Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çärýekde
bir gezek türkmen, rus, iňlis dillerinde neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk»
ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Neşirde ýurdumyzyň döwlet
syýasatynyň, hukuk ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary
şöhlelendirildi.
Žurnal hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň 11-nji
dekabrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy
bilen açylýar. Döwlet Baştutanymyz çykyşynda: “Däp bolşy ýaly, biz Täze ýylyň
öň ýanynda daşary syýasat ulgamynda ýerine ýetirilen işleriň jemini jemlemek,
geljekde öňde duran wezipeleri kesgitlemek üçin duşuşýarys. Bu işlerde Garaşsyz
döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan hem-de “Türkmenistanyň
daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda” öňde goýlan
wezipelerden ugur alýarys” diýip belleýär. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan
Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmek boýunça zerur tagallalary edýär.
Energiýa howpsuzlygy, durnukly ulag ulgamy, howanyň üýtgemegi we beýleki
ugurlarda hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň tagallalary dünýä
döwletleri, abraýly halkara guramalar tarapyndan giňden goldanylýar.
Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş
Assambleýasynda biragyzdan kabul edilen «BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş
diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny», «Bütindünýä durnukly ulag güni»
atly Kararnamalar, şeýle hem biziň ýurdumyzyň dört sany dürli halkara guramanyň
düzümine saýlanylmagy muny aýdyň tassyklaýar. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz
çykyşynda türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyny dünýäde wagyz etmek
maksadyndan ugur alnyp, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim,
ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen ulgamlaýyn esasda
hyzmatdaşlyk edýändigini belledi. Ýurdumyzyň hödürlän “Ahalteke atçylyk sungaty
we atlary bezemek däpleri” atly milli hödürnamasy bu guramanyň Adamzadyň maddy
däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.
Türkmenistanyň Özbegistan we Täjigistan Respublikalary bilen bilelikde
ÝUNESKO-nyň garamagyna hödürlän «Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum
geçelgesi», Gazagystan we Özbegistan Respublikalary bilen hödürlän «Aram
guşaklykdaky Turan çölleri» atly köptaraplaýyn hödürnamalary bu guramanyň
Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşuldy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen
Aşgabat şäheri «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň
toruna girizildi.
Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly
konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý
şäherinde geçirilen 28-nji maslahatynyň işine Türkmenistanyň gatnaşmagy möhüm
waka boldy. Onda biziň ýurdumyz Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny
yglan etdi. Şeýle hem Türkmenistanyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly
ählumumy başlangyjyna yzygiderli eýermegiň we ony tutanýerli öňe sürmegiň
zerurdygy bellenildi. Biziň ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy bilen
strategik hyzmatdaşlygy dowam etdirer. Biz bu guramanyň Tertipnamasynyň
düzgünlerine we ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna berk eýereris.
Aýratyn-da, döwletara dialog üçin esas hökmünde Milletler Bileleşiginiň ornuny
dikeltmek hem-de berkitmek işlerini alyp bararys diýip, döwlet Baştutanymyz öz
çykyşynda nygtady.
BMG-niň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy
A.Seýitliýewanyň “Ilat gaznasy we Ösüş boýunça halkara maslahatyň 30 ýyllygy”
atly makalasy hem okyjylaryň ünsüni özüne çeker. Awtoryň belleýşi ýaly, ösüş
biziň ymtylýan dünýämizi aýdyň görmegimizi talap edýär. Maşgalany howpsuz,
erkin meýilleşdirmäge bolan mümkinçilik adamyň hukuklarynyň biri bolup durýar
hem-de gender deňligini üpjün etmekde, her bir adamyň hukuklaryny,
mümkinçiliklerini giňeltmekde esasy orny eýeleýär. Makalada Ilat gaznasynyň we
Ösüş boýunça halkara maslahatyň esasy maksatlaryna aýratyn üns çekilýär. Onuň
30 ýyllygy 2024-nji ýylda BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 57-nji
mejlisiniň çäklerinde bellener.
“Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesi — parahatçylygyň we döredijiligiň
kepili” atly makala Garaşsyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 28
ýyllygyna bagyşlanypdyr. Makalada ýurdumyzyň bu şanly senäni parahatçylyk we
döredijilik, hoşniýetli goňşuçylyk, dünýä bileleşigindäki dostlary,
hyzmatdaşlary bilen özara hormat goýmak, düşünişmek ýagdaýynda belläp geçendigi
nygtalýar. Giň, köpugurly halkara hyzmatdaşlyga tarap synagdan geçen ugur
ýurdumyzyň geljegine ynamly garamaga mümkinçilik berýär. “Adam hukuklaryny
goramak işi”, “Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynyň 75 ýyllygy we milli
kanunçylygyň ösüşi”, “Intellektual eýeçiligiň milli we halkara hukuk esaslary”
atly hukuk meseleleri boýunça birnäçe makalalar hem okyjylaryň ünsüni çeker.
Olarda ýurdumyzda hereket edýän, kanunylyk, ähmiýetlilik, adalatlylyk, açyklyk
ýörelgelerine esaslanýan kadalaşdyryjy hukuk namalaryna üns çekilýär.
Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde milli
kanunçylyga halkara hukugyň kadalarynyň üstünlikli ornaşdyrylýandygy
bellärliklidir. Bu bolsa, öz gezeginde, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan
ösüşiniň hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagyna, adam hukuklary boýunça halkara
borçnamalaryň yzygiderli ýerine ýetirilmegine ýardam edýär.
Žurnalda 2024-nji ýylda “Döredijilikli zähmet we adam hukuklary” atly
ylmy-amaly makalalaryň bäsleşiginiň geçirilýändigi baradaky bildiriş hem-de
onuň geçen ýyldaky jemleri ýerleşdirilipdir. Konstitusion özgertmeleriň,
döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ähmiýetini, häzirki wagtda
ýurdumyzda hereket edýän kanunlarda, olara girizilýän kadalarda raýatlaryň
azatlyklarynyň we hukuklarynyň dabaralanmasynyň öz beýanyny tapýandygyny giň
halk köpçüligine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we
demokratiýa instituty “Demokratiýa we hukuk” žurnalynyň üsti bilen her ýyl
bäsleşik yglan edýär.
Däp bolşy ýaly, neşir «Senenama» bölümi bilen tamamlanýar. Onda okyjylaryň
dykgatyna abraýly halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda ýurdumyzda we
daşary ýurtlarda geçirilen duşuşyklara, maslahatlara, mejlislere hem-de beýleki
çärelere berlen syn hödürlenýär.
Çeşme: «Türkmenistan:
Altyn asyr»