7-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine garaldy.
Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli sergini we maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiziň 2023-nji ýylyň 20-nji dekabryndaky Kararyna laýyklykda, meýilleşdirilen çäreleri ýokary derejede guramak maksady bilen, degişli işler alnyp barylýar.
Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 17 — 19-njy marty aralygynda degişli sergini geçirmegiň göz öňünde tutulýandygy aýdyldy. Onda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň dürli ugurlarda iş alyp barýan 230-dan gowrak agzasy öz önümlerini hödürlärler, şu döwürde gazanan üstünliklerini görkezerler. Oňa gabatlanyp geçiriljek maslahatda telekeçileriň ýeten sepgitleri we olaryň öňünde durýan täze wezipeler, hususan-da, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda hem-de “Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda” hususy ulgamy ösdürmek babatda kesgitlenen çäreleri durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, hususy telekeçiligi mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen özgertmeleriň netijesinde milli ykdysadyýetde hususy pudagyň tutýan ornunyň barha artýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen serginiň hem-de maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigini nygtady we wise-premýere bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi