6-njy
fewralda Ženewa şäherinde ýerleşýän Wilson köşgünde Türkmenistanyň BMG-niň
Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekili W.Hajiýewiň hem-de Birleşen
Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça ýokary komissary Folker Türkiň
arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy BMG-niň ýurdumyz üçin ileri tutulýan
hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygy, şeýle hem Türkmenistanyň bu guramanyň
özenini emele getirýän gymmatlyklara we ýörelgelerine ygrarly bolup galýandygy
barada aýratyn nygtap geçdi geçdi.
Şunuň
bilen baglylykda, Türkmenistan Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň
edarasynyň ýakyn hyzmatdaşlygy saklamagy wajyp hasaplaýar.
2008-nji
ýylda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde açylan Adam hukuklary boýunça
ýokary komissarynyň edarasynyň sebitleýin wekilhanasynyň Merkezi Aziýa ýurtlary
üçin möhüm orny barada aýratyn bellenildi.
Öz
gezeginde, BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissary esas düzüji adam
hukuklary babatynda hyzmatdaşlygyň çäklerinde Merkezi Aziýa sebitiniň
wajyplygy barada nygtady. BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň
edarasynyň ähli adamlar üçin hukuklaryň goragyny üpjün etmäge, bu
hukuklarynyň amala aşyrylmagy üçin ygtyýarlyklaryny we mümkinçiliklerini
giňeltmäge, olaryň durmuşa geçirilmegi ugrunda degişli işleri alyp barýan
jogapkärlere ýardam bermäge, şeýle hem BMG-niň adam hukuklary ugrundaky
maksatnamalarynyň netijeli peýdalanylmagy üçin raýat jemgyýetçiliginiň
mümkinçiliklerini giňeltmäge we berkitmäge ymtylýandygy barada bellenildi.
Duşuşygyň
ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary
komissarynyň edarasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyny
işjeňleşdirmegi ylalaşdylar.