistanyň Milli derejede kesgitlenen goşandyny (NDC) taýýarlandygyny we ony 2022-nji ýylyň maýynda tassyklandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu strategik resminamada 2030-njy ýylda parnik gazlarynyň zyňyndylaryny, 2010-njy ýylyň derejesine görä, 20 göterim azaltmak göz öňünde tutulýar.

...Şu günki geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasy ynsan bilen tebigatyň aýrylmaz arabaglanyşygynyň subutnamasy bolup, onuň maksady ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, daşky gurşawyň sagdynlaşdyrylmagyna hem-de türkmen topragynyň gülläp ösmegine gönükdirilendir.

Paýtagtymyzyň günorta böleginiň ajaýyp künjekleriniň biri bolan Arçabil şaýolunyň iki tarapyny gurşap alan bag hatarlary Garaşsyz Watanymyzda ekologik abadançylygy üpjün etmek boýunça çäreleriň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň mysalyna öwrüldi.

Bag ekmek dabarasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çärä gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Bag zolaklarynyň, seýilgähleriň döredilmegi, ösümlik dünýäsiniň baýlaşdyrylmagy paýtagtymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biridir.

Häzirki wagtda Aşgabadyň töweregindäki arça agaçlary oturdylan meýdanlar ýylsaýyn giňeýär. Olar topragy berkidip, ýerasty suwlaryň ýokary galmagynyň hem-de sil suwlarynyň döremeginiň öňüni alýar. Şeýle hem arça agajy uglerod oksidiniň howadaky derejesini peseldip, howany tozandan arassalaýar we ýellerden goranmagyň tebigy serişdesi bolup durýar. Mundan başga-da, Aşgabadyň çäginde emele gelen tokaý-seýilgäh zolagy bu ýerde howanyň gowulanmagyna ýardam edýär. Dag derelerinde we baýyrlyklarda, ýapgytlarda arça agaçlarynyň tokaýlyklary döredilip, olaryň sany eýýäm onlarça milliona ýetýär.

Ählihalk bak ekmek dabarasynyň barşynda tutuş ýurdumyz boýunça saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzüm nahallarynyň 594 müň 892 düýbi oturdyldy. Şeýle hem seýilgähleri, tokaý zolaklaryny arassalamak, abadanlaşdyrmak işleri bilen birlikde, jemi 2 million 376 müň 204 düýp agaja ideg işleri geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz bagy-bossanlyga bürenýär, ýaşyl zolaklaryň, ajaýyp seýilgähleriň, gür tokaýlyklaryň çäkleri barha giňelip, täzelenişiň we ösüşiň nyşanyna öwrülýär.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agenligi