Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky tarapyndan Aýten Rustamowa Türkmenistan, Gyrgyzystan we Täjigistan döwletlerinde täze sebit direktory hökmünde bellenildi. Bu barada bankyň metbugat ýüzlenmesinde habar berilýär.
A.Rustamowa bu wezipä Nila Makkeýnanyň ýerine bellenildi. Nila Makkeýna indi ÝT we ÖB-niň Londanda ýerleşýän merkezi edarasynda(ştab-kwartirasynda) iş alyp barar. Ozal hem ol Azerbaýjanyň we Täjigistanyň çäginde Ýewropada Täzeleniş we ösüş bankynyň dürli wezipelerinde işledi.
A.Rustamowa täze iş ýeriniň soňky 4 ýyl bäri işleýän Merkezi Aziýa sebitinde bolandygy üçin begençli sözlerini beýan edýär. Ol bu täze wezipede ekologiýa, sanly ulgam, durmuşy özgerdiji taslamalar babatda ösüş gazanmak üçin ähli döwletler bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýär. Bu bolsa dünýä döwletlerinde durnukly ykdysadyýeti kemala getirmäge ýardam berer.
Ýewropada Täzeleniş we ösüş bankynyň sebit edarasy Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde ýerleşýär.