9-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler
Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň
pudaklarynda 2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi,
wise-premýerleriň, käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň
häkimleriniň hasabatlary diňlenildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew söwda we dokma
senagaty toplumynyň ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş
edaralarynyň, telekeçilik ulgamynyň 2023-nji ýyldaky işleriniň netijeleri
barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi
boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende,
101,8 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini bolsa 102,9 göterime barabar
boldy. Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary tarapyndan öndürilen önümleriň
möçberi, nah matalaryň önümçiligi, 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 107,2
göterime, tikin we trikotaž önümleriň önümçiligi 104,2 göterime, gön
önümleriniň önümçiligi 100 göterime barabar boldy. “Türkmenhaly” döwlet
birleşigi boýunça haly önümlerini öndürmegiň meýilnamasy 104 göterim ýerine
ýetirildi.
Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan geçen ýylda birža söwdalarynyň
300-si geçirilip, olarda 30 müň 630 şertnama hasaba alyndy. Söwda-senagat
edarasy tarapyndan hasabat döwründe amala aşyrylan işleriň ösüş depgini 104,7
göterime barabar boldy. Sergileriň 28-si, maslahatlaryň 87-si geçirildi. Senagatçylar
we telekeçiler birleşmesi boýunça 2023-nji ýylda oba hojalyk we azyk
önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgini 111,7 göterime, senagat önümçiliginiň
ösüş depgini bolsa 106,7 göterime barabar boldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, dokma senagaty pudagynyň kuwwatyny
artdyrmak, döwrebaplaşdyrmak, täze dokma önümlerini içerki we daşarky bazarlara
ýerlemek hem-de ibermek, halyçylyk pudagyny ösdürmek we öndürilýän haly
önümleriniň görnüşlerini köpeltmek, täze nagyşlary, gölleri döretmek, gadymy türkmen
göllerini dikeltmek boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Ilatyň sarp edýän harytlaryny içerki bazarlarda elýeterli bahalardan ýerlemegi
gazanmak möhümdir.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleri
giňden ýaýmak, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna maýa goýumlary çekmek
boýunça alnyp barylýan işleri üstünlikli dowam etdirmegiň wajypdygyny belledi.
Hususy pudagyň ösdürilmegine hem aýratyn üns berilýär. Häzirki döwürde döwlete
dahylsyz pudak tarapyndan import edilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksporta
gönükdirilen önümler öndürilýär. Milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de
durnukly ösmegi hususy tarapyň işjeňleşmegi bilen bagly bolup durýar diýip,
döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda
hususy pudagyň işini giňeltmek boýunça çäreleri dowam etdirmegi tabşyrdy.