Türkmenistanda amala aşyrylýan maksatnamalarda ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegine uly ähmiýet berilýär, döwlet — hususyýetçilik hyzmatdaşlygy, sözüň doly manysynda, alnyp barylýar. Bu bolsa senagatçylar we telekeçiler gatlagynyň günsaýyn artmagyna getirýär. Döwlete dahylsyz bölek ýurduň jemi içerki önüminiň düzüm üýtgemelerine saldamly goşandyny goşýar. Hususy maýa innowasion ösüşe hem, ykdysadyýetiň anyk böleginde täze öňegidişlikleriň gazanylmagyna hem, ýokary bäsleşikli hyzmatlaryň ösüşine hem ýardam etmäge gönükdirilendir.
Kiçi we orta telekeçiligi ösdürmegiň strategik wezipelerini amala aşyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi döredildi. Häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary kiçi we orta telekeçiligi goldamak, ykdysadyýetiň hususy bölegini kadaly ösdürmek babatda özara arabaglanyşykly işleri ýola goýýarlar. Kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek boýunça işler maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýar. «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi, ýörite maksatnama işlenip düzüldi we amala aşyryldy.
Türkmenistanda işewürligiň ýerli häsiýetde we aýry-aýry sebitlere dahylly bolmagynda galýandygyny nazara alyp, ýerli häkimlikleriň öz-özüňi dolandyryş edaralary hojalygy ýöretmek işiniň esasy ugurlaryny kesgitleýär.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň hususy eýeçiliginde köp sanly hojalyk birlikleri (ýuridik şahslar): lomaý we bölek satuw söwdasynda, awtoulaglary abatlamakda, oba we tokaý hojalyklarynda, balyk tutmakda, gurluşykda, işläp bejerýän önümçiliklerde, hünärmentlikde, ylmy we tehniki işlerde hem-de ençeme beýleki ugurlarda has giň gerimde döredilýär.
Bar bolan sarp ediş harytlarynyň importyny ýerli önümler bilen çalyşmak, azyk bazarlarynyň haryt bolçulygyny üpjün etmek, ýerli gurluşyk materiallary senagatyny ösdürmek ýaly işler kiçi we orta telekeçilikde esasy maksatlar hökmünde göz öňünde tutuldy.
Türkmenistanyň şertlerinde hususy bölekde kärhanalary döretmek ilatyň, ilkinji nobatda-da, ýaşlaryň we zenan maşgalalaryň iş üpjünçiligine düýpli täsirini ýetirdi. Döredilýän iş orunlarynda tehniki taýdan ösen döwletleriň enjamlary we tikin maşynlary oturdyldy. Döwrebap iş orunlarynyň döredilmegi ilatyň iş üpjünçiliginiň wajyp ugruna öwrülýär.
Ýurdumyzda hususy eýeçiligi, ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegini ösdürmegiň ýene bir wajyp ugry innowasiýa önümlerini öndürýän önümçilikleri döretmek bilen baglanyşyklydyr.
Agrosenagat toplumynda et we et önümleri, süýt we süýt önümleri, gök önümler, azyklyk bakja, miwe we ir-iýmişler ter hem-de gaýtadan işlenip, konserwirlenen görnüşde-de taýýarlanýar. Gurluşyk materiallaryny, ilatyň gündelik sarp edýän harytlarynyň käbir görnüşlerini öndürmek we ýerlemek babatda hem giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu önümleriň sanawy gitdigiçe artýar.
Bazar ykdysadyýetiniň şertlerinde diňe önümleri öndürmek bilen çäklenilmän, eýsem, olary amatly ýerlemek wajyp ähmiýete eýe bolýar. Bu bolsa, öz gezeginde, içerki we daşarky bazarlarda ýurdumyzda öndürilýän önümlere islegi öwrenmegi talap edýär. Dünýä tejribesinde bu ugra döwrebap maglumat tehnologiýalary, hakykat ýüzünde — sanly ykdysadyýet ornaşdyrylýar. Şu jähetden, sanly ulgama çalt depginler bilen geçmek wezipesi döwlet syýasatynyň strategik ugurlarynyň biri bolup çykyş edýär.