2-nji fewralda Türkmenistanyň Şri Lanka Demokratik
Sosialistik Respublikasyndaky Ilçisi Ş.Geldynazarow Şri Lankanyň daşary işler
boýunça döwlet ministri Taraka Balasuriýa bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn syýasy,
söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň
meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, parlamentara
aragatnaşyklary, nebit-gaz we himiýa senagaty, ulag-logistika, dokma senagaty,
syýahatçylyk we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleriniň bardygy
nygtaldy.
Döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň medeni-ynsanperwer
ugruna aýratyn üns çekildi. Bu babatynda Ilçi, şu ýylda Gündogaryň akyldary we
şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde
bellenilýändigini hem-de şu mynasybetli 2024-nji ýyl Türkmenistanda «Pähim-paýhas
ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan edilendigini belledi.