Türkmenistanyň Magtymguly
adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» atly
elektron žurnalynyň 2024-nji ýyldaky ilkinji sany okyjylara ýetirildi.
Neşiriň täze sany üstümizdäki
ýylyň ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip
atlandyrylmagyna bagyşlanan makala bilen açylýar. Neşir täze sanynyň ilkinji
sahypalarynda hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar ― Watanyň daýanjy» atly kitabyna
seslenmeleri paýlaşýar.
«Durky peleň, şir mysaly//Mizemez
şöhratly ýoly» atly makalada «Ak dost» atly alabaýyň ýakynda gazanan üstünligi
wasp edilýär. «Magtymguly diýip adym tutsalar...» atly makala bolsa akyldar
şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanypdyr.
«Körpe nesilleriň alkyşy» atly
makala Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň jemlerine bagyşlanan bolsa, ýanwar
aýynyň esasy şanly seneleriniň biri bolan Watan goragçylarynyň güni mynasybetli
hem makala okyjylara ýetirilýär. Neşiriň täze sanynda rus dilindäki ilkinji
makala guşlary goramak mowzugyna bagyşlanýar. Şondan soňra bolsa 7-lik san
bilen bagly täsinlikler bilen tanşyp bilersiňiz. Gyzykly makalalaryň ýene
birinde türkmen keçesi barada gürrüň berilýär.
Neşir
ilkinji sanlaryndan bäri gelýän däbi ýöredip, ýaşlaryň arasynda yglan edilen
ylmy işleriň bäsleşiginiň ýeňijileriniň alyp baran ylmy gözlegleri baradaky
makalalary ýetirmegi dowam etdirýär. «Elektron sport we onuň aýratynlyklary»
atly makala gyzykly maglumatlara baý. Iňlis dilindäki makalalaryň ýene birinde
halkara işewürlik gatnaşyklary barada söz açylýar.
Žurnal
balyk ýylynyň aýratynlyklary baradaky makalany rus dilinde paýlaşýar. Iňlis
dilindäki makaladan bolsa gyş baradaky gyzykly maglumatlary tapyp
bilersiňiz.
«Arkadagly
Ýaşlar» žurnalynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji
sanynda «Türkmenistan Sport» halkara žurnaly bilen bilelikde yglan edýän
döredijilik bäsleşiginiň Düzgünnamasyny hem paýlaşýar. Neşiriň bir ýyllyk
taryhynda ilkinji gezek däbe öwrülen «Ýaş waspçy» bäsleşiginde üç ýeňijini
görüp bilersiňiz.
Çeşme:Türkmenistan Altyn asyr