2-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary tamamlandy. Bu ýerde
BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy
taraplaryň 28-nji maslahaty (COP28) geçirilýär.
Ozal habar berlişi ýaly, şu
ýylyň 12-nji dekabryna çenli dowam etjek bu iri foruma dünýäniň dürli
ýurtlaryndan köp sanly wekiller, şol sanda döwlet we hökümet Baştutanlary,
ugurdaş döwlet düzümleriniň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, bilermenler,
raýat jemgyýetçiliginiň, işewür toparlaryň, köpçülikleýin habar beriş
serişdeleriniň wekilleri hem-de ýaşlar gatnaşýarlar.
1-nji dekabrda BMG-niň Bütindünýä howa
sammitinde çykyş edip, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň şu maslahata
gatnaşmagyna özüniň howanyň üýtgemegi meselesi boýunça halkara strategiýasyny
ilerletmekde tapgyrlaýyn waka hökmünde garaýandygyny nygtady. Bellenilişi ýaly,
2012-nji ýylda kabul edilen Howanyň üýtgemegi baradaky Milli strategiýa
Türkmenistanyň ählumumy howa gün tertibine doly derejede goşulyşmagynyň ýolunda
başlangyç nokada öwrüldi. Soňra ýurdumyzyň howa boýunça Pariž ylalaşygyna
goşulmagy bilen baglylykda, bu Strategiýanyň täze redaksiýasy tassyklanyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow jogapkärli döwlet hökmünde Türkmenistanyň halkara we milli
derejede maksada okgunly işi dowam etdirmegiň zerurdygyna düşünýändigini
nygtady. Şol iş bolsa howanyň üýtgemegine we onuň netijelerine garşy göreşmekde
mundan beýläk-de ösüşi üpjün etmäge ýardam berer.
Döwlet Baştutanymyz ýokary
derejeli forumyň münberinden metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça halkara
tagallalara saldamly goşant goşýan ýurdumyzyň Ählumumy metan borçnamasyna
goşulýandygyny hem-de howa meselelerini çözmek boýunça halkara guramalar,
hyzmatdaş döwletler bilen işjeň hyzmatdaşlygy dowam etdirjekdigini aýtdy.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň
howa boýunça Pariž ylalaşygyna goşulmagy bilen, birnäçe degişli milli
maksatnamalar kabul edildi. Şolara laýyklykda, metanyň daşky gurşawa
zyňyndylaryny azaltmaga we olaryň ýaramaz täsirlerini aradan aýyrmaga
gönükdirilen çäreler durmuşa geçirilýär. Gürrüň, ilkinji nobatda, ekologik
taýdan arassa, serişde tygşytlaýjy häzirki zaman tehnologiýalaryny, aýratyn-da,
olary energetika, senagat we ulag pudaklaryna ornaşdyrmaga tapgyrlaýyn geçmek
hem-de peýdalanmak barada barýar. Şeýle hem forumdaky çykyşynda hormatly
Prezidentimiz şu ýylyň 13-nji noýabrynda sebit maksatnamalaryny işläp
taýýarlamak üçin Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen BMG-niň
Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama
gol çekilmeginiň möhüm ähmiýetini aýratyn nygtady. Şol sebit maksatnamalary
howa tehnologiýalaryny Türkmenistana we Merkezi Aziýanyň döwletlerine geçirmäge
gönükdirilendir. Bu resminama Türkmenistanda BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň
üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalaryň sebit merkezini açmak baradaky meselä
jikme-jik garamak üçin ilkinji ädim hem-de düýpli hukuk şerti hökmünde
garalýandygyna üns çekildi.
Ýer ýüzüniň bagtyýar we abadan
geljeginiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge hem-de
pugtalandyrmaga ygrarlydygyny beýan edýän Türkmenistan ýokary derejeli
köptaraplaýyn duşuşykda taýýarlanylan resminamalary, hususan-da, Howa we saglyk
boýunça Jarnamany, Durnukly oba hojalygy, durnukly azyk ulgamlary we howanyň
üýtgemegine garşy göreşmek boýunça Emirlikler Jarnamasyny, şeýle hem birnäçe
başlangyçlary, şol sanda Howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça belent
maksatly, köp derejeli hyzmatdaşlyk üçin “COP28” koalisiýasyny döretmek
hakyndaky başlangyjy goldady.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz
Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly
konwensiýasyny, Kioto teswirnamasyny we Pariž ylalaşygyny tassyklap, geçen
ýyllaryň dowamynda öz üstüne alan borçnamalaryny üýtgewsiz ýerine ýetirip
gelýär. Rejelenen görnüşde tassyklanan Howanyň üýtgemegi baradaky Milli
strategiýa ähli pudaklarda, ilkinji nobatda, nebitgaz, ulag, elektroenergetika
pudaklarynda, obasenagat toplumynda, gurluşyk senagatynda zyýanly zyňyndylaryň
möçberini peseltmäge gönükdirilen yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilmegini
göz öňünde tutýar. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine uly üns
berilýär. Sebäbi ekologik meseleleriň çözülmegi ählumumy, sebit we milli
derejede tagallalaryň birleşdirilmegini, köptaraplaýyn dialogy, her bir
döwletiň bu ugurdaky hereketlerini BMG bilen utgaşyklykda alyp barmagyny talap
edýär.
Şeýlelikde, BMG-niň Bütindünýä
howa sammiti dünýä jemgyýetçiliginiň soňky onýyllyklarda tutuş adamzat üçin
derwaýys bolan howanyň üýtgemegi bilen bagly meseläni bilelikde çözmegiň, bu
wehime garşy syýasy we ykdysady çäreleri ylalaşykly durmuşa geçirmegiň
zerurdygyna düşünýändigini görkezdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň şu gün Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti,
Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur
bin Zaýed Al Nahaýýan bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda ikitaraplaýyn hem-de
köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň häzirki
ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Söhbetdeşler mähirli
salamlaşyp, birek-birege hormat goýmak ýörelgesinde ýola goýulýan köpugurly
türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerine garamaga dörän
mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.
Hormatly Prezidentimiz öz
adyndan we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň adyndan ýokary wezipeli wekili Birleşen Arap
Emirlikleriniň Milli güni bilen gutlady we BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin
Zaýed Al Nahaýýana, dostlukly döwletiň ähli halkyna bagtyýarlyk, rowaçlyk,
abadançylyk arzuw etdi.
Şeýh Mansur bin Zaýed Al
Nahaýýan hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň
adyndan türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşan
türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa iň gowy arzuwlaryny
beýan etdi, şeýle hem şu gezekki Ählumumy foruma işjeň gatnaşandygy we türkmen
tarapynyň öňe süren başlangyçlary üçin hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň
wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden minnetdarlygyny beýan
edip, Dubaý şäherinde geçirilýän “COP28” maslahatynyň guramaçylyk derejesine
ýokary baha berdi. Bu maslahat şu ýylyň ähmiýetli halkara çäreleriniň biri
boldy.
Şeýh Mansur bin Zaýed Al
Nahaýýan Birleşen Arap Emirliklerinde Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy
başlanan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeler ýolunda Türkmenistanyň
gazanýan üstünliklerine tüýs ýürekden guwanýandyklaryny belläp, Emirlikleriň
ikitaraplaýyn gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga gyzyklanma
bildirýändigini beýan etdi.
Döwlet Baştutanymyz we BAE-niň
wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş
ministri hoşlaşanlarynda birek-birege berk jan saglyk, rowaçlyk, iki dostlukly
ýurduň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdiler.
Birleşen Arap Emirliklerine iş
saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimize BAE-niň wise-prezidenti,
Premýer-ministri, goranmak ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al
Maktumyň adyndan mukaddes Gurhanyň aýatlarynyň altyn suw bilen ýazylan ýörite
sowgady gowşuryldy.
Arkadagly hajy Serdarymyz
sowgady minnetdarlyk bilen kabul edip, muňa depginli ösdürilýän hem-de täze
many-mazmun bilen baýlaşdyrylýan dostlukly türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň
ýokary derejesiniň nyşany hökmünde garaýandygyny aýtdy.
Ählumumy forumyň iki gününiň
dowamynda köp döwletleriň Baştutanlary we hökümet ýolbaşçylary ekologiýa, azyk
howpsuzlygy, tebigy betbagtçylyklardan goranmak, “ýaşyl” energetika meseleleri,
howanyň üýtgemeginiň netijelerini ýeňip geçmek üçin az ösen ýurtlara maliýe
goldawyny bermek babatda öz ýurtlarynyň garaýyşlaryny beýan etdiler. Howanyň
üýtgemegi bilen bagly dürli ugurlar boýunça mundan beýläk-de hyzmatdaşlygyň
möhüm meselelerini has jikme-jik ara alyp maslahatlaşmak üçin “COP28”
meýdançasynda plenar mejlisler bilen utgaşyklykda birnäçe beýleki çäreler
geçirilýär. Şolara Türkmenistanyň ugurdaş düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de
wekilleri gatnaşdylar.
2-nji dekabrda ýurdumyzyň
wekiliýetiniň agzalary tebigaty goramak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde
ýaşlaryň orny, agyz suwuny we howany goramak boýunça çäreleri durmuşa geçirmegi
çaltlandyrmak, adalatly, deňhukukly, utgaşdyrylan energiýa akymyna, hususan-da,
häzirki döwürde ulanylýan energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerine geçmegi
çaltlandyrmak meselelerine bagyşlanan köptaraplaýyn duşuşyklara gatnaşdylar.
“Saglygy goraýyş howanyň üýtgemegi boýunça gün tertibiniň merkezinde” ady bilen
geçirilen duşuşyga aýratyn üns berildi. Onuň netijeleri boýunça Howa we saglyk
boýunça “COP28” Jarnamasy kabul edildi. Ählumumy howa başlangyjynyň çäklerinde
köptaraplaýyn dialogy dowam etdirmäge taýýardygyny hemişe beýan edýän türkmen
tarapy bu Jarnamany goldady hem-de Pariž ylalaşygyny durmuşa geçirmek üçin
saglygy goraýyş meselelerinde umumy tagallalara ygrarlydygyny tassyklady.
BMG-niň Howanyň üýtgemegi
baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynyň
möhüm çäreleriniň dostlukly döwletiň her ýylyň 2-nji dekabrynda bellenilýän baş
baýramy — BAE-niň Milli güni bilen gabat gelendigini bellemelidiris.
Häzirki wagtda Ýakyn
Gündogaryň ykdysady taýdan kuwwatly we depginli ösýän ýurtlarynyň biri bolan
Birleşen Arap Emirlikleri bilen köpugurly gatnaşyklaryň ösdürilmegi Garaşsyz,
Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň
biri hasaplanýar. Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki, ilkinji nobatda,
iri halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň toplanan baý tejribesi,
şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, türkmen halkynyň
Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowyň Abu-Dabi şäherine saparlarynyň çäklerinde bolan duşuşyklaryň
hem-de gepleşikleriň aýratyn netijeli häsiýete eýe bolmagy muňa şaýatlyk edýär.
Geçen ýylyň 21-22-nji
noýabrynda geçirilen ýokary derejedäki türkmen-emirlikler gepleşikleri iki
döwletiň we olaryň halklarynyň däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklaryny
ösdürmekde, özara gyzyklanma bildirilýän birnäçe esasy ugurlarda özara bähbitli
hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakda täze tapgyr boldy.
Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 11-12-nji fewralynda
Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran resmi sapary döwletara gatnaşyklaryň
taryhynda möhüm sahypany açdy. Saparyň çäklerinde geçirilen duşuşyklar we
gepleşikler ozal gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine,
netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge we ony häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän
has ýokary derejä çykarmaga ýardam berdi.
Türkmenistanda amala aşyrylýan
“Açyk gapylar” syýasaty we ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy
daşary döwletleriň, şol sanda Ýakyn Gündogaryň ýurtlarynyň işewürlerini özüne
çekýär. BAE-niň wekilleri milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny innowasion taýdan
ösdürmäge hem-de halkymyzyň rowaçlygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň
möçberli taslamalara uly gyzyklanma bildirýärler.
Häzirki wagtda Türkmenistan we
Birleşen Arap Emirlikleri diňe bir ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik,
söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmek bilen çäklenmän,
eýsem, birek-biregiň başlangyçlaryny goldap, halkara giňişlikde hem netijeli
hyzmatdaşlyk edýärler. BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly
konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň şu gezekki 28-nji maslahaty munuň nobatdaky
güwäsidir.
Agşam hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Milli güni mynasybetli
dabaralara gatnaşdy. BAE-niň döredilmeginiň 52 ýyllygyna bagyşlanyp, medeniýet
we sungat ussatlarynyň çykyşlary guraldy.
Birleşen Arap Emirliklerine
iki günlük iş sapary tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Watanymyza
ugrady.
Paýtagtymyzyň Halkara howa
menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar. Bu ýerde BAE-niň
ilçihanasynyň wekili hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy BMG-niň
Bütindünýä howa sammitine (COP28) üstünlikli gatnaşmagy, çuň many-mazmunly çykyşy
hem-de onuň çäklerindäki duşuşyklaryňdyr gepleşikleriň netijeli geçmegi bilen
gutlady.
Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli
sözler üçin minnetdarlyk bildirip, sammitde öňe sürlen başlangyçlaryň häzirki
günüň derwaýys wezipeleriniň biri bolan ekologik meseleleri çözmekde wajyp
ähmiýete eýe bolandygyny aýtdy. Şeýle hem saparyň dowamynda geçirilen
duşuşyklaryň iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan
beýläk-de ösdürmegiň ýolundaky möhüm ädime öwrülendigi bellenildi.