Hökümetiň
geçen hepdäniň anna güni geçirilen mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow döwlet Baştutanyna Türkmenistan
bilen Ýewropanyň Maýa goýum bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça
durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda,
Ýewropa Bileleşigi bilen köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýurdumyzyň
daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi.
Şunda Ýewropanyň maliýe institutlary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge uly
üns berilýär.
Türkmenistan
1992-nji ýylyň 1-nji iýunyndan bäri Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň
agzasy bolup durýar. Bu bank bilen ýurdumyzyň dokma senagaty, oba hojalygy,
ulag, logistika pudaklarynda, hususy ulgamynda maýa goýumlary amala aşyrmak we
karz serişdelerini gönükdirmek boýunça ysnyşykly hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. 30
ýyldan gowrak wagtyň dowamynda Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň maliýe
serişdeleriniň hasabyna ýurdumyzda 87 sany taslama amala aşyryldy. Häzirki
wagtda 22 sany taslamany durmuşa geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Mälim bolşy
ýaly, 2023-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Lýuksemburgda «Ýewropa Bileleşigi —
Merkezi Aziýa» formatynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň
derejesinde nobatdaky maslahat geçirildi. Onuň çägindäki duşuşyklarda Ýewropa
Bileleşiginiň ýokary wezipeli wekilleri Ýewropanyň Maýa goýum banky bilen
Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ýola goýmak mümkinçiligine garamagy
teklip etdiler. Şeýle hem bu mesele Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidentiniň
şu ýylyň ýanwarynda ýurdumyza bolan sapary mahalynda ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ýewropanyň
Maýa goýum banky 1958-nji ýylda esaslandyryldy. Häzirki wagtda Ýewropa
Bileleşigine girýän 27 döwlet bu bankyň paýdarlary bolup durýar. Bank dünýäniň
160 döwleti, bank edaralary, BMG we beýleki halkara guramalar, jemgyýetçilik
düzümleri, hususy ulgam bilen hyzmatdaşlyk edýär. Onuň maýa goýumlary we karz
serişdeleri, esasan, daşky gurşaw, howanyň üýtgemegi, innowasiýalar, sanly
ulgam, adam maýasynyň ösdürilmegi, kiçi we orta telekeçiligi, durnukly şäherler
we sebitler, energiýa, durnukly ulag ýaly ugurlara gönükdirilendir.
Şunuň bilen
baglylykda, Türkmenistan bilen Ýewropanyň Maýa goýum bankynyň arasynda netijeli
hyzmatdaşlygy ýola goýmak, hususan-da, Çarçuwaly ylalaşygyň taslamasyna degişli
gepleşikleri geçirmek ýaly meseleler boýunça teklipler beýan edildi. Munuň özi
Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklaryň gerimini giňeltmäge, söwda-ykdysady
hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ýardam berer, Ýewropa Bileleşiginiň we Ýewropa
döwletleriniň maýa goýumlaryny ýurdumyzda amala aşyrylýan möhüm ykdysady taslamalara
çekmegiň goşmaça guraly bolup hyzmat eder.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz, Bitarap
döwletimiziň halkara banklar we maliýe guramalary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk
edýändigini, amatly şertlerde karzlary, maýa goýumlary çekmek boýunça netijeli
işleri durmuşa geçirýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz şular barada aýtmak
bilen, wise-premýer, daşary işler ministrine Türkmenistan bilen Ýewropanyň Maýa
goýum bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça işleri dowam
etdirmegi, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän taslamalara bu halkara bankyň maýa
goýumlaryny çekmek boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.