Geçen
ýylyň 1-nji ýanwaryndan şu ýylyň 1-nji ýanwar aralygynda Türkmenistanda bank
kartlary boýunça nagt däl pul dolanyşygynyň umumy möçberi 17 milliard 372,65
million manatdan geçdi.
2023-nji ýylda terminallaryň üsti
bilen amala aşyrylan nagt däl pul hasaplaşyklarynyň umumy möçberi 15 milliard
744 million 796 müň 443 manada ýetdi.
Merkezi bankyň maglumatlaryna
görä, hasabat döwründe “Elektron-söwda” ulgamlary arkaly 1 milliard 152 million
356 müň manatdan gowrak söwda edilip, “Mobil bank” ulgamy arkaly 17 million
430,4 müň manatdan gowrak nagt däl hasaplaşyklar amala aşyryldy.
Şeýle hem, bankomatlaryň üsti
bilen ýerine ýetirilen nagt däl hasaplaşyklaryň umumy möçberi 390 million 911,1
müň manatdan we “Internet bank” ulgamy arkaly 1 million 994,9 müň manatdan
geçdi.
Mundan başga-da, bankyň mälim
eden maglumatlaryna görä, “Halkbank terminal” ulgamy arkaly 65 million 165,2
müň manatdan gowrak nagt däl pul dolanyşygy amala aşyryldy.
Çeşme: «Biznes
Türkmenistan»