5-nji
ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine iki günlük iş
sapary tamamlandy.
Mälim
bolşy ýaly, düýn dostlukly döwletiň paýtagtynda Gahryman Arkadagymyzyň BAE-niň
Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň
barşynda taraplaryň birnäçe geljegi uly ugurlarda däp bolan hyzmatdaşlygy
mundan beýläk-de ösdürmek boýunça anyk teklipleri beýan edildi.
Türkmenistanyň
we BAE-niň deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara bähbitlilik
ýörelgeleri esasynda nusgalyk döwletara gatnaşyklary ösdürmek boýunça
bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmaga çalyşmagy netijesinde gazanylan aýry-aýry
ylalaşyklar şu saparyň çäklerinde gol çekilen resminamalaryň esasyny düzdi.
Düýn
irden türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow Abu-Dabiniň Halkara howa menziline ugrady. Bu ýerde
Gahryman Arkadagymyz BAE-niň Prezidentiniň Türkmenistan bilen işler boýunça
wekili Mohamed Said Mohamed Al-Ariki bilen bolan söhbetdeşlikde soňky ýyllarda
ýola goýlan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini
kanagatlanma bilen belledi we ony mundan beýläk-de ösdürmek üçin açylýan
mümkinçiliklere ýokary baha berdi. Iki ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri
tutulýan ugurlaryny hem-de milli bähbitlerini nazara almak bilen, nebitgaz,
söwda-ykdysady we ulag-kommunikasiýa ulgamlary ýaly möhüm ugurlarda netijeli
gatnaşyklary pugtalandyrmaga mundan beýläk-de uly üns berler.
BAE-niň
Prezidentiniň Türkmenistan bilen işler boýunça wekili Mohamed Said Mohamed
Al-Ariki belent mertebeli myhmana Emirlikleriň iri kompaniýalarynyň
ýolbaşçylary bilen gepleşikleriň üstünlikli geçmegini, şeýle hem berk jan
saglyk, jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Gahryman
Arkadagymyzyň uçary Abu-Dabiden Birleşen Arap Emirlikleriniň iri ykdysady,
medeni we syýahatçylyk merkezi bolan Dubaý şäherine tarap ugrady. Dubaýyň
Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini resmi adamlar
garşyladylar.
Birleşen
Arap Emirliklerine iş saparynyň çäklerinde hormatly Arkadagymyz “Dragon Oil”
kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Saýed Al Taýer bilen duşuşdy.
“Dragon
Oil” kompaniýasynyň ýolbaşçysy wagt tapyp kabul edendigi we hyzmatdaşlygyň
möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak babatda döredilen mümkinçilik üçin
hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny düýn BAE-niň
Prezidenti bilen duşuşygynyň üstünlikli geçmegi bilen gutlady. Bu duşuşyk
türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň taryhyna täze, aýdyň sahypany ýazar.
Pursatdan
peýdalanyp, işewür Gahryman Arkadagymyza Birleşen Arap Emirlikleriniň
wise-prezidenti, Premýer ministri, goranmak ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh
Mohammed bin Raşid Al Maktumyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti,
Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur
bin Zaýed Al Nahaýýanyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip hem-de
dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Birleşen Arap
Emirlikleriniň ýurdumyzyň öňden gelýän ygtybarly hyzmatdaşydygyny nygtady.
Türkmenistan BAE bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda,
iri halkara guramalaryň we abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde üstünlikli
hyzmatdaşlyk edýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen ýylyň
dekabr aýynyň başynda BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly
konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna (COP28) gatnaşmak üçin
Dubaýa amala aşyran iş sapary munuň aýdyň güwäsidir.
Gahryman
Arkadagymyz BMG-niň Bütindünýä howa sammitiniň üstünlikli geçirilmegi bilen
gutlap, bu iri halkara forumyň münberinden beýan edilen ähli başlangyçlaryň
tutuş dünýäde bagtyýarlygyň we abadançylygyň bähbidine halkara dialogy
pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Ählumumy metan borçnamasyna
goşulan Türkmenistanyň bu ugurdaky maksada gönükdirilen işi dowam etdirmegiň
zerurdygyna düşünýändigi bellenildi. Pariž ylalaşygyna goşulmak bilen
baglylykda, ýurdumyzda birnäçe degişli milli maksatnamalar, şol sanda Howanyň
üýtgemegi baradaky Milli strategiýa kabul edildi. Bu resminamalaryň esasynda
metan zyňyndylarynyň ýaramaz täsirlerini peseltmäge we aradan aýyrmaga gönükdirilen
çäreler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gürrüň, ilkinji nobatda, ekologik taýdan
arassa we serişde tygşytlaýjy döwrebap tehnologiýalary nebitgaz, ulag,
elektroenergetika ulgamlaryna, obasenagat toplumyna, gurluşyk senagatyna
tapgyrlaýyn esasda ornaşdyrmak we ulanmak barada barýar. Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedowyň ekologik abadançylygy üpjün etmek bilen baglanyşykly
beýan eden başlangyçlarynyň ählisi eýýäm şu ýyldan başlap yzygiderli durmuşa
geçiriler.
Bellenilişi
ýaly, Türkmenistan uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolup, bu
serişdeleri gözlemek, özleşdirmek we çykarmak bilen meşgullanýan dünýäniň
öňdebaryjy kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak ugrunda
çykyş edýär. Şolaryň hatarynda özüni jogapkärli we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde
görkezen “Dragon Oil” kompaniýasy hem bar.
Duşuşygyň
dowamynda bilelikdäki işiň ägirt uly tejribesini, Türkmenistanyň
ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça giň gerimli
meýilnamalary nazara almak bilen, köpýyllyk gatnaşyklary üstünlikli ösdürmegiň
mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, nebitiň we
tebigy gazyň çykarylýan hem-de gaýtadan işlenilýän möçberini artdyrmak, türkmen
energiýa serişdeleriniň we taýýar nebit, gazhimiýa önümleriniň eksportyny
ýokarlandyrmak milli ykdysadyýetimiziň bu esasy pudagynyň öňünde durýan
gaýragoýulmasyz wezipelerdir. Bu maksatlar Türkmenistanyň durmuşa geçirýän
energetika syýasatynyň esasyny düzýär. Şol syýasat bolsa ýurdumyzyň baýlygyny
tutuş adamzadyň hyzmatyna goýmaga gönükdirilendir.
XXI
asyryň ägirt uly taslamasy — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan
(TOPH) halkara gaz geçirijisiniň gurluşygy munuň aýdyň beýanydyr. Bu gaz
geçiriji tutuş Aziýa sebitiniň durmuş-ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berer.
“Galkynyş” gaz käniniň özleşdirilmeginiň III tapgyrynyň hasabyna bu halkara gaz
geçirijiniň mawy ýangyç bilen üpjün edilmegi meýilleşdirilýär. Şunuň bilen
baglylykda, BAE-däki hyzmatdaşlar we maýadarlar türkmen tebigy gazyny sebitiň
ýurtlaryna, beýleki döwletlere ibermek üçin niýetlenen gaz geçiriji
infrastrukturanyň gurluşygy bilen baglanyşykly täze energetika taslamalarynyň
durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga çagyrylýar.
Mälim
bolşy ýaly, baş edarasy BAE-niň Dubaý şäherinde ýerleşýän “Dragon Oil”
kompaniýasy Türkmenistanda 2000-nji ýyldan bäri önümi paýlaşmak hakyndaky
Ylalaşygyň esasynda işleýär. Onuň işiniň esasy ugry Hazar deňzinde, “Çeleken”
şertnamalaýyn çäkde uglewodorod serişdelerini çykarmak bilen baglanyşyklydyr.
Geçen ýyllaryň dowamynda bu kompaniýa, hususan-da, “Jeýtun” we “Jygalybeg”
ýataklarynda gözleg işlerini ýerine ýetirmäge we olary özleşdirmäge ägirt uly
maýa serişdelerini goýdy. Ýaňy-ýakynda “Dragon Oil” Aşgabat şäherinde özüniň
täze edarasyny açdy. Munuň özi ýola goýlan uzak möhletli, strategik
hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýediginiň nobatdaky güwäsidir.
“Dragon
Oil” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Saýed Al Taýer berilýän
goldaw üçin hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň mundan
beýläk-de öz üstüne alan borçnamalaryny doly ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy.
Gahryman
Arkadagymyz we işewür hoşlaşanlarynda birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan
etdiler hem-de bar bolan özara gyzyklanmanyň nebitgaz ulgamynda mundan
beýläk-de netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin binýat boljakdygyna ynam
bildirdiler.
Duşuşyk
tamamlanandan soňra, Milli Liderimiziň gatnaşmagynda “Türkmennebit” döwlet
konserniniň we “Dragon Oil (Türkmenistan) Ltd.” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek
hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy.
Şeýle
hem şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň
“Dubai Aviation Corporation” (Flydubai) kompaniýasynyň täjirçilik direktory
Hamad Obaýdalla bilen duşuşygy boldy.
Dünýädäki
iri awiakompaniýalaryň biriniň ýokary wezipeli wekili hyzmatdaşlygyň ileri
tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin
hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyza Birleşen Arap Emirlikleriniň
wise-prezidenti, Premýer ministri, goranmak ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh
Mohammed bin Raşid Al Maktumyň mähirli salamyny ýetirdi.
Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktuma iň gowy
arzuwlaryny beýan edip, ýurdumyzyň türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn
giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Şol hyzmatdaşlyk soňky ýyllarda
özara bähbitleriň esasynda üstünlikli ösdürilýär.
Hamad
Obaýdallanyň belleýşi ýaly, BAE-niň işewür toparlarynyň wekilleriniň köpüsi
Türkmenistan bilen ysnyşykly gatnaşyk etmäge uly gyzyklanma bildirýär. Şunda
türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedowyň hyzmatlary örän uludyr. Gahryman Arkadagymyz
köpugurly, netijeli döwletara gatnaşyklary ähli esasy ulgamlarda ösdürmäge
aýratyn üns berýär.
Duşuşygyň
barşynda ýurdumyzyň “Açyk gapylar” we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny
üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, daşary ýurtlaryň uly abraýa eýe bolan esasy
kompaniýalary bilen göni gatnaşyklary ýola goýmak ugrunda çykyş edýändigi
nygtaldy.
Mälim
bolşy ýaly, çäk taýdan amatly ýerleşýän ýurdumyz diňe bir ýerüsti däl, eýsem,
howa ulaglarynyň ugurlaryny hem yzygiderli ösdürýär. 2010-njy ýylda
Türkmenistan Merkezi Aziýada BAE bilen yzygiderli howa gatnawlaryny ýola goýan
ilkinji ýurt boldy. “Türkmenhowaýollary” agentliginiň we “Dubai Aviation
Corporation” (Flydubai) kompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi
netijesinde, häzirki wagtda Aşgabat — Dubaý — Aşgabat ugry boýunça gatnawlar
yzygiderli amala aşyrylýar. Şu gün bolsa Abu-Dabä ýolagçy uçarynyň uçuşy amala
aşyrylyp başlanýar. Munuň özi döwletara gatnaşyklaryň, hususan-da,
söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine ýardam eder.
“Dubai
Aviation Corporation” kompaniýasynyň täjirçilik direktory Türkmenistanda awiasiýa
pudagynyň soňky ýyllarda döredilen döwrebap infrastrukturasyna we tehniki
gulluklarynyň sazlaşykly işine ýokary baha berdi hem-de kompaniýanyň okgunly
ösýän Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge çalyşýandygyny
tassyklady. Hususan-da, iki ýurduň arasynda amala aşyrylýan howa gatnawlarynyň
sanyny artdyrmak teklip edildi.
Düýn
türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap
Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan bilen bolan
duşuşygynda raýat awiasiýasy ulgamynda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek
meselesiniň hem ara alnyp maslahatlaşylandygy bellärliklidir.
Nygtalyşy
ýaly, dünýäniň esasy ýolagçy gatnadyjylarynyň we ýük daşaýjylarynyň biri
hökmünde “Flydubai” kompaniýasynyň tejribesini hem-de mümkinçiliklerini nazara
almak bilen, diňe bir ýokary hünärli awiasiýa işgärlerini taýýarlamak ulgamynda
däl, eýsem, tehniki taýdan goldaw bermek we hyzmat etmek, iň täze innowasion
enjamlar bilen üpjün etmek ulgamynda-da özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin uly
mümkinçilikler açylýar.
Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we “Dubai Aviation Corporation”
kompaniýasynyň täjirçilik direktory Hamad Obaýdalla hoşlaşanlarynda
birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny beýan etdiler hem-de soňky ýyllarda ýola
goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine
ynam bildirdiler.
Duşuşyk
tamamlanandan soňra, Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň
“Türkmenhowaýollary” agentliginiň hem-de “Dubai Aviation Corporation”
kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy
boldy.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Birleşen
Arap Emirliklerine şu gezekki iş saparynyň ýokary netijeli geçendigine beýleki
gol çekilen möhüm resminamalar hem şaýatlyk edýär.
Şol
resminamalaryň hatarynda “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Abu-Dabiniň milli
nebit kompaniýasynyň (ADNOC) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama (şu
özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň maksady taraplaryň “Galkynyş” gaz käniniň
III tapgyryny özleşdirmek üçin strategik hyzmatdaşlary çekmek meýlinden we
olaryň tebigy gazy sebitiň ýurtlaryna we beýleki döwletlere ibermek üçin gaz
geçiriji infrastrukturany gurmaga degişli energetika taslamalaryny durmuşa
geçirmäge gatnaşmak mümkinçiliginden ybaratdyr); “Türkmengaz” döwlet konserni
bilen Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) arasynda hyzmatdaşlyk
etmek hakynda Ähtnama (şu hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnamanyň maksady taraplaryň
metanyň atmosfera zyňyndylaryny azaltmak ulgamynda özara bähbitli ylmy-tehniki
we ykdysady hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini öwrenmek meýlinden
ybaratdyr); Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň hem-de “First Abu
Dhabi Bank” bankynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk bar.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri Birleşen Arap Emirliklerine iş saparyny tamamlap, Dubaý
şäheriniň Halkara howa menziline bardy we şol ýerden Watanymyza ugrady.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny resmi adamlar ugratdylar.
Aşgabadyň
Halkara howa menziline gelende Gahryman Arkadagymyzy resmi adamlar we BAE-niň
Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili garşyladylar. Diplomat türkmen halkynyň
Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowy saparyň üstünlikli tamamlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlap,
geçirilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň çäklerinde gazanylan ähli ylalaşyklaryň
iki ýurduň, olaryň doganlyk halklarynyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy
hem-de dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Gahryman
Arkadagymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurda amala
aşyran şu gezekki iş saparynyň Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky
deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara bähbitlilik ýörelgelerine
esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylmagyndaky
möhüm ähmiýetini belläp, geçirilen duşuşyklaryň barşynda birnäçe ugurlardaky
däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça anyk teklipleriň
beýan edilendigini we degişli ylalaşyklaryň gazanylandygyny aýtdy. Gazanylan ylalaşyklaryň
üstünlikli durmuşa geçirilmegi iki dostlukly ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy
mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berer.