BMG-niň Aşgabat şäherindäki binasynda, telekeçiligiň we esasy gyzyklanýan taraplaryň milli ösüş maksatlary, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin gün tertibi we Durnukly ösüş maksatlary babatynda ileri tutulýan ugurlary kesgitlemek boýunça tagallalaryny birleşdirmek maksady bilen, döredilen BMG bilen hususy pudagyň hyzmatdaşlyk meýdançasy işe girizildi.
Bu çärä BMG-niň ýurt boýunça edaralarynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler bileleşiginiň wekilleri, ilçiler we ilçihana işgärleri, Türkmenistandaky halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem wekilleri gatnaşdy.
Hususy pudagyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin gün tertibini we Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmagynyň ähmiýeti çäräniň esasy mowzugy boldy. Çykyş edenler «Türkmenistan innowasiýalary, gorlary we hususy iş tejribesini ulanmak bilen, durnukly ösüşine barýan ýolda depginini çaltlaşdyryp biler» diýen pikiri goldadylar.
Bu tagallalar başlangyçlaryň üstüni ýetirmek bilen bir hatarda, bilim, tejribe we gor alyş-çalşygy üçin merkezleşdirilen meýdança bilen üpjün eder we durnukly ösüş meselelerinde gepleşikdir hyzmatdaşlygyň möhüm forumyna öwrüler. Yzygiderli duşuşyklar we çekişmeler gyzyklanýan taraplaryň bu işe çekilmegini we habarly bolmagyny üpjün etmek bilen, hyzmatdaşlygyň hem maglumat alyşmagyň medeniýetini ösdürer.
Geljekde bu meýdançanyň ýurduň ösüş meýilnamasyny emele getirmek we öňde goýlan maksatlary amala aşyrmak işinde görnükli netijeler gazanmakda uly orny eýelejekdigine garaşylýar. «BMG bilen hususy pudak hyzmatdaşlyk meýdançasynyň döredilmegi ýurduň hususy telekeçiliginiň giň gerimli we durnukly ösüşe bolan ygrarlylygyny görkezýär. Biz hyzmatdaşlyk arkaly kynçylyklary ýeňip geçip, hemmeler üçin ýagty geljege ýetmek ugrunda iş alyp baryp bileris» diýip, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko aýdýar.
Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»