Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 23-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Özbegistanyň telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy we polipropileni satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 15 million 349 müň dollaryna deň boldy.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 9 million 38 müň manatdan gowrak bolan polipropileni, yşyklandyryş kerosinini, nebit ýol bitumyny («Türkmennebit» döwlet konserni), çüýşe gaplary hem-de el halylaryny satyn aldylar.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi