Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 75-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Beýik Britaniýanyň, Owganystanyň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni, uçar kerosinini, dürli kysymly awtobenzini, yşyklandyryş kerosinini, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna BAE-niň, Türkiýäniň, Serbiýanyň, Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine portlandsement, el halylary, jins we boýalan tüýjümek önümler, jins hem-de nah mata, nah ýüplük, buýan köküniň gury ekstrakty, arassalanan nah galyndylary ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 109 million 641 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 33 million 318 müň manatdan gowrak bolan nebit ýol bitumyny we garylan parafin galyndysyny (“Türkmennebit” döwlet konserni), float aýnasyny, aýna gaplary, el halylaryny, tekiz boýalan, žakkard tüýjümek önümleri, nah ýüplügi we nah matalary satyn aldylar.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi