Türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il
ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşiniň aýdyň
nyşanyna öwrülen Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman
Arkadagymyz saparyň dowamynda bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň
taslamalary, gurluşygyna başlanan binalardaky işleriň ýagdaýy, olarda ulanylýan
gurluşyk we bezeg serişdeleriniň aýratynlyklary bilen tanyşdy hem-de degişli
düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
...Ir
bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine geldi.
Häzirki
döwürde milli şähergurluşyk maksatnamasynyň we dünýä binagärlik tejribesiniň
ajaýyp nusgasyna öwrülen Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp
barylýan işleriň depginleri barha ýokarlanýar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň
başyny başlan we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy netijesinde batly
depginlerde dowam edýän giň möçberli şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň
üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Gahryman
Arkadagymyz, ilki bilen, bu ýerde görkezilen şekil taslamalary, gurluşygy
meýilleşdirilýän binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary we gurluşyk işlerinde
ulanylýan dürli bezeg serişdeleriniň, yşyklandyryş ulgamynyň görnüşleri bilen
tanyşdy. Bular barada Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň
gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hasabat berdi.
Görkezilýän
taslamalaryň hatarynda Arkadag şäheriniň çagalar seýilgähiniň baş meýilnamasy,
Arkadag şäherinde gurulýan Döwlet muzeýiniň şekil taslamasy, binanyň içki bezeg
işleri, Arkadag şäherinde guruljak Oba hojalyk uniwersitetiniň binalar
toplumynyň teklip edilýän görnüşleri bar.
Gahryman
Arkadagymyz bu ýerde görkezilýän taslamalar, gurulmagy meýilleşdirilýän
binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary, olaryň bezeg aýratynlyklarynyň
görnüşleri bilen tanşyp, bular barada birnäçe belliklerini aýtdy.
Gurluşyk
işlerinde öňdebaryjy tehnologiýalaryň we iň gowy tejribäniň işjeň ulanylmagy,
bina edilýän dürli maksatly desgalaryň döwrebap enjamlaşdyrylmagy möhüm talap
hökmünde kesgitlenildi.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda
gurulmagy meýilleşdirilýän çagalar seýilgähiniň gurluşygynyň, onuň bezeg
aýratynlyklarynyň ösüp gelýän ýaş nesilleriň dünýäsine mahsus bolmalydygyna
ünsi çekdi. Aýratyn-da, seýilgähiň yşyklandyryş ulgamynda, onuň bezeg
işlerinde, olaryň reňk sazlaşygynda çagalar üçin özüne çekiji görnüşleriň
bolmalydygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz bu babatda halk ertekilerinden ugur
alynmagynyň wajypdygyny aýtdy. Bu işlere Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň talyplary hem çekilmelidir, olaryň täzeçil garaýyşlarynyň we
teklipleriniň ulanylmagy babatda degişli işler geçirilmelidir. Gahryman
Arkadagymyz Döwlet muzeýiniň taslamasyna hem birnäçe belliklerini aýtdy we
degişli düzedişlerini girizdi.
Arkadag
şäheriniň metjidiniň gurluşygynda hem-de onuň bezeg işlerinde ulanyljak
serişdeleriň berklik, uzak möhletleýinlik babatda häzirki zamanyň ösen
talaplaryna we halkara görkezijilere laýyk gelmelidigine ünsi çekip, Gahryman
Arkadagymyz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Arkadag şäherinde ýerine
ýetirilýän gurluşyk işleriniň-de ýokary hil derejesine eýe bolmalydygyny,
işlere häzirki zamanyň ösen tejribeleriniň we täzeçil tehnologiýalarynyň
ornaşdyrylmagyna möhüm üns berilmelidigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda,
gurluşyk işlerinde täze şäheriň ýokary ekologik derejesiniň saklanylmagyna aýratyn
ähmiýet berilmelidir.
Görkezilen
taslamalar bilen tanyşlygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň
sazlaşykly we hemmetaraplaýyn ösüşinde möhüm ähmiýeti bolan desgalaryň
gurluşygynda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň
utgaşdyrylmalydygyny belledi. Bu ugurda ýaýbaňlandyrylan we meýilleşdirilen
maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy bolsa Arkadag şäheriniň
hemmetaraplaýyn ösüşiniň baş şertini emele getirýär.
Täze
şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda dürli maksatly önümçilik toplumlarynyň
meýilleşdirilendigini belläp, Gahryman Arkadagymyz lukmançylyk klasterine
degişli toplumlaryň gurluşygynda ulanylýan serişdeleriň ýerli tebigy-howa
şertlerine we ýokary ekologik kadalara hem-de bildirilýän talaplara, şol sanda
bezeg işleriniň milli ýörelgelerine doly laýyk gelmelidigini aýtdy. Munuň özi
häzirki döwrüň wajyp talaplarynyň biri hökmünde ykrar edildi.
Gahryman
Arkadagymyza täze şäheriň lukmançylyk klasteriniň nyşany görkezildi. Türkmen
halkynyň Milli Lideri bu nyşanyň milli ýörelgelere laýyk hem-de nyşanda
ýerleşdirilen şekilleriň many taýdan häzirki döwrüň ruhuna doly kybap
gelmelidigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, lukmançylyk nyşanynyň halkara
derejede ykrar edilmegi babatda degişli işleriň geçirilmelidigi bellenildi.
Soňra
türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag
şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň hem-de
Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Onuň dowamynda täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler
ara alnyp maslahatlaşyldy.
Iş
maslahatynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy
boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow täze şäheriň gurluşygynyň ikinji
tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalar üçin kesgitlenen ýer bölekleri,
gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Gahryman
Arkadagymyz hasabaty diňläp, bu ugurda kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli
ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunda lukmançylyk klasterine
degişli desgalar toplumynyň gurluşyk işleriniň hil derejesine we olaryň
bellenilen möhletlerde gurlup ulanylmaga tabşyrylmagyna möhüm ähmiýet
berilmelidir. Täze şäheri ösdürmegiň ikinji tapgyrynda önümçilik maksatly
desgalar toplumynyň gurluşyklarynyň amala aşyrylmagynyň şäheriň ykdysady taýdan
kuwwatlanmagy bilen bir hatarda, täze iş orunlarynyň döredilmegini
şertlendirjekdigine hem üns çekildi. Bu bolsa häzirki döwrüň möhüm
wezipeleriniň biri bolup durýar.
Gurluşyklarda
häzirki zamanyň ösen tejribesiniň işjeň ulanylmagy we önümçilik toplumlarynyň
dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň täze, kämil enjamlary bilen üpjün
edilmegi ugrunda toplumlaýyn işleriň amala aşyrylmalydygyny belläp, Gahryman
Arkadagymyz bu wezipeleriň hormatly Prezidentimiz tarapyndan kesgitlenendigini,
olaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalaryň
edilmelidigini aýtdy.
Soňra
Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew häzirki döwürde täze şäheriň döwrebap
ýaşaýyş jaýlaryna göçüp gelen maşgalalaryň sanawy hem-de ilaty täze jaýlara
göçürip getirmek işleriniň dowam edýändigi barada hasabat berdi.
Gahryman
Arkadagymyz täze şäheriň ýaşaýyş jaýlarynyň durmuş üpjünçiligi meseleleri bilen
gyzyklanyp, ýaşaýyş jaýlarynda agyz suwy, elektrik energiýasy we beýleki
ugurlar bilen baglanyşykly meselelerde bökdençliklere ýol berilmeli däldigini,
bu ugurda zerur tagallalaryň ýola goýulmalydygyny belledi hem-de degişli
ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi.
Soňra
bu ýere oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylary çagyryldy.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda
gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň hatarynda Oba hojalyk uniwersitetiniň
täze binalar toplumynyň, ylmy-önümçilik we ylmy-barlag institutlarynyň
gurluşyklarynyň meýilleşdirilendigini belläp, obasenagat toplumynyň
ýolbaşçylarynyň bu baradaky hasabatlaryny diňledi.
Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň rektory häzirki döwürde ýokary okuw mekdebinde
alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, bu bilim ojagynyň täze binalar toplumynyň
gurluşygyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Şeýle hem ol
döredilip berilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly
Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdi.
Gahryman
Arkadagymyz täze şäherde gurulmagy meýilleşdirilýän ýokary okuw mekdebiniň
dolandyryş düzüminiň işini talabalaýyk ýola goýmagyň wajypdygyny belledi we bu
işleri yzygiderli kämilleşdirmek babatda birnäçe görkezmeleri berdi. Munuň özi
onuň dolandyryş we hojalyk işleriniň bildirilýän talaplara laýyk gelmeginde aýratyn
ähmiýetlidir. Talyp ýaşlaryň häzirki zaman tehnologiýalaryny, ylmyny we sanly
ulgamlary özleşdirmek arkaly özlerini kämilleşdirmekleri ugrunda tagallalaryň
edilmegi zerurdyr.
Oba
hojalyk ministri ýurdumyzyň ylmy-önümçilik merkezleriniň ylmy-barlag ekerançylyk,
däneçilik institutlarynyň işini döwrüň talabyna laýyk derejede guramak ugrunda
ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler hem-de pudagyň düzümine sanly ulgamy
işjeň ornaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Alym
Arkadagymyz oba hojalyk pudagyna degişli ylmy-barlag institutlarynyň işini
talabalaýyk guramak, talyplaryň ylmy merkezler bilen yzygiderli gatnaşyklaryny
ýola goýmak meselelerine zerur üns berilmelidigini belläp, talyplaryň amaly
okuwlaryny tejribede utgaşdyrmaklary bilen baglanyşykly meseleleriň yzygiderli
gözegçilikde saklanylmalydygyny tabşyrdy. Şunda ýer kadastrynyň talabalaýyk
taýýarlanylmagyna, ýurdumyz tarapyndan älem giňişligine uçurylan emeli
hemramyzdan işjeň peýdalanylmagyna, pudagyň ähli düzümlerine sanly ulgamyň
ornaşdyrylmagyna zerur üns berilmelidir. Şeýle hem ýurdumyzyň ekerançylyk
meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy
yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydyr. Bular barada aýtmak bilen, alym
Arkadagymyz ylmy-önümçilik merkezleriniň we pudaga degişli ylmy-barlag
institutlarynyň işinde dünýäniň ösen tejribesiniň we halkara hyzmatdaşlygyň
ugurlaryna möhüm ornuň degişli bolmalydygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen
baglylykda, häzirki zamanyň ösen ylmynyň gazananlarynyň pudaga ornaşdyrylmagyna,
tohumçylyk işinde ylmy işläp taýýarlamalaryň işjeň ulanylmagyna, daýhanlar
bilen alymlaryň bilelikdäki tagallalarynyň ýola goýulmagyna ähmiýet
berilmelidigi bellenilip, degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklar berildi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew häzirki döwürde
ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ähli düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň
berkidilmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigi üçin Gahryman
Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza ähli oba hojalykçylaryň
adyndan hoşallyk bildirdi. Şeýle hem wise-premýer bu ugurda kesgitlenen
wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi babatda degişli düzümleriň sazlaşykly
işiniň ýola goýulýandygyny nygtady.
Gahryman
Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina ediljek Oba
hojalyk uniwersitetiniň gurluşygynda bolşy ýaly, onuň enjamlaşdyrylyşynda,
bezeg işlerinde hem häzirki zamanyň ösen tejribesiniň ulanylmalydygyna ünsi
çekdi. Şonuň ýaly-da, oba hojalyk pudagynda öçmejek yz goýan beýik şahsyýetleriň,
ägirt uly tejribe toplan oba hojalykçylaryň heýkelleriniň oturdylmagy bilen
baglanyşykly meseleleri öwrenmek babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeler
berildi.
Gahryman
Arkadagymyz, hormatly Prezidentimiziň kabul eden Kararyna laýyklykda, ýurdumyzda
pagtanyň we bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlanandygyny belläp, bu
çözgüdiň daýhanlaryň işe höwesiniň artmagynda möhüm ähmiýetiniň bolandygyny
nygtady. Şunuň bilen birlikde, degişli ugur boýunça bilim alýan talyplaryň
häzirki zamanyň sanly ulgamyny netijeli özleşdirmekleri üçin zerur tagallalar
edilmelidir.
Bu
baradaky gürrüňi dowam edip, Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň
ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy
D.Orazowa täze şäherde alnyp barylýan işleri oba hojalyk toplumyna degişli
hünärmenler bilen bilelikde ýola goýmagy tabşyrdy. Munuň özi ýurdumyzda azyk
üpjünçiliginiň berkidilmeginde aýratyn ähmiýetlidir.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iş maslahatyna
gatnaşanlara öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde uly üstünlikleri arzuw
etdi we Arkadag şäheriniň oba hojalyk toplumyna ugrady.
Ýeri
gelende bellesek, Arkadag şäheriniň oba hojalyk toplumynyň binasynda şu gün
hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzyň ylmy-önümçilik
merkezleriniň ylmy-barlag ekerançylyk we däneçilik institutlary öz işine
başlady.
Gahryman
Arkadagymyz toplumyň binalarynyň enjamlaşdyrylyşy, bu ýerde oba hojalyk
pudagyny ylmy esasda ösdürmek üçin döredilen şertler we mümkinçilikler bilen
tanyşdy. Milli Liderimiz toplumda döredilen mümkinçilikleriň netijeli
ulanylmagy, bu ýerde sanly ulgamyň özleşdirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň
edilmelidigini belledi we toplumyň ähli işgärlerine alyp barýan asylly
işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň Gurbanguly
Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine geldi.
Bu
ýerde lukman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç
çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýerine ýetiriji
direktory R.Bazarowyň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar
sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktory M.Öküzowanyň gatnaşmagynda iş
maslahatyny geçirdi.
Çagalaryň
saglygyny goramak, olaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek döwletimiziň hemişelik
üns merkezinde saklanýar. Munuň özi ösüp gelýän ýaş nesilleriň sagdyn bolmagy
ugrunda ähli zerur şertleriň döredilýändigini görkezýär. Bu bolsa lukman
Arkadagymyzyň başyny başlan asylly maksatlarynyň hormatly Prezidentimiziň
parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky
beýanydyr.
Bu
ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat
bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory R.Bazarow
gaznanyň soňky döwürde ýerine ýetiren işleriniň jemleri, aýratyn goldawa mätäç
çagalara berlen lukmançylyk kömekleriniň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, gazna döredilen döwründen bäri näsag çagalarda birnäçe
çylşyrymly operasiýalary geçirmäge ýardam etdi.
Lukman
Arkadagymyz ýurdumyzda adamlaryň, şol sanda ösüp gelýän ýaş nesilleriň
saglygyny goramak, olaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan
işleriň mundan beýläk-de yzygiderli dowam etdiriljekdigini belläp, bu babatda
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek
boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň tagallalaryna möhüm ornuň degişlidigini aýtdy.
Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz bu ugurda alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de
güýçlendirmegi tabşyrdy.
Soňra
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň
direktory M.Öküzowa merkezde alnyp barylýan işler, bu ýerde çagalaryň saglygyny
dikeltmek ugrunda döredilen mümkinçilikler we merkeziň ähli bölümlerinde
işleýän lukmanlaryň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, hojalyk
işlerini talabalaýyk alyp barmak ugrunda edilýän tagallalar barada hasabat
berdi.
Çagalar
sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktory döwrebap toplumy gurdurandygy we bu
ýerde işlemek üçin ähli zerur şertleriň döredilendigi üçin hormatly
Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini
beýan edip, öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda
tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy.
Ýurdumyzda
näsag çagalaryň saglyklaryny dikeltmek meselelerine aýratyn ähmiýet
berilýändigini belläp, lukman Arkadagymyz merkeziň bölümlerinde ornaşdyrylan
lukmançylyk enjamlarynyň netijeli ulanylmalydygyna ünsi çekdi hem-de bu ýerde
ýola goýulýan lukmançylyk hyzmatlarynyň häzirki zamanyň ýokary görkezijilerine
laýyk gelmelidigini belledi. Şunda lukmanlaryň hünärini kämilleşdirmek,
sagaldyş çäreleriniň derejesini we hilini artdyrmak meselelerine zerur üns
berilmelidir.
Şeýle
hem lukman Arkadagymyz bu ýerde ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde
ýaşaýan saglygyny dikeltmek üçin kömege mätäç çagalaryň Gurbanguly
Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde saglygyny
dikeltmek boýunça geçirilmeli işleriň meýilnamasyny tassyklady. Munuň özi
saglygyny dikeltmäge mätäç çagalaryň doly derejeli sagdyn bolmaklary ugrunda
döwlet derejesinde alada edilýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Gahryman
Arkadagymyz çagalaryň saglygyny dikeltmek işlerinde lukmanlaryň tejribesiniň
ähmiýetlidigini belläp, bu merkezde alnyp barylýan saglygy goraýyş çäreleriniň,
şeýle hem merkeziň guramaçylyk we hojalyk işleriniň talabalaýyk ýerine
ýetirilmegi ugrunda sazlaşykly işleriň ýola goýulmalydygyny belledi. Munuň özi
merkeziň işiniň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede alnyp barylmagynda
aýratyn ähmiýetlidir.
Şunuň
bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde ÝUNISEF-niň
Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky
Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna
kömege mätäç çagalara lukmançylyk hyzmatlarynyň berlendigi we olaryň ýagty
geljege bolan umytlaryny pugtalandyrmaga bolan goşandy üçin güwänamanyň
gowşurylmagynyň aýratyn ähmiýetini belledi.
Iş
maslahatynda, şeýle hem ýakynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Prezidiumynyň mejlisinden gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmegiň
meselelerine garaldy.
Çeşme: «Türkmenistan:
Altyn asyr»