11-nji martda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Awstriýanyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministri Aleksandr Şallenbergiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny, şol sanda syýasy-diplomatik ulgamyndaky özara gatnaşyklary, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, energetika, medeni alyş-çalyşlary ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem sebitara we ählumumy meseleler boýunça pikir alyşdylar.
Duşuşygyň netijesinde 2024-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we Halkara işler boýunça federal ministrliginiň arasynda hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekildi.
Wena şäherine saparynyň çäginde Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow Awstriýanyň Daşary işler boýunça Baş sekretary N.Marşik bilen hem duşuşyk geçirdi. Diplomatlar ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek ugrundaky taraplaryň tagallalaryny goldadylar.