YHG-niň Sebitleýin töleg ulgamynyň we Kliring bileleşiginiň döredilmegi Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Maliýe we ykdysadyýet ministrleriniň onlaýn arkaly geçen bäşinji duşuşygynyň esasy meseleleriniň biri boldy. Aşgabat bu düzümleri esaslandyrmagy sebitde söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň mümkinçilikleri hökmünde görýär – diýip, Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow öz çykyşynda nygtady.

Şeýle hem ol Türkmenistanyň YHG agza döwletleriň arasynda ykdysady gatnaşyklary we maliýe hyzmatdaşlygyny ýeňilleşdirmek üçin sebitleýin maliýe ulgamyny berkitmäge ähmiýet berýändigini belledi. Agzalan nukdaýnazar Türkmenistanyň häzirki wagtda Guramanyň başlygy hökmünde öňe sürýän esasy meselelerine doly gabat gelýär. Esasan hem maýa goýumlary ulgamynda işjeňligi artdyrmak, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň uzakmöhletleýin berkidilmegi, şeýle hem haryt dolanyşygynyň möçberlerini düýpli artdyrmak.

Duşuşygyň çäklerinde koronawirus pandemiýasyndan soňky dikeldiş işlerini çaltlandyrmak üçin YHG-niň agza döwletleriniň arasynda ykdysady gatnaşyklaryň we söwda ýollarynyň ýeňilleşdirilmegi baradaky meselelere hem garaldy we ylalaşyldy.

Türkmen tarapynyň saýtynda habar berlişine görä, maslahata Owganystan Yslam Respublikasyndan, Azerbaýjan Respublikasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Täjigistan Respublikasyndan, Türkmenistandan we Türkiýe Respublikasyndan wekiller gatnaşdylar. Şeýle-de YHG-niň Söwda ösüş bankynyň we YHG-niň Sekretariýatynyň wekilleri hem duşuşyga gatnaşdylar.

Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri YHG-niň agzasydyr. Bu iri abraýly sebitleýin döwletara birleşme Pakistan, Eýran we Türkiýe tarapyndan ykdysadyýet hem-de söwda ulgamlarynda has ýakyn hyzmatdaşlyk etmek maksady bilen 1985-nji ýylda döredildi. 1992-nji ýylda YHG-niň işi 7 ýurduň – Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Owganystanyň, gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň agza bolmagy bilen hil taýdan täzeçe öwüşgine eýe boldy.