1-nji noýabrda hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “COP-28” maslahatynyň çäklerinde BMG-niň
Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (ÝUNEP) Ýerine ýetiriji direktory,
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary hanym Inger Andersen
bilen duşuşdy.
Döwlet Baştutanymyz we
ÝUNEP-niň Ýerine ýetiriji direktory mähirli salamlaşyp, tebigaty goramak
ulgamynda hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän
mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Dünýä bileleşigi bu meselelere uly üns
berýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we BMG-niň Daşky gurşaw boýunça
maksatnamasynyň däp bolan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de
pugtalandyrmaga taýýardyklary tassyklanyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan howanyň üýtgemegini durnukly ösüşe
täsir edýän möhüm şert hökmünde görýär. Ýurdumyz howa boýunça Pariž ylalaşygyny
işjeň goldap, ony 2016-njy ýylyň oktýabrynda tassyklady. Nygtalyşy ýaly, ekologik
meseleleriň çözülmeginde ählumumy, sebit we milli derejede tagallalaryň
birleşdirilmeginiň, döwletleriň her biriniň Birleşen Milletler Guramasy bilen
köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň hem-de hereketleriniň utgaşdyrylmagynyň
zerurdygy göz öňünde tutulýar. Şundan ugur alyp, Türkmenistan Merkezi Aziýanyň
ýurtlary üçin ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşjek howanyň üýtgemegi bilen bagly
tehnologiýalaryň sebit merkezini döretmegi teklip edýär. Şunuň bilen
baglylykda, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen BMG-niň
Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda gol
çekilen Ähtnamanyň bu ugurda bilelikde işlemek üçin binýat boljakdygyna ynam
bildirildi.
Duşuşygyň dowamynda atmosfera
metanyň zyňyndylaryny azaltmak meselelerinde özara gatnaşyklar howanyň
üýtgemegi ulgamyndaky halkara gün tertibiniň wajyp meseleleriniň hatarynda
görkezildi. Şu günki maslahatda ýurdumyz Ählumumy metan borçnamasyna
goşulýandygyny yglan etdi. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan borçnamadan gelip
çykýan şertleri ýerine ýetirmäge gönükdirilen taslamalaryň we maksatnamalaryň
çäklerinde halkara guramalar, hyzmatdaş döwletler bilen hyzmatdaşlygy dowam
etdirmegi göz öňünde tutýar.
Duşuşygyň barşynda Aral meselesine hem deglip geçildi. Mälim bolşy ýaly,
Türkmenistan 2017 — 2019-njy ýyllarda Araly halas etmegiň halkara gaznasynda
(AHHG) başlyklyk etdi. Şol döwürden bäri uly işler durmuşa geçirildi.
Ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy 2018-nji hem-de 2019-njy
ýyllarda “Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara
gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk” atly Kararnamalary kabul etdi. Mundan
başga-da, Türkmenistanyň guramada başlyklyk eden döwründe Aral ýakasyndaky
ýurtlara kömek bermek boýunça hereketleriň maksatnamasynyň 4-nji tapgyrynyň
taslamasy taýýarlanyldy. Bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylyň 19-njy maýynda
BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasy
Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ýörite
maksatnamasyny döretmek meselesine degişli Kararnamany kabul etdi.
BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji direktory,
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Türkmenistanyň
ekologiýa ulgamynda amala aşyrýan işlerine, oňyn başlangyçlaryna hem-de bu ugurda
ileri tutulýan ählumumy wezipeleri çözmäge goşýan goşandyna ýokary baha berdi.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň we BMG-niň Daşky gurşaw boýunça
maksatnamasynyň ählumumy abadançylygyň, durnukly ösüşiň maksatlaryna laýyk
gelýän netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge ygrarlydyklary ýene-de bir gezek
tassyklanyldy.