28-nji noýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Ykdysady
hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň ýedinji mejlisi
geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail
Jabbarowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýurdumyza geldi.
Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar — iki ýurduň ministrlikleriniň we
pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri döwletara
gatnaşyklaryň ýokary derejesini we özara hormat goýmak ýörelgelerine
esaslanýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Nygtalyşy ýaly, bu gatnaşyklar
okgunly ösüşi, ähli möhüm ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan
beýläk-de ilerletmek üçin uly mümkinçilikleriň bolmagy bilen
häsiýetlendirilýär. Şunuň bilen birlikde, iki ýurduň Prezidentleri Serdar
Berdimuhamedowyň we Ilham Aliýewiň arasyndaky özara ynanyşykly gatnaşyklaryň
syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň yzygiderli
ösdürilmegi üçin ygtybarly esasy döredýändigi aýratyn nygtaldy.
Taraplar ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça işleriň
barşyny ara alyp maslahatlaşyp, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň durmuş-ykdysady
ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny, özara gyzyklanmalaryny göz öňünde tutup,
däp bolan gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň, hyzmatdaşlygyň täze usullaryny hem-de
görnüşlerini ýola goýmagyň möhümdigini bellediler.
Toparyň türkmen tarapynyň agzalarynyň çykyşlarynda hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän durmuş-ykdysady
ösüşe gönükdirilen giň gerimli maksatnamalaryň düýp mazmuny, dünýäniň ykdysady
ulgamyna işjeň goşulyşýan Türkmenistanyň häzirki döwürde gazanýan üstünlikleri
beýan edildi. Nygtalyşy ýaly, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak
we sanlylaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan düýpli özgertmeler iki döwletiň özara
hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri açýar. Biziň halklarymyzy
dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, taryhyň, medeni-ruhy
gymmatlyklaryň umumylygy baglanyşdyrýar.
Taraplar ynanyşmak, hormat goýmak we özara bähbitlilik ýörelgeleri
esasynda ýola goýulýan netijeli hyzmatdaşlyga, köpasyrlyk doganlyk
gatnaşyklaryna üýtgewsiz ygrarlydyklaryny beýan edip, köptaraplaýyn döwletara
hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar
hem-de ony gyzyklanma bildirilýän ugurlarda mundan beýläk-de giňeltmek boýunça
anyk çäreleri kesgitlediler. Söwda-ykdysady, nebitgaz we elektroenergetika
ulgamlarynda özara gatnaşyklaryň mümkinçiliklerine aýratyn üns çekildi. Häzirki
döwürde sebit we ählumumy derejede durnukly ösüşiň aýrylmaz şerti hökmünde bu
ugurlaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Umumy pikire görä, Türkmenistanyň
we Azerbaýjanyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi üstaşyr ulag geçelgelerini
döretmegiň, dostluk we ylalaşyk deňzi bolan Hazar deňziniň ägirt uly
mümkinçiliklerinden peýdalanmak boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de
ösdürmegiň zerurdygyny şertlendirýär. Bu bolsa geljekde Merkezi Aziýanyň
ýurtlary bilen goňşy sebitleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä
çykarmaga mümkinçilik berer.
Gurluşyk, dokma senagaty, aragatnaşyk, oba hojalygy we beýleki pudaklar
hyzmatdaşlygyň beýleki geljegi uly ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.
Ynsanperwer ulgam türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň biridir.
Şunuň bilen baglylykda, bilim, ylym, saglygy goraýyş, medeniýet, sport we
syýahatçylyk ulgamlarynda has ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegiň möhümdigi
bellenildi. Nygtalyşy ýaly, iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky göni
gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna ýardam bermek bilelikdäki işiň esasy ugrudyr.
Geçirilýän işewürlik maslahatlary, işewür toparlaryň arasyndaky gepleşikler,
sergiler we beýleki çäreler muňa ýakyndan ýardam etmelidir.
Toparyň agzalary ikitaraplaýyn duşuşyklary yzygiderli esasda geçirmegiň
zerurdygyna ünsi çekip, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara
türkmen-azerbaýjan toparynyň häzirki mejlisiniň çäginde gazanylan ylalaşyklaryň
iki ýurduň we olaryň doganlyk halklarynyň bähbitlerine netijeli hyzmatdaşlygyň
mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.
Mejlisiň jemleri boýunça degişli Teswirnama we beýleki resminamalara gol
çekildi.
***
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen
Türkmen-azerbaýjan işewürlik maslahatynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy
ösdürmegiň mümkinçilikleri we işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmegiň geljegi ara
alnyp maslahatlaşyldy. Maslahata iki ýurduň döwlet edaralarynyň we işewür
toparlarynyň, şol sanda nebitgaz, dokma, azyk senagaty, oba hojalygy, gurluşyk
hem-de gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi, derman senagaty, ulag-logistika,
maglumat tehnologiýalary we beýleki pudaklarda ýöriteleşen kompaniýalaryň
wekilleri gatnaşdylar.
Türkmen tarapynyň wekilleri ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi ösdürmek
boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada aýdyp, Türkmenistanyň ykdysady
strategiýasynyň hususy pudaga degişli kärhanalaryň jemi içerki önümdäki paýynyň
tapgyrlaýyn esasda artdyrylmagyny göz öňünde tutýandygyna ünsi çekdiler.
Bellenilişi ýaly, bäsdeşlige ukyply milli ykdysadyýeti kemala getirmek we bazar
gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak ugruny saýlap alan Türkmenistan telekeçilik işini,
işewür toparlaryň işjeňligini hemmetaraplaýyn höweslendirýär, kiçi we orta
telekeçiligi netijeli ösdürmek, hususy başlangyçlary goldamak üçin amatly
hukuk, ykdysady, maliýe, durmuş şertlerini döredýär.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi milli ykdysadyýetiň
esasy pudaklarynda iş alyp barýar. TSTB-niň agzalaryna bäsdeşlige ukyply ýokary
hilli önümleri öndürmek, azyk bolçulygyny üpjün etmek, senagat kärhanalaryny
gurmak boýunça öňde goýlan wezipeleri çözmekde uly orun degişlidir. Alnyp
barylýan “Açyk gapylar” syýasaty we Türkmenistanda döredilen amatly maýa goýum
ýagdaýy özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleri açýar hem-de
daşary ýurt kompaniýalaryny ýurdumyza çekmäge goşmaça itergi berýär.
Şu gezekki işewürlik
duşuşygynyň çäklerinde açylýan mümkinçilikleri we bilelikdäki işiň toplanan
oňyn tejribesini nazara almak bilen, möhüm ugurlaryň birnäçesinde hyzmatdaşlygy
mundan beýläk-de ösdürmegiň çemeleşmeleri kesgitlenildi. Umumy pikire görä, iki
ýurduň harytlary we hyzmatlary öndürijileriniň gatnaşmagynda bilelikdäki
sergileriň yzygiderli geçirilmegi, bilelikdäki işewürlik maslahatlarynyň, dürli
duşuşyklaryň guralmagy bu işiň üstünlikli amala aşyrylmagynyň wajyp şerti bolup
durýar.
Iki ýurduň wekiliýetleriniň
agzalary uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga özara taýýardyklaryny nygtap, söwda
dolanyşygynyň möçberini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, özara bähbitli
ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek we diwersifikasiýalaşdyrmak bilen baglanyşykly
anyk teklipleri beýan etdiler.
Forumyň çäklerinde birnäçe
aýratyn ikitaraplaýyn duşuşyklar hem-de gepleşikler geçirildi.