Pariž şäherinde Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi Maksat Çarýew bilen «The Investor» halkara neşiriniň direktory Leandro Slowinskiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Bu neşir Fransiýanyň «Beyond Investments Group» kompaniýasy tarapyndan neşir edilýär. Taraplar žurnalyň Türkmenistana bagyşlanan ýörite sanynyň neşir edilmegi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistan bilen «The Investor» halkara neşiriniň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi we mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Bilelikdäki işiň mümkinçiligi uly ugurlaryny, şol sanda maýa goýumlaryny çekmek we işewür gatnaşyklary berkitmek babatda hyzmatdaşlyk etmegiň ýagdaýyny gözden geçirdiler.
Leandro Slowinski dünýä işewür toparlaryna hödürlemek üçin Türkmenistanyň ykdysady mümkinçilikleri barada çuňňur gözleglere gyzyklanma bildirdi. Ol «The Investor Turkmenistan 2024» taslamasynyň çäginde strategiki hyzmatdaşlygyň möhümdigini nygtady.
Çeşme: Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasy