27-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň howanyň üýtgemegi meseleleri
boýunça Ýörite wekili Jon Kerriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
geçirildi.
Döwlet Baştutanymyz we ABŞ-nyň Prezidentiniň Ýörite wekili mähirli
salamlaşyp, dünýä bileleşigi tarapyndan uly ähmiýet berilýän möhüm ekologik
meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilige kanagatlanma
bildirdiler.
Öňde Dubaýda geçiriljek howa meseleleri boýunça “COP-28” maslahatyna
taýýarlyk görmek, hususan-da, Türkmenistanyň we ABŞ-nyň atmosfera goýberilýän
metan zyňyndylaryny azaltmak babatda hyzmatdaşlygy hem-de bu ulgamdaky
gatnaşyklary hukuk taýdan berkitmegiň mümkinçilikleri söhbetdeşligiň esasy
meselesi boldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, biziň
ýurdumyz howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meselelere daşary syýasatyň möhüm
ugurlarynyň biri hökmünde garaýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň dünýä
döwletleriniň garaýyşlaryna, şol sanda ABŞ-nyň bu babatda halkara bileleşigiň
tagallalaryny birleşdirmek boýunça geçirýän çärelerine hormat bilen
garaýandygy, öňe sürýän başlangyçlaryna bolsa türkmen tarapynyň oňyn baha
berýändigi nygtaldy.
ABŞ-nyň Prezidentiniň Ýörite wekili hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa
howanyň üýtgemegine garşy göreş ýaly häzirki döwrüň möhüm meselesini çözmek we
atmosfera goýberilýän metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça uly ähmiýetli işleri
geçirýändigi üçin hoşallyk bildirip, birnäçe anyk teklipleri öňe sürdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda ählumumy ekologik wehimleriň dünýä döwletleriniň
öňünde täze wezipeleri, ozaly bilen, milli meýilnamalaryň hem-de
strategiýalaryň döwrebaplaşdyrylmagy, olara parnik gazlarynyň zyňyndylaryny
azaltmak boýunça häzirki zaman usullarynyň girizilmegi bilen baglanyşykly
wezipeleri goýýandygy bellenildi. Şunuň bilen birlikde, gaýtadan dikeldilýän
energiýa çeşmelerine maýa goýumlary gönükdirmek, howanyň üýtgemegine
uýgunlaşmak üçin tehnologiýalaryň işlenip taýýarlanylmagy öz çözgüdini talap
edýär.
Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bu ulgamda halkara başlangyçlaryň we
ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar, şeýle hem degişli
konwensiýalaryň we şertnamalaryň milli derejede ornaşdyrylmagy boýunça anyk
çäreleri amala aşyrýar. Biziň ýurdumyzyň şu ýylyň 13-nji noýabrynda BMG-niň
Daşky gurşaw maksatnamasy bilen hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekmegi
Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalaryň sebit merkezini
döretmek hakynda Türkmenistanyň başlangyjyny iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň
ýolunda ilkinji ädim boldy.
Şeýle hem söhbetdeşligiň barşynda Glazgoda geçirilen “COP-26”
maslahatynyň dowamynda biziň ýurdumyzyň Ählumumy metan borçnamasy boýunça
başlangyjy goldaýandygyny we onuň düýpli öwrenilmegine gyzyklanma
bildirýändigini mälim edendigi aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, bu mesele
boýunça Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary beýan edildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň howanyň üýtgemegi meseleleri
boýunça Ýörite wekili Jon Kerri oňyn döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de
dowam etdirmek baradaky pikiri tassykladylar.
Telefon söhbetdeşligi amerikan tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.