19-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini
geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem beýleki meselelere
garaldy.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip,
milli parlamentiň ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alyp
barýan işleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda iş
toparlary tarapyndan ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň
gatnaşmaklarynda täze kanunlaryň birnäçesiniň taslamalary taýýarlanylýar,
döwrüň talaplaryna laýyklykda, hereket edýän hukuk namalaryna degişli
üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýär. Şunuň bilen birlikde, daşary ýurtlaryň
parlamentleri we abraýly halkara düzümler bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak
babatda anyk çäreler görülýär. Mejlisiň deputatlary Halkara Migrasiýa
Guramasynyň ýurdumyzda ýerleşýän wekilhanasy bilen bilelikde guralan adam
hukuklaryny üpjün etmek meseleleri boýunça iş maslahatyna gatnaşdylar.
Deputatlar milli kanunçylygyň many-mazmunyny halk
köpçüligine düşündirmek, 2024-nji ýylyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini we
Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmek, wagyz etmek maksady bilen
geçirilýän çärelere gatnaşýarlar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwrüň
talap edýän täze kanunlaryny taýýarlamagyň zerurdygyny belledi. Döwletimiziň
alyp barýan netijeli içeri we daşary syýasaty bu kanunlarda öz beýanyny
tapmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu ugurda degişli işleri
geçirmegi dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
H.Geldimyradow Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan degişli
ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat we
Arkadag şäherleriniň häkimlikleri bilen bilelikde “Ýurdumyzy 2024-nji ýylda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” taslamasyny taýýarlamak
boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Bu resminama “Türkmenistanyň
Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Maksatnamasyndan” hem-de 2024-nji ýylyň Döwlet býujetinden ugur
alnyp taýýarlanyldy.
Maksatnamanyň taslamasyna laýyklykda, ýylyň dowamynda
ýurdumyzyň makroykdysady taýdan durnukly ösmegini üpjün etmäge hem-de
Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, jemi içerki önümiň ösüş depginini
durnukly saklamaga, pudaklaryň we sebitleriň okgunly ösüşine gönükdirilen
çäreler göz öňünde tutulýar. Şeýle-de senagat kärhanalarynyň önümçilik
kuwwatlyklarynyň doly işledilmegini gazanmak, sebitlerde täze iş orunlaryny
döretmek meýilleşdirilýär. Milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny
ýokarlandyrmagyň hasabyna eksportyň ugurlaryny artdyrmak we importyň ornuny
tutýan önümçilikleri ösdürmek, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli oba hojalyk
we beýleki azyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak gaýragoýulmasyz wezipeleriň
hatarynda durýar. Şunuň bilen birlikde, oba hojalyk önümlerini öndürijilere
döwlet tarapyndan goldaw bermek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, ilatymyza
ulag, ýaşaýyş jaý-jemagat, durmuş we beýleki hyzmatlaryň ýokary hilli ýerine
ýetirilmegini üpjün etmek, kiçi we orta telekeçiligi depginli ösdürmek, amatly
işewürlik gurşawyny döretmek, döwlet-hususy hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek
boýunça işler dowam etdiriler.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, 2024-nji ýylda
ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň taslamasynda göz
öňünde tutulan wezipeleriň döwletimiziň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşini
üpjün etmäge, pudaklaryň we sebitleriň kuwwatyny berkitmäge, ilatymyzyň iş
üpjünçiligini, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga ýardam bermäge
gönükdirilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere Maksatnamanyň
taslamasynda şu ýylda ýetilmeli makroykdysady görkezijilere, ykdysadyýetiň ähli
pudaklary boýunça önümçilik meýilnamalaryna, ýerine ýetirilmeli işlere,
welaýatlar we şäherler boýunça durmuş-ykdysady ösüş görkezijilerine ýene-de bir
gezek seretmek tabşyryldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow
“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan agyz suwy ýataklaryny gözlemek
we ýüze çykarmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi
ýaly, döwrebap tehnikalaryň kömegi bilen ýerasty suwlary gözlemek işlerini
üstünlikli ýerine ýetirmek babatda döwletimiz tarapyndan ähli mümkinçilikler
döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet korporasiýasynyň hünärmenleri
ýurdumyzyň sebitleriniň çäklerinde gidrogeologik barlag işlerini geçirýärler.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, agyz suwy
ýataklaryny gözlemegiň we ýüze çykarmagyň möhüm wezipedigini belledi. Şunuň
bilen baglylykda, bu ugurda işleri ylmy esasda alyp barmagyň ähmiýetine üns
çekildi. «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy bu meselede netijeli işleri
geçirmeli diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we zerur bolan halatynda,
korporasiýanyň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini yzygiderli gowulandyryp durmagy
tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
T.Atahallyýew ýurdumyzyň sebitlerinde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk
işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, welaýatlaryň gowaça ekiljek meýdanlarynda
ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak üçin sürüm, tekizlemek, geriş we çil çekmek
işleri geçirilýär. Şeýle hem bol hasyly ösdürip ýetişdirmek maksady bilen,
bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp
barylýar. Maldarçylygy ösdürmek, mallaryň baş sanyny artdyrmak, olary dok we
ýyly gyşlatmak boýunça degişli işler geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, oba
hojalyk ekinlerini suw bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek maksady bilen, suw
howdanlarynda suw toplamak, suwdan rejeli peýdalanmak, ýerleriň melioratiw
ýagdaýyny gowulandyrmak ugrunda degişli çäreler görülýär. Ýurdumyzyň
sebitlerinde suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak işleri alnyp barylýar.
Şeýle hem Diýarymyzda arassa daşky gurşawy, ekologik
abadançylygy üpjün etmek, tokaý zolaklaryny giňeltmek hem-de ýurdumyzy
bagy-bossanlyga öwürmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gowaça ekiljek
meýdanlarda ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg
etmek işlerine möhüm ähmiýet bermegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz
oba hojalyk ekinlerini suw bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek üçin ýurdumyzyň
suw howdanlarynda suw toplamak işlerine-de aýratyn üns bermegiň wajypdygyny
nygtady.
Hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda gyş möwsüminiň
dowam edýändigini aýdyp, wise-premýere maldarçylyk hojalyklarynda mallary dok
we ýyly gyşlatmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Annamämmedow “Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasynyň”
taslamasy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň
tagallalary we ýadawsyz aladasy netijesinde ýurdumyzda gurluşyk ulgamyny
ösdürmek üçin ähli şertler döredildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwründe şähergurluşyk syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär,
dünýäniň ösen tehnologiýalaryny ulanmak arkaly dürli maksatly binalaryň hem-de
desgalaryň gurluşygyna uly möçberde maýa goýumlar gönükdirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça degişli
ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat we
Arkadag şäherleriniň häkimlikleri bilen bilelikde “Türkmenistanyň 2024-nji ýyl
üçin maýa goýum Maksatnamasynyň” taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Onuň
çäklerinde möhüm we giň gerimli taslamalaryň ençemesini, şol sanda halkara,
sebit ähmiýetine eýe bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz
geçirijisiniň, Balkan welaýatynda täze Halkara howa menziliniň, kuwwaty 1574
megawat bolan, utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň, Aşgabat —
Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden
geçýän köpriniň gurluşygynyň taslamalaryny durmuşa geçirmek göz öňünde
tutulýar. Şeýle hem Merkezi Aziýa sebitinde iri taslamalaryň biri bolan Arkadag
şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşyklary dowam etdiriler.
Ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini
gowulandyrmak maksady bilen, maýa goýumlar durmuş maksatly desgalaryň, şol
sanda ýaşaýyş jaýlarynyň, saglygy goraýyş desgalarynyň, bilim ulgamyna degişli
orta mekdepleriň we çagalar baglarynyň, awtomobil ýollarynyň, suw, gaz,
elektrik geçirijileriniň, aragatnaşyk ulgamlarynyň, suw arassalaýjy desgalaryň
gurluşygyna gönükdiriler. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna “Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasynyň”
taslamasyny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty
diňläp, 2024-nji ýyl üçin ýurdumyzyň maýa goýum Maksatnamasynyň taslamasynyň
senagat pudaklarynyň ösdürilmegine, täze kärhanalaryň ýola goýulmagyna, azyk
üpjünçiliginiň has-da gowulandyrylmagyna, ilatymyzyň durmuş taýdan
goraglylygynyň berk berjaý edilmegine gönükdirilen toplumlaýyn çäreleri özünde
jemleýändigini belledi. Maýa goýum maksatnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň
üstünlikli durmuşa geçirilmegini gazanmak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz
aýtdy we wise-premýere onuň taslamasyna ýene-de bir gezek seretmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Atdaýew söwda toplumynyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş
edaralarynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat
berdi. Bellenilişi ýaly, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 —
2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda,
ýurdumyzyň bazarlarynda halkyň sarp edýän harytlarynyň bolçulygyny we olaryň
bahalarynyň durnukly derejesini mundan beýläk-de üpjün etmek boýunça çäreler
göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, sanly ykdysadyýeti we elektron söwdany
ösdürmek öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde ileri tutulýan ugurlar
hökmünde kesgitlenildi.
Dokma senagatynyň önümçilik kuwwatlyklaryny netijeli
ulanmaga, öndürilýän önümleriň görnüşlerini we möçberini artdyrmaga, halyçylyk
sungatyny ösdürmäge aýratyn üns berler. Taýýarlanylan iş meýilnamasyna
laýyklykda, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň öňünde elektron söwdalary
geçirmegiň döwrebap usullaryny ornaşdyrmak, ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň
öňünde bolsa häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak arkaly sergileri we
maslahatlary guramak işini kämilleşdirmek wezipeleri goýuldy. Şunuň bilen bir
hatarda, hususy ulgamy mundan beýläk-de ösdürmek, onuň milli ykdysadyýetdäki
ornuny ýokarlandyrmak, daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek,
haryt dolanyşygynyň we eksportyň möçberini artdyrmak, Döwlet býujetini
üstünlikli ýerine ýetirmek bilen bagly çäreler durmuşa geçiriler.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, söwda
toplumynyň milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde wajyp orny eýeleýändigini belledi
we wise-premýere söwda toplumyna degişli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn
dolandyryş edaralarynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasynda göz öňünde tutulan
çäreleriň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
M.Mämmedowa medeniýet ulgamyna degişli ministrligiň we pudaklaýyn dolandyryş
edaralarynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamalary barada hasabat berdi. Şol
meýilnamalara laýyklykda, Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, şeýle hem 2024-nji ýylyň
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly, Änew şäheriniň 2024-nji ýylda
“Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli dürli
çäreleri geçirmek, döredijilik bäsleşiklerini yglan etmek göz öňünde tutulýar.
Halkara medeni hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de
ösdürmek, taryhy-medeni ýadygärliklerde rejeleýiş, dikeldiş işlerini alyp
barmak we ylmy taýdan öwrenmek boýunça degişli işleri geçirmegi dowam etdirmek
hem meýilleşdirilýär. Daşary ýurtlarda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini,
Türkmenistanda bolsa daşary ýurtlaryň Medeniýet günlerini guramak boýunça
diplomatik ýollar arkaly degişli gepleşikleri geçirmek göz öňünde tutulýar.
Edara-kärhanalaryň maddy-tehniki binýadyny berkitmek,
işgärleriň hünär başarnyklaryny kämilleşdirmek, kompýuter sowatlylygyny
ösdürmek, dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze tehnologiýalary önümçilige
ornaşdyrmak boýunça degişli işleri geçirmek meýilleşdirilýär. Döwlet
maksatnamalaryndan we sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan gelip
çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek, şeýle hem köptaraplaýyn we milli
hödürnamalary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça
degişli işler dowam etdiriler.
Bellenilişi ýaly, şu ýylyň noýabrynda «Gorkut ata»
atly halkara kinofestiwaly guramak meýilleşdirilýär. Şeýle hem daşary ýurtlaryň
teleýaýlymlarynda görkezmek üçin ýurdumyzda geçiriljek, amala aşyrylýan
syýasaty we Türkmenistanda gazanylýan üstünlikleri beýan edýän möhüm wakalara
bagyşlanan dürli telegepleşikler taýýarlanylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty
diňläp, halkymyzyň baý ruhy gymmatlyklaryny, medeni mirasymyzy gorap
saklamakda, öwrenmekde we dünýä ýaýmakda medeniýet ulgamyna uly ornuň
degişlidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere «Pähim-paýhas
ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan
gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çärelere, Arkadag şäherinde guraljak
Medeniýet hepdeligine gowy taýýarlyk görmek tabşyryldy. Şeýle hem döwlet
Baştutanymyz iş meýilnamalarynda göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine
ýetirilişine berk gözegçilik etmek barada görkezme berdi.
Soňra wise-premýer Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan
Hajyýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän
çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şekillendiriş sungatynyň meşhur
ussadynyň ýubileýi mynasybetli onuň döredijiligine bagyşlanan sergini hem-de
türkmen suratkeşleriniň, bu ugurda bilim alýan talyplaryň, muzeý işgärleriniň
we daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda “Pyragydan ruhlanan ussat” atly
forumy guramak göz öňünde tutulýar.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň
halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň ýubileýi mynasybetli bellenen çäreleri
guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
N.Amannepesow ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň we jemgyýetçilik
guramalarynyň 2024-nji ýyl üçin taýýarlanan iş meýilnamalary barada hasabat
berdi.
Bellenilişi ýaly, bu meýilnamalar döwlet Baştutanymyzyň
tabşyryklaryna we döwrüň talaplaryna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy.
Meýilnamalara laýyklykda, ylymly-bilimli nesli terbiýelemäge, okuw
meýilnamalaryny, maksatnamalaryny kämilleşdirmäge, okuw kitaplaryny mazmun
taýdan baýlaşdyrmaga, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge
gönükdirilen özgertmeler dowam etdiriler. Dürli ugurlar boýunça talyplaryň
hem-de mekdep okuwçylarynyň arasynda bäsleşikleri, olimpiadalary geçirmek,
hususan-da, Arkadag şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda halkara matematika
olimpiadasyny guramak göz öňünde tutulýar.
“Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda,
bejeriş-öňüni alyş edaralarynda lukmançylygyň ugurlary boýunça keselleriň öňüni
almagyň we bejermegiň öňdebaryjy usullaryny amaly lukmançylyga, elektron resminama
dolanyşygy ulgamyny we sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak işi dowam etdiriler.
“Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwründe” atly halkara sergä we ylmy maslahata taýýarlyk görmek işine uly üns
berler. Bedenterbiýäni, sporty, Olimpiýa hereketini ösdürmäge, ussat türgenleri
taýýarlamaga, ýaşlarymyzyň sagdyn, berk bedenli bolmagyny, sport bilen
meşgullanmaklaryny gazanmaga mundan beýläk-de aýratyn ähmiýet berler. Şu ýylda
Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa we
XVII tomusky Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň ýygyndy toparlaryny
taýýarlamak boýunça işler dowam etdiriler.
Ýurdumyzda düýpli we amaly ylymlary, innowasion
senagaty ösdürmek, zehinli ýaşlary ýokary tehnologiýalar hem-de ylym
ulgamlaryna çekmek boýunça çäreler durmuşa geçiriler. Bularyň ählisi dünýä
ölçeglerine laýyk gelýän, bäsdeşlige ukyply, netijeli önümçilik we ylmy işleri
alyp barýan hünärmenleriň hem-de alymlaryň neslini kemala getirmäge
gönükdirilendir.
Iş meýilnamasyna laýyklykda, şu ýylda beýik türkmen
şahyry we Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy
mynasybetli “Magtymguly Pyragy we umumadamzat medeni gymmatlyklary” atly
halkara ylmy maslahaty, 3-nji Türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyny geçirmek
meýilleşdirilýär.
Wise-premýeriň belleýşi ýaly, geljekki işleriň
meýilnamalary işlenip düzülende, eziz Diýarymyzyň ýeten belent sepgitlerini,
halkara abraýyny, bedew batly ösüşlerini hem-de pederlerimizden miras galan
milliligimizi, däp-dessurlarymyzy, edep-terbiýäni, maşgala mukaddesligini wagyz
etmek, şeýle hem birnäçe medeni-durmuş maksatly çäreleri, maslahatlary geçirmek
wezipeleri göz öňünde tutuldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, berkarar
Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmekde ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport
ulgamlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ornunyň örän uludygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz agzalyp geçilen ulgamlaryň we
jemgyýetçilik guramalarynyň şu ýyl üçin iş meýilnamalarynda göz öňünde tutulan
çäreleriň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmegiň zerurdygyny nygtady.
Wise-premýere şu ýylyň mart aýynda Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçiriljek
mekdep okuwçylarynyň arasyndaky matematika dersi boýunça halkara olimpiada gowy
taýýarlyk görmek hem-de ony ýokary derejede geçirmek tabşyryldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary
işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk
Guramasy bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek meseleleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, halkara guramalar, hususan-da, ÝHHG
bilen gatnaşyklary ösdürmek döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň
biridir. Häzirki wagtda ýurdumyzyň bu gurama bilen hyzmatdaşlygy syýasy,
ykdysady, daşky gurşaw we ynsanperwer ugurlar boýunça netijeli alnyp barylýar.
Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny hem-de garaýyşlaryny öňe sürmek, dürli
ugurlarda hyzmatdaşlygy has-da berkitmek üçin ÝHHG bilen bilelikdäki
maslahatlary, geňeşmeleri, beýleki çäreleri guramak babatda degişli işler
geçirilýär.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna ÝHHG bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça birnäçe
teklipler hödürlenildi. Hususan-da, parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmekde we
durnukly ösüşi üpjün etmekde bitaraplygyň ähmiýetini açyp görkezmek maksady
bilen, «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde howpsuzlygy
pugtalandyrmakda we ynamy berkitmekde bitarap ýurtlaryň orny» atly halkara
maslahaty şu ýylyň birinji ýarymynda Aşgabatda geçirmek teklip edildi. Bu çärä
gurama agza ýurtlaryň hemişelik wekillerini çagyrmak göz öňünde tutulýar.
Maslahata gatnaşyjylara ýurdumyz tarapyndan öňe sürülýän Ählumumy howpsuzlyk
strategiýasynyň esasy ugurlaryna, şeýle hem ýüze çykýan dürli halkara
ýagdaýlary syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözmekde bitaraplygyň wajyp
gurallaryny ulanmak, syýasy dialogyň medeniýetini dikeltmek ýaly meselelere
çekmäge mümkinçilik dörediler.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň ÝHHG bilen
hyzmatdaşlygyny ösdürmek we giňeltmek maksady bilen, şu ýylyň mart aýynda bu
guramanyň Baş sekretarynyň Türkmenistana saparyny guramak baradaky teklip beýan
edildi. Şeýle hem Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlamentara
Assambleýasynyň çäklerinde terrorçylyga garşy alnyp barylýan işlere işjeň
gatnaşmak, bu düzümiň çäklerinde hereket edýän Terrorçylyga garşy hereket etmek
boýunça komitetiň çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, şu ýylyň
aprelinde assambleýanyň wise-prezidenti we komitetiň başlygynyň Türkmenistana
saparyny guramak teklibi öňe sürüldi.
Wise-premýer, daşary işler ministri Türkmenistanyň
Bitaraplyk syýasatyny parlamentarileriň üsti bilen goldamak babatda
hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin şu ýylyň maý aýynda Ýewropada Howpsuzlyk we
Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň sebitleýin duşuşygyny
Aşgabatda geçirmek baradaky teklibi beýan etdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty
diňläp, beýan edilen teklipleri makullady hem-de ýurdumyzyň abraýly halkara
guramalar, şol sanda ÝHHG bilen gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmegiň
döwletimiziň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup
durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ÝHHG bilen hyzmatdaşlygy ähli ugurlar
boýunça mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýer,
daşary işler ministrine meýilleşdirilen çäreleriň ählisiniň ýokary derejede
guralmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag
we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýurdumyzyň
kiberhowpsuzlygyny berkitmek, maglumat tehnologiýalary we kiberhowpsuzlyk
ugurlary boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, bu ugurda milli
önümçiligi ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň
bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy
hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň
kiberhowpsuzlygyny berkitmegiň, bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri
taýýarlamagyň döwrüň talabydygyny belledi hem-de «Türkmenistanda
kiberhowpsuzlygy üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek üçin ýerine ýetirilmeli
çäreler hakynda» Karara gol çekdi hem-de ony sanly ulgam arkaly agentligiň
ýolbaşçysyna iberdi we birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra agentligiň ýolbaşçysy ýurdumyzyň milli elektron
kommunikasiýa ulgamlary barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Diýarymyzda
sanly ykdysadyýeti ösdürmäge, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga, sanly
hyzmatlary yzygiderli artdyrmaga gönükdirilen çäreler durmuşa geçirilýär.
Sanly
hyzmatlaryň täze görnüşleriniň hatarynda “Türkmenawtoulaglary” agentligi
tarapyndan hususy kärhanalar bilen bilelikde işe girizilen “Duralga” atly mobil
goşundyny görkezmek bolar. Mundan başga-da, milli elektron kommunikasiýalar
ulgamlarynyň sanyny artdyrmak maksady bilen, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň
önümçilik binýadynda täze “Belet Video” hyzmaty işe girizildi we onda
ylmy-okuw, aýdym-saz, okuw materiallary, habarlar, dokumental filmler ýaly
dürli wideolaryň yzygiderli üstüniň ýetirilmegi ýola goýuldy. Ýurdumyzda milli
“Elektron hökümet” ulgamyny emele getirmekde hem täze çemeleşmelerden ugur
alynýandygy barada aýdyldy. Onda dünýä tejribesinde üstünlikli ulanylýan X-Road
arhitekturasyny ornaşdyrmak meýilleşdirilýär we häzirki wagtda BMG-niň Ösüş
maksatnamasy bilen bilelikde üpjün edijini saýlamak işleri geçirilýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli elektron kommunikasiýa ulgamlarynyň
döwrebaplaşdyrylmagy bilen, ýurdumyzda internet akymlarynyň möçberiniň
yzygiderli artýandygyny belledi we raýatlaryň sanly hyzmatlara bolan
isleglerini kanagatlandyrmak boýunça işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegi
tabşyrdy.
Mejlisde
döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar
boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler
Kabinetiniň nobatdaky mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk,
maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.