2019-njy ýylyň iýulynda Türkmenistan ýurdumyzda Ýewropa Bileleşiginiň wekilhanasyny açmak hakynda ylalaşyga gol çekdi. Bu wakanyň iki ýyllygynyň öňüsyrasynda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Diýego Ruis Alonso ýerli internet neşirleriniň birinde guralan söhbetdeşlikde 2021 ― 2027-nji ýyllarda Türkmenistan bilen bu halkara guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi hakynda gürrüň berdi.

Ýewropa Bileleşigi hyzmatdaşlar hem-de isleg bildirýän taraplar bilen bu guramanyň gymmatlyklarynyň ― durnukly ýaşaýyş maksatlaryna ýetmek, ekologiýa ykdysadyýetini ösdürmek, hususy ulgama goldaw bermek, şeýle hem sebit tapawutlyklaryny azaltmak ugrunda hyzmatdaşlygyň geljegi dogrusynda özara pikir alyşmalary we maslahat beriş işlerini alyp barýar. ÝB tarapyndan alnyp barylýan işlerde adam esasy gymmatlyk hökmünde ykrar edilip, adamzadyň ösüşi onuň esasy ugry bolup öňe saýlanýar. Adam hukuklaryny goramak, raýat jemgyýetine goldaw bermek we dürlüligi saklamak ÝB-niň halkara hereketiniň esasy ýörelgeleridir.

Türkmenistan ÝB bilen hyzmatdaşlyk etmegiň esasynda birnäçe taslamalaryň amala aşyrylyşyna gatnaşdy. Olaryň hatarynda bilim ulgamyny goldamak, Döwlet gullugy akademiýasynyň işine hemaýat bermek boýunça işler we «SARD III» oba hojalyk taslamasy, Merkezi Aziýada serhetleriň dolandyrylyşyna hemaýat bermek boýunça maksatnama(BOMCA), Merkezi Aziýada neşe serişdelerine garşy göreşmek boýunça maksatnama(CADAP) bar.

Şeýle hem gurama bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde Türkmenistanda ERASMUS+ edarasy we Ýewropa Bileleşiginiň talyplarydyr mugallymlary alyşmak boýunça birnäçe maksatnamalary  hereket edýär. ÝB tarapyndan dürli sebitlerde, şol sanda Türkmenistanda amala aşyrmaga mümkinçilik berýän maksatnamalar işlenip taýýarlanyldy. Häzirki wagtda «Ready4Trade» we «Kanunyň ýokarylygyny berkitmek» ýaly täze sebit başlangyçlary boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar.