Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep
Taýyp Ärdogana şanly 70 ýaş toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň
gowy arzuwlaryny iberdi.
“Köp ýyllaryň
dowamynda dürli ýokary döwlet wezipelerinde zähmet çekmek bilen, Siz ýurduňyzy
yzygiderli ösdürmäge, halkyňyzyň bähbitlerini goramaga, milli strategiýalary we
maksatnamalary durmuşa geçirmäge uly üns berýärsiňiz. Siziň öňdengörüjilikli
baştutanlygyňyzda Türkiýe Respublikasy häzirki wagtda sebitde hem-de onuň
daşynda mynasyp hormata, abraýa eýe boldy, ählumumy parahatçylygy, durnukly
ösüşi üpjün etmäge mynasyp goşant goşýar” diýlip, hatda bellenilýär.
Hormatly
Prezidentimiz Türkiýe Respublikasy bilen strategik we uzak möhletleýin
gatnaşyklaryň dürli ugurlar boýunça yzygiderli ösdürilmeginiň we
pugtalandyrylmagynyň Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatynyň möhüm
ugurlarynyň biridigini nygtady. Ol asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan halklarymyzyň
mizemez dost-doganlyk gatnaşyklaryna, taryhyň, diniň we diliň umumylygyna
esaslanýar.
“Döwletara
hyzmatdaşlygymyzy alyp barmakda biz hemişe “Bir millet — iki döwlet” diýen
esasy ýörelgä esaslanýarys. Bu bolsa, öz gezeginde, Türkmenistan bilen
Türkiýäniň ikitaraplaýyn derejede, şeýle-de halkara giňişlikde özara ysnyşykly
hereket etmegi üçin berk binýat bolup hyzmat edýär.
Häzirki
wagtda ýurtlarymyzyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady,
medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlar boýunça gatnaşyklaryň döwrebap derejede
kämilleşýändigini bellemek guwandyryjydyr. Syýasy hyzmatdaşlygymyzyň özara
düşünişmek hem-de ösüş häsiýetine eýedigini bellemek zerurdyr. Biz Türkiýäniň
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk daşary syýasat ugruny, öňe sürýän
başlangyçlaryny goldaýandygyna ýokary baha berýäris. Biziň ýurtlarymyz ählumumy
parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde
halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryny birleşdirmek ugrunda yzygiderli çykyş
edýärler. Bu bolsa Türkmenistan bilen Türkiýäniň halkara guramalaryň
çäklerinde, ilki bilen, Birleşen Milletler Guramasynda ygtybarly we ýakyn
hyzmatdaşlygynda aýdyň ýüze çykýar” diýip, döwlet Baştutanymyz hatynda belledi.
Hormatly
Prezidentimiz hatynda: “Soňky ýyllarda Türkmenistanyň Türki Döwletleriň
Guramasynyň işine işjeň gatnaşýandygyny bellemek isleýärin. Biz geljekde-de
umumy taryha we geografik taýdan ýakynlyga esaslanýan türki halklaryň
arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň guraly hökmünde bu guramanyň çäklerinde
hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýäris. Söwda-ykdysady ulgamda ýyl-ýyldan
täze derejeleriň gazanylýandygyny aýtmak ýakymlydyr. Türkiýe Respublikasy
Türkmenistanyň daşary söwda gatnaşyklaryny alyp barýan iň esasy ýurtlarynyň
biri bolup durýar. Köp sanly türk kompaniýalary ýurdumyzda durmuşa geçirilýän
ykdysady taslamalara gatnaşmak bilen, ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly
arkaly ösdürmäge we durmuş maksatly taslamalary amala aşyrmaga gatnaşýarlar”
diýip nygtady.
Medeniýet,
sungat, ylym we bilim Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklarda
möhüm orny eýeleýär. Bu hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi umumy medeni-taryhy
mirasymyzy gorap saklamakda, dünýä ýaýmakda, türkmen we türk halklaryny
ýakynlaşdyrmakda, özara düşünişmegi, ynanyşmagy berkitmekde uly ähmiýete
eýedir.
“Siz Türkmenistanda
ýurdumyzyň hakyky dosty, parasatly, öňdengörüji döwlet işgäri hökmünde
tanalýarsyňyz we çuňňur hormata eýesiňiz. Zähmetiňize ýokary baha hökmünde Siz
2021-nji ýylda Türkmenistanyň “Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin” ordeni
bilen sylaglandyňyz.
Türkmen
halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk we ýaşuly nesle hormat goýmak
däplerine eýerip, türkmen-türk gatnaşyklaryny ösdürmäge bahasyna ýetip bolmajak
şahsy goşandyňyzy, halklarymyzyň jebisligine, gülläp ösmegine gönükdirilen
aladaňyzy göz öňünde tutup, şeýle hem şanly 70 ýaş toýuňyz mynasybetli, jenap
Rejep Taýyp Ärdogan, Size Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” diýen adyny
dakmak barada karara geldik” diýip, döwlet Baştutanymyz hatynda belledi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, ähli
türkmen halkynyň adyndan Prezident Rejep Taýyp Ärdogany bu ýokary adyň
dakylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk, bagtyýarlyk,
maşgala abadançylygyny, Türkiýe Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa
parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.