Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky
ilçihanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar –
Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyşyna we 2024-nji ýylyň
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip yglan edilmegine bagyşlanan
dabaraly çäre geçirildi. Tanyşdyryş dabarasynda türkmen diplomatlary Türkmenistanyň
döwlet Baştutanynyň ilkinji kitabynyň mazmunynyň türkmen ýaşlary üçin Watany
söýmek, onuň daýanjy bolmak babatda gollanma hökmünde uly ähmiýete eýedigini
aýratyn nygtadylar.
Şeýle-de, bu çärä türkmen
diasporasynyň hem-de Moskwada okaýan Türkmenistanly talyplaryň wekilleri
gatnaşdylar.
Mundan başga-da, türkmen
nusgawy şygryýetiniň ajaýyp wekili, akyldar, Gündogaryň beýik filosofy
Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýylyň Türkmenistanda
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylmagy barada durup
geçen gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň çuňňur watansöýüjilige,
ynsanperwerlige we pelsepewi dünýägaraýyşlara baýdygyny belläp, olaryň türkmen
ýaşlaryny mynasyp terbiýelemekde gymmatly mekdepdigine ünsi çekdiler.
Türkmenistanyň Russiýa
Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly wekili Esen Aýdogdyýew
Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasuybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän
döwlet we halkara derejesindäki çäreler barada gürrüň berdi.
Dabaraly çärede türkmen
halkynyň taryhy, medeniýeti, milli däp-dessurlary we häzirki Türkmenistanyň
gazananlarynu görkezýän sergi guraldy hem-de Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň
çeper okaýyşlary ýerine ýetirildi.