Bu gün halkymyz Halkara
Bitaraplyk gününi we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnamanyň kabul edilmeginiň
28 ýyllygyny giňden belleýär. Bu şanly baýram parahatçylygy, durnuklylygy, ähli
döwletler bilen özara hormat goýmak we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelere
esaslanýan dostlukly gatnaşyklary hem-de halkymyzyň mizemez jebisligini
alamatlandyrýar.
Ir bilen hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Watanymyzyň parahatçylyk, döredijilik we
hoşniýetlilik taglymlaryna üýtgewsiz ygrarlylygynyň nyşany bolan Bitaraplyk
binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.
1995-nji ýylyň 12-nji
dekabrynda Milletler Bileleşigi özüniň ýokary derejeli maslahatynyň çözgüdi
bilen Türkmenistany hemişelik Bitarap döwlet diýip ykrar etdi. “Türkmenistanyň
hemişelik Bitaraplygy hakynda” atly Kararnama üçin BMG-ä agza 185 döwletiň
ählisi biagyzdan ses berdi. Şoňa görä-de, bu şanly waka ähli türkmenistanlylar
üçin aýratyn buýsançly güne öwrüldi.
Ynsanperwerlik we demokratiýa
ýörelgelerine eýerýän ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesini almagy bilen,
durmuş we ykdysady ähmiýetli strategik wezipeleri üstünlikli çözýändigini
ynamly aýtmak bolar. Ähli ulgamlarda gazanylýan ösüşler we ýurdumyzyň halkara
giňişligindäki belent abraýy munuň aýdyň mysalydyr.
Gahryman Arkadagymyz
Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilikli başlangyçlary häzirki wagtda
Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilip, dünýä
jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýar. Netijeli halkara hyzmatdaşlygy üçin
ygtybarly binýat bolup çykyş edýär.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň
78-nji sessiýasynda beýan eden teklipleriniň, şol sanda dünýäde parahatçylygy
we howpsuzlygy üpjün etmek, BMG tarapyndan yglan edilen Durnukly ösüş
maksatlaryny gazanmak, energetika, ulag, ekologiýa, howanyň üýtgemegi,
ynsanperwer ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak babatda öňe
süren teklipleriniň aýratyn ähmiýetini bellemek gerek.
Bitarap “Türkmenistanyň
daşary syýasat ugrunyň 2022-2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna” laýyklykda,
dünýäniň dürli ýurtlary, BMG, Ýewropa Bileleşigi, Garaşsyz Döwletleriň
Arkalaşygy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk
Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy we beýleki
abraýly düzümler bilen netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet
berilýär.
BMG-niň ýöriteleşdirilen
düzümleri bolan Ösüş maksatnamasynyň, ÝUNESKO-nyň, Ilat gaznasynyň, Çagalar
gaznasynyň, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ýurdumyzdaky wekilhanalary
bilen hyzmatdaşlyk hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.
BMG-niň Ykdysady we
Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS) nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň bu guramanyň Ilat we
ösüş boýunça komissiýasynyň 2024-2028-nji ýyllar üçin agzalygyna biragyzdan
saýlanandygyny bellemek gerek. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň içeri we daşary syýasatynyň, şeýle hem Türkmenistanyň dünýä
giňişliginde barha belende galýan abraýynyň hem-de ýurdumyzyň halkara
gatnaşyklarynyň ösdürilmegine we sebit hem-de ählumumy hyzmatdaşlygynyň
giňeldilmegine goşýan uly goşandynyň dünýäde ykrar edilmeginiň nobatdaky
subutnamasydyr.
Häzirki döwrüň
ýagdaýlary bilen baglylykda, türkmen Bitaraplygynyň ähmiýetli orny we onuň
mümkinçilikleriniň zerurlygy ýene-de bir gezek tassyklanýar. Häzirki wagtda
düzümine 20-den gowrak döwlet girýän parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly
ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň işi munuň aýdyň mysallarynyň
biridir. Şol toparyň düzümine girýän döwletleriň hatarynda Birleşen Milletler
Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji we 2015-nji ýyllardaky “Türkmenistanyň
hemişelik Bitaraplygy”, şeýle hem degişlilikde 2017-nji we 2020-nji ýyllarda
kabul edilen “Halkara Bitaraplyk güni” we “Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara
parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde ähmiýeti” atly
Kararnamalarynyň awtordaş ýurtlary bar.
Bu köptaraplaýyn
dialogyň çäklerinde yzygiderli geçirilýän duşuşyklar halkara gatnaşyklarynda
bitaraplyk ýörelgelerini ilerletmek we ählumumy abadançylygyň bähbidine
netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin durnukly syýasy-diplomatik gurallary
işläp taýýarlamakda ýardam bermäge gönükdirilendir.
Şu ýylyň 11-nji
dekabrynda paýtagtymyzda utgaşykly görnüşde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we
durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň ýokary derejedäki
mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda netijeli halkara hyzmatdaşlygy ilerletmekde
we ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmagyň gurallaryny işjeň
ulanmakda ýurdumyzyň eýeleýän ornuna ýokary baha berildi.
Ýurdumyz daşary
syýasatynyň esasyny düzýän Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny yzygiderli durmuşa
geçirip, ählumumy başlangyçlara işjeň goşulyşýar, parahatçylygyň we ylalaşygyň,
adamzadyň taglymlarynyň berkarar edilmeginiň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygyna
saldamly goşant goşýar.
Hormatly Prezidentimiziň
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkyna iberen Gutlagynda Birleşen Milletler
Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk
hukuk ýagdaýynyň halkymyzyň beýik gymmatlygydygy bellenilýär. Ýer ýüzünde asuda
durmuşy, halklaryň dost-doganlygyny, ynsanperwerligi, özara bähbitli
hyzmatdaşlygy hem-de ösüşi dabaralandyrýan taglymatdyr. Şoňa görä-de, biz dünýä
bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we Esasy Kanunymyzda berkidilen oňyn
Bitaraplygymyzyň esas goýujy ýörelgelerini goldanyp, ähli döwletler, abraýly
halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýäris.
Biz «Döwlet adam
üçindir!», «Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgelerimize
laýyklykda, ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş
şertlerini has-da gowulandyrmak barada yzygiderli alada edýäris. Bitarap
döwletimiziň halkara abraýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga çalyşýarys.
Halkara üstaşyr ulag geçelgelerini, has kämil, öňdebaryjy tehnologiýalara
daýanyp, ýokary tizlikli awtomobil ýollaryny, iri senagat-önümçilik
kärhanalaryny, medeni-durmuş maksatly binalary we desgalary, döwrebap ýaşaýyş
jaýlaryny, täze şäherçeleridir obalary gurýarys diýlip, döwlet Baştutanymyzyň
Gutlagynda bellenilýär.
Bitaraplyk binasynyň
öňündäki meýdançada watandaşlarymyz we myhmanlar, “Dialog – parahatçylygyň
kepili” atly Halkara maslahatyna, şeýle hem parahatçylygyň, howpsuzlygyň we
durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň mejlisine gatnaşmak
üçin ýurdumyza gelen daşary ýurtlaryň wekiliýetleriniň agzalary ýygnandylar.
Şeýle hem dabara
gatnaşyjylaryň hatarynda Mejlisiň ýolbaşçysy hem-de wekilleri, wise-premýerler,
harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş
edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, Türkmenistanyň daşary
ýurtlardaky ilçileri, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara
guramalaryň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň
hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.
Hormatly Prezidentimiziň
awtoulagy Bitaraplyk binasynyň öňündäki baýramçylyk äheňinde bezelen meýdança
bardy. Hemmeler döwlet Baştutanymyzy uly ruhubelentlik bilen mübärekleýärler.
Bu ýerde şöhratly
pederlerimiziň gahrymançylykly ýoluny mynasyp dowam etdirýän harby gullukçylar
– Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldiler.
Dabaraly ýagdaýda
Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow merdana halkymyzyň parahatçylyk, hoşniýetlilik we
ynsanperwerlik ýörelgeleriniň nyşany bolan Bitaraplyk binasyna gül çemenini
goýdy.
Soňra döwlet
Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasarlary we beýleki dabara gatnaşyjylar gül desselerini
goýýarlar.
Halkymyzyň parahatçylyk
döredijilik, hoşniýetli goňşuçylyk, hoşniýetlilik we döredijilik ýörelgeleriniň
aýdyň beýanyna öwrülen Halkara Bitaraplyk güni ýurdumyzda her ýyl giňden we
dabaraly baýram edilýär.
Halkymyzyň gadymy
däp-dessurlaryna we milli medeniýetimize doly laýyk gelýän bu özboluşly hukuk
ýagdaýy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň diňe bir halkymyzyň däl,
eýsem, tutus adamzadyň bähbidine parahatçylykly daşary syýasatyny yzygiderli
durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikler açdy.
Dabara tamamlanandan
soňra, döwlet Baştutanymyz oňa gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşdy we bu ýerden
ugrady.