Ýakynda Gyrgyzystan döwletiniň Prezidenti Sadyr Žaparow Türkmenistana bolan resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisine we türkmen-gyrgyz ykdysady forumyna gatnaşdy.
Dostlukly döwletiň Lideri öz çykyşynda Gyrgyzystanyň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryny täze derejelere çykarmaga bolan gyzyklanmasyny beýan etdi. Şunda ýangyç energetika toplumynda, nebithimiýa, gaz industriýasy we elektroenergetika ugurlary boýunça hyzmatdaşlyga aýratyn ornuň degişlidigi bellenildi. Döwletara hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan ugurlary hökmünde dokma senagaty, agrosenagat toplumy, infrastruktura ösüşi, syýahatçylyk, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ýaly ulgamlar öňe saýlandy. Şunlukda, Gyrgyzystanyň Prezidenti türkmen telekeçilerini bu goňşy döwletde kärhanalary açmaga we öz iş tejribelerini gyrgyzystanly işewürler bilen paýlaşmaga çagyrdy.
Žaparow öz çykyşynda ulag-üstaşyr ulgamda özara hyzmatdaşlygyň möhümdigine ünsi çekdi. Şunda iki döwletiň logistik kompaniýalarynyň bilelikde iş alyp barmagynyň türkmen hem gyrgyz harytlarynyň dünýä bazaryna ýetirilmegine oňyn şert döretjekdigi bellenildi.
Gyrgyzystanyň maýa goýum mümkinçilikleri hakynda aýdyp, Sadyr Žaparow bu dostlukly döwletiň Ýewropa Bileleşiginiň ählumumy ileri tutýan ulgamy (WSP+) atly derejä eýedigini nygtady. Ol Gyrgyzystana 6 müňden gowrak harydy Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryna we ABŞ-a salgytsyz geçirmäge, Ýewraziýa ykdysady birleşigine agza bolmaga ýardam berýär. Bu bolsa Ýewraziýa ykdysady birleşigine (ЕАЭС) agza-döwletleriň eksport bazarynda ýeňillikli esasda oňyn mümkinçilikleri açýar.