15-nji
dekabrda hemmeler üçin uzak
garaşylan, şatlykly we mähriban baýramyň — Täze ýylyň ýetip gelýändigini
alamatlandyryp, ýurdumyzyň Baş arçasy nurana öwüşginde ýalkym saçdy.
Asylly däbe görä, paýtagtymyzyň Köpetdagyň etegindäki täsin tebigy
künjekleriniň birinde ýerleşýän “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki giň
meýdança dabaralaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Bu ýerde iň owadan belent
arça oturdylyp, ertekiler şäherjigi emele geldi.
Dürli öwüşginde nur saçýan şarlardyr çyrajyklardan, yşyklandyryjy
bezeglerden emele gelen lybasa beslenen Baş arçanyň töweregine müňlerçe ýaşlar
we uly ýaşly adamlar ýygnandylar. Hut şu ýerden çagalar üçin täsin başdan
geçirmeleriň hem-de açyşlaryň jadylaýjy güýji başlanýar. Bu ýerde Aýazbabanyň
we onuň agtygy Garpamygyň jadyly taýajyklary arkaly körpeleriň ajaýyp
arzuwlary, islegleri amala aşyrylýar.
Belent başy “2024” ýazgyly sekizburçly ýyldyz bilen bezelen Baş arçanyň
beýikligi 44 metre, ini bolsa 16 metre deňdir. Oýnawaçlaryň we
yşyklandyryjylaryň dürli görnüşleri bilen bezelen bu ajaýyp ýaşyl arça ýetip
gelýän Täze ýylyň nyşany bolup, onuň ýerleşýän ýeri paýtagtymyzyň
ýaşaýjylarydyr myhmanlary üçin iň özüne çekiji, gözel künjekleriň birine
öwrüler.
Ýurdumyzyň Baş arçasynda yşyklaryň ýakylmagy ertekilerdäki täsinlikler
baradaky düşünjelere beslenen dabaradyr. Şoňa görä-de, ol baýramçylygyň
guramaçylaryndan aýratyn döredijilikli çemeleşmäni talap edýär. Her ýyl
Aýazbaba we onuň agtygy Garpamyk üçin geçilmeli täze, ýörite ugur, medeni
maksatnama taýýarlanylýar. Şu ýyl hem guramaçylar ýaş tomaşaçylar üçin özüne
çekiji tomaşany taýýarlapdyrlar. Ol suw kenaryndaky balykçylaryň sahnalary
bilen başlanýar.
...Sahna ussatlary Tikgi we Potdyş balyk tutmaga gidýärler. Olaryň toruna
altyn balyk düşýär. Tikgi öz oglunyň Aýazbabany görmek isleýändigi baradaky
arzuwyny aýdýar. Arzuwyň ertekilerdäki ýaly amala aşmagy netijesinde, Aýazbaba,
Garpamyk hem-de oglanjyk Arkadag şäherinde peýda bolýar.
Bu täsin şäheriň şu ýylyň 29-njy iýunynda dabaraly açylandygyny
bellemelidiris. Kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk
derejesine eýe bolan Arkadag şäheriniň gurulmagy ýurdumyzda türkmen halkynyň
Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy
bilen ýaýbaňlandyrylan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň baştutanlygynda dowam etdirilýän ägirt uly özgertmeleriň anyk
netijesidir. Arkadag şäheriniň Diýarymyzyň gadymy künjekleriniň birinde, pederlerimiziň
şöhratly taryhynyň gözbaş alýan ýerinde gurulmagy aýratyn bellärliklidir. Täze
şäheriň durmuş ulgamy öňdebaryjy sanly, maglumat-aragatnaşyk we “ýaşyl”
tehnologiýalara esaslanýan “akylly” şäheriň aýdyň nusgasydyr. Bu ýerde
ekologiýa ýaly möhüm ugra aýratyn üns berildi. Mysal üçin, desgalaryň
gurluşygynda ekologik taýdan arassa serişdeler ulanyldy. Arkadag şäherine
“Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, “ýaşyl”,
howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek” taslamasyna
goşulýandygy baradaky güwänamanyň berilmegi bu ulgamda öňde goýlan wezipeleriň
üstünlikli çözülýändigine şaýatlyk edýär.
...Ertekileriň gahrymanlary Arkadag şäherine syýahatyň dowamynda Aman
Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatryna baryp görýärler. Bu ýerde olary
çagalar şatlykly garşylaýarlar. Soňra Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary bedewe erk etmegiň dürli
tilsimlerini myhmanlara görkezdiler. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen
“Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň dünýäniň çar künjeginde
geçirilýän abraýly ýaryşlara, bäsleşiklere we halkara sirk festiwallaryna
gatnaşmak bilen, baýrakly orunlara mynasyp bolup, Watanymyzyň ýaşyl tuguny
belentde parladýandygyny bellemek ýakymlydyr. Munuň özi dünýäde ahalteke
bedewleriniň şan-şöhratynyň barha ýokary göterilýändigini görkezýär.
Soňra Täze ýyl arçalarynyň yşyklaryny ýakmak çäresine gatnaşyjylar Arkadag
şäheriniň baş arçasynyň ýanyna gelip, bu ýerde guralan baýramçylyk konsertine
tomaşa edýärler. Soňra şäheriň Aragatnaşyk müdirligine barýarlar. Bu ýerde
Aýazbaba sanly ulgam arkaly ýetip gelýän Täze ýyl baýramy bilen gutlap,
hemmeleri Aşgabat şäherinde ýerleşýän ýurdumyzyň Baş arçasyny görmäge çagyrýar.
Täze ýyl dabarasyna gatnaşyjylaryň topary ak mermerli paýtagtymyza tarap ýola
düşýär. Olaryň ýoly häzirki zaman ýaşaýyş jaý toplumlarynyň ýanyndan geçýär.
Baş gahrymanlar gurlup ulanmaga berlen binalaryň aýratynlyklary, giň şaýollar,
şäheriň baýramçylyk gözelligi bilen tanyşýarlar.
Nurana baýramyň öňüsyrasynda söýginiň, ýaşlygyň we dost-doganlygyň şäheri
bolan Aşgabat has-da gözel keşbe girdi. Bu ýerdäki dürli öwüşginli suw
çüwdürimleri, elwan güller, ajaýyp seýilgähler, biri-birinden gözel ak mermerli
binalar, giň şaýollar, baýramçylyk lybasyny geýen seýilbaglar ýurdumyzyň
okgunly ösýän hem-de üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň
keşbini özünde jemläp, dünýäde ýaşamak üçin iň amatly, gözel şäherleriň biri
hökmünde paýtagtymyzyň ornuny has-da berkidýär.
Aýdym, tans, folklor toparlarynyň artistleri hem-de Aşgabadyň köp sanly
ýaşaýjylary baýramçylyga gelýän myhmanlary uly şowhun bilen mübärekleýärler.
Çagalar döredijilik toparlarynyň çykyşlary dabaranyň şowhunyny artdyrýar.
Aýazbaba we onuň ýoldaşlary Arçabil şaýoluna gelip, ak paýtuna münüp,
“Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdança barýarlar.
Ine-de, sabyrsyzlyk bilen garaşylan myhmanlar, çagalar şatlyk-şowhuna
beslenen aýdymlary aýdyp, köpöwüşginli yşyklandyryjylar bilen bezelen
derwezeden girýärler. Şadyýan çykyşlar ýurdumyzyň Baş arçasy gurnalan
meýdançany gurşap alýar. 2023-nji ýylyň we täze, 2024-nji ýylyň nyşanlarynyň
keşbini janlandyrýan ýaşajyk artistler öz ajaýyp goşgularyny gyş gahrymanlaryna
bagyşladylar. Paýtagtymyzyň teatr toparlary, ýaşajyk artistler, meşhur estrada
aýdymçylary taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary bilen hemişe gök öwüsýän arçanyň
töweregini ertekilerdäki ýaly baýramçylyk dünýäsine beslediler.
Aýazbaba we Garpamyk bu günki dabara gatnaşýan ähli körpeleriň adyndan
döwlet Baştutanymyza, Gahryman Arkadagymyza hem-de ähli türkmen halkyna täze,
2024-nji ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny
aýtdylar. Olar hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, mähriban
Watanymyzyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly
üstünlikleri arzuw edip, çagalar hakda edýän yzygiderli aladasy, ýurdumyzda
körpe nesilleriň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda alyp barýan asylly
işleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Körpeleriň islegi boýunça Aýazbabanyň jadyly taýagynyň kömegi bilen belent
başly arçanyň yşyklarynyň ýakylmagy bu ýerde guralan dabaranyň iň täsirli
pursadyna öwrüldi. Onuň yzysüre ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň
meýdançalarynda gurnalan Täze ýyl arçalary dürli öwüşginli yşyklara beslendi.
Şu gün Diýarymyzyň ähli künjeklerinde belent ruha beslenen Täze ýyl
dabaralaryna badalga berildi. Watanymyzyň çar ýanynda aýdym-sazyň owazy
belentden ýaňlanyp, bagtyýar çagalaryň joşgunly cykyşlaryna giň orun berildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlary we
süýjülikleri almak çagalar üçin ýatdan çykmajak pursada öwrüldi.
Ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralan dabara çagalar horeografiýa
toparynyň, meşhur estrada aýdymçylarynyň Täze ýyla bagyşlan aýdymlaryny özünde
jemleýän uly baýramçylyk konserti bilen tamamlandy.