24-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini
geçirdi. Mejlisiň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek
boýunça ileri tutulýan wezipeler, başga-da birnäçe meseleler girizildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz
berildi. Ol ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça
alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şeýle hem 25-nji noýabrda
geçiriljek Mejlisiň dördünji maslahatyna görülýän taýýarlyk barada aýdyldy.
Maslahatyň çäklerinde “Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda”
Kanunyň hem-de “Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine
ýetirilişi hakynda” Mejlisiň kararynyň taslamasyna seretmek göz öňünde tutulýar.
Şunuň bilen birlikde, birnäçe kodekslere, beýleki käbir kanunçylyk namalaryna
üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakyndaky Kanunlaryň taslamalaryny ara
alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.
Halkara we parlamentara gatnaşyklary ösdürmek
maksady bilen, Mejlisde Rumyniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly
ygtyýarly ilçisi bilen duşuşyk geçirildi. Deputatlar BMG-niň Ösüş
maksatnamasynyň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde geçiren
maslahatlaryna gatnaşdylar. Şeýle hem olar Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel
şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň
maslahatyna, Ermenistan Respublikasynyň Ýerewan şäherinde guralan ÝHHG-niň
Parlament Assambleýasynyň güýzki sessiýasyna gatnaşmak üçin iş saparynda
boldular. Deputatlar wagyz-nesihat çärelerine işjeň gatnaşýarlar, Diýarymyzda
amala aşyrylýan özgertmeleriň esasy wezipelerini we kanunlaryň many-mazmunyny
halk köpçüligine düşündirmek maksady bilen, köpçülikleýin habar beriş
serişdelerinde çykyş edýärler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
täze kanunlar işlenip taýýarlanylanda döwletimiziň alyp barýan syýasatyna möhüm
ähmiýet berilmelidigini nygtady. Şeýle-de ozal hereket edýän kanunlary
kämilleşdirmek işlerini mundan beýläk-de dowam etdirmegiň möhümdigine üns
çekildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Amanow ýangyç-energetika toplumyndaky işleriň ýagdaýy hem-de bu ulgamda
halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin amala aşyrylýan çäreler barada
hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 28-29-njy sentýabrynda
Gahryman Arkadagymyzyň Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyran
saparynyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklary üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça
zerur işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, “Türkmengaz” döwlet
konserni bu ulgamda, ilkinji nobatda, uglewodorod çig malynyň çykarylýan
möçberini artdyrmaga ýardam edýän döwrebap tehnologiýalary, iň täze ylmy we
inženerçilik-tehniki işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak, gaz gysyjy beketleri
kämilleşdirmek babatda ozaldan gelýän ygtybarly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklara
uly ähmiýet berýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
«Türkmengaz» döwlet konserniniň garamagyndaky gaz gysyjy beketleri
kämilleşdirmek boýunça zerur işleri alyp barmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Bu
ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegi dowam etdirmek zerurdyr diýip, döwlet
Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
T.Atahallyýew ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp
barlyşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýer-suw serişdelerini
netijeli peýdalanmak we ekinleriň tohumçylyk işini ylmy esasda alyp barmak
arkaly oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek boýunça degişli
çäreler görülýär. Häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda ideg işleri, hususan-da, mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Pagta hasylyny
soňky hanasyna çenli ýygnap almak, kabul ediş harmanhanalaryna we pagta arassalaýjy
kärhanalara ibermek boýunça tagalla edilýär, hasyl öndürijiler bilen
hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, Daşoguz we Lebap
welaýatlarynda şaly oragy, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň hasylyny
ýygnamak işleri dowam edýär. Ýygnalan hasyly talabalaýyk saklamak we gaýtadan
işlemek meselesi üns merkezinde saklanýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýurdumyzyň welaýatlaryndaky möwsümleýin oba hojalyk işlerine jogapkärli
çemeleşmegiň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz toplumyň önümçilik
kuwwatyny doly we netijeli peýdalanmagyň wajypdygyny belläp, wise-premýere
işleriň talabalaýyk alnyp barylmagyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Annamämmedow ýurdumyzyň elektroenergetika pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek
boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hususan-da, energiýa
serişdelerini rejeli ulanmaga, türkmen elektrik energiýasynyň daşary ýurt
bazarlaryna iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga, ýurdumyzyň dünýäniň
energetika bazarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilen giň gerimli
çäreleriň görülýändigi barada aýdyldy.
Bellenilişi ýaly, elektrik energetikasy
pudagynda döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek we bu ugurda alnyp
barylýan işleriň kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady
bilen, Türkmenistanyň degişli Kanunynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Bu
Kanun energiýany tygşytlamak we ýurdumyzyň energetika kuwwatyndan netijeli
peýdalanmak boýunça işi kadalaşdyrar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
Garaşsyz ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän energetika syýasatynyň
«Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda» Kanunyň
taslamasynda öz beýanyny tapmalydygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda,
wise-premýere anyk tabşyryklar berildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
M.Mämmedowa şu ýylyň dekabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän esasy çäreleriň
tertibi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu döwürde Halkara Bitaraplyk
güni mynasybetli dabaralar guralar. Hususan-da, “Arkadag Serdarly bagtyýar
ýaşlar parahatçylygyň waspçylarydyr” atly aýdym-sazly dabaraly maslahat,
“Dialog — parahatçylygyň kepili” atly forum, Bitaraplyk binasyna gül goýmak
dabarasy, baýramçylyk konsertleri geçiriler. Öňümizdäki aýyň esasy çäreleriniň
hatarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny
almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde yglan edilen “Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy” atly bäsleşigiň jemlerini jemlemek we ýeňijileri sylaglamak
dabarasy, “Ýylyň parlak ýyldyzy” atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry bar.
Şeýle hem Türkiýäniň eksport harytlarynyň
sergisini, Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň amaly-haşam we mozaika
sungaty boýunça bilelikdäki sergisini, dünýäniň nusgawy sahna eserleriniň
hepdeligini, türkmen we daşary ýurt nusgawy aýdymlarynyň konsertini guramak göz
öňünde tutulýar. Mundan başga-da, Täze ýyl baýramçylygy, medeni-durmuş,
önümçilik maksatly desgalaryň açylmagy mynasybetli geçiriljek dabaralar barada
hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
hasabaty diňläp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata
Watanymyzyň uly üstünliklere beslenýändigini, täze binalaryň we desgalaryň
açylýandygyny nygtady. Ýakyn wagtda Halkara Bitaraplyk güni bellenilip geçiler.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere dekabr aýynda boljak
esasy çäreleriň, medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralarynyň ýokary
guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
N.Amannepesow şu ýylyň 8-9-njy dekabrynda Aşgabatda geçiriljek jemgyýetçilik
saglygy goraýyş ulgamynda ýüze çykýan wehimlere taýýarlyk we olara garşy
göreşmek meseleleri boýunça Goşulyşmazlyk Hereketine agza ýurtlaryň hyzmatdaşlygyna
bagyşlanan maslahata taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly,
ýurdumyzda milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge we bu ulgamda daşary
ýurtlar, abraýly halkara, sebit guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy
ýola goýmaga gönükdirilen giň gerimli işler geçirilýär.
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda maslahata guramaçylykly taýýarlyk işleri
alnyp barylýar. Bu maslahat Goşulyşmazlyk Hereketine agza ýurtlaryň lukmançylyk
we sanitariýa edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda, Bütindünýä Saglygy
Goraýyş Guramasy bilen hyzmatdaşlykda geçiriler. 2023-nji ýylyň möhüm halkara
wakasyna öwrüljek bu foruma 30-a golaý döwletden, abraýly halkara guramalardan
60-dan gowrak wekiliň — lukmanlaryň, alymlaryň, bilermenleriň, lukmançylyk
bileleşiginiň beýleki wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Goşulyşmazlyk Hereketi bilen netijeli özara
gatnaşyklara uly ähmiýet berýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda,
wise-premýere guramanyň agza ýurtlarynyň lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň
ýörite maslahatyny geçirmäge ýokary derejede taýýarlyk görülmegini üpjün etmek
tabşyryldy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol şu ýylyň 21-nji
noýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri
boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Parižde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan gelip
gowşan hoş habar barada aýtdy. ÝUNESKO-nyň Baş maslahatynyň 42-nji mejlisiniň
dowamynda 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek
şanly seneleri tassyklamak boýunça Kararnama kabul edildi. Onda döwlet
Baştutanymyzyň goldawy bilen Türkmenistan tarapyndan teklip edilen Magtymguly
Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy hem bar.
Wise-premýer, daşary işler ministri hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy bu şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlap,
döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, halkymyzyň we ýurdumyzyň abadançylygyny
üpjün etmäge, Watanymyzyň halkara abraýyny has-da artdyrmaga gönükdirilen giň
gerimli işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý
hökümetara komitetiniň 29-njy noýabrda Aşgabatda geçiriljek 6-njy mejlisine
taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, iki ýurduň arasyndaky
gatnaşyklar strategik häsiýete eýedir. Özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygy
pugtalandyrmak we giňeltmek, geljegi uly ugurlar boýunça türkmen-hytaý
gatnaşyklaryny ösdürmek maksady bilen, degişli ikitaraplaýyn Ylalaşyk esasynda
agzalan komitet döredildi. Häzirki wagta çenli bu komitetiň bäş mejlisi
geçirildi. Onuň düzüminde 6 sany kiçi komitet hereket edýär. Komitetiň
nobatdaky mejlisiniň gün tertibine nebitgaz ulgamy, ulag-logistika, oba
hojalygy, himiýa hem-de dokma senagaty, ylym, bilim, ýokary tehnologiýalar,
saglygy goraýyş ýaly ulgamlarda we beýleki ugurlarda türkmen-hytaý
gatnaşyklarynyň wajyp meseleleri giriziler. Mejlisiň netijeleri boýunça degişli
Teswirnama gol çekmek göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýurdumyzyň köptaraplaýyn döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de
pugtalandyrmagy göz öňünde tutýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyz Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 6-njy
mejlisiniň guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra wise-premýer, daşary işler ministri
Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly
konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna (СOP-28) gatnaşmaga taýýarlyk görmek, forumyň barşynda kabul edilmegi göz
öňünde tutulýan resminamalar we onuň çäklerinde meýilleşdirilen çäreler barada
hasabat berdi.
Garaşylyşy ýaly, “СOP-28” maslahatynda howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde esasy ädimleriň
biri hökmünde Ählumumy metan borçnamasyna goşulmak meselesine dünýäniň iri
döwletleriniň ünsi çekiler. Türkmenistanyň bu ugurdaky işi barada aýdylanda,
daşky gurşawy goramak meselesi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň
biri hökmünde kesgitlenildi. Ýurdumyz howanyň ählumumy üýtgemeginiň öňüni
almaga gönükdirilen Pariž ylalaşygyny işjeň goldady we 2016-njy ýylyň oktýabr
aýynda ony tassyklady. 2019-njy ýylda howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň
Milli strategiýasy kabul edildi. 2020-nji ýylda ýurdumyz BMG-niň Ýewropa
ykdysady komissiýasy tarapyndan yglan edilen “Şäherlerdäki baglar” atly halkara
maksatnama goşuldy.
2022-nji ýylda Pariž ylalaşygy esasynda
Türkmenistan milli derejede kesgitlenen goşandyny taýýarlady we ony tassyklady.
Türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça
Aşgabatda BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly
tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen
baglylykda, şu ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak
ministrligi bilen BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň arasynda özara
düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça
Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 26-njy maslahatynda Türkmenistan
Ählumumy metan borçnamasy baradaky başlangyjy goldaýandygyny mälim etdi we
ýurdumyz tarapyndan onuň jikme-jik öwrenilmegine gyzyklanma bildirildi. Şol
günden bäri degişli maksadalaýyk işler geçirilýär. Şeýle hem şu ýylyň 2-nji
iýunynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, metanyň zyňyndylaryny
azaltmak boýunça ýokary derejeli pudagara topar döredildi. Mundan başga-da,
ýurdumyzyň 2023-2024-nji ýyllar üçin Ählumumy metan borçnamasyna goşulmak meselesini
öwrenmäge gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça “Ýol kartasy”
tassyklanyldy. Bu ulgamda ABŞ-nyň Halkara ösüş boýunça agentligi (USAID) bilen
bilelikde degişli işler amala aşyrylýar.
Häzirki wagtda borçnama dünýäniň 150-ä golaý
döwleti goşuldy. Şunuň bilen baglylykda, “COP-28” maslahatynyň dowamynda
Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny yglan etmek teklip
edildi. Bu meselä şu ýylyň 23-nji noýabrynda geçirilen Türkmenistanyň daşky
gurşawy goramak meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisinde
seredildi. Şunuň bilen birlikde, borçnamanyň şertlerini milli derejede ýerine
ýetirmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň çäklerinde
halkara guramalar, hyzmatdaş ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmek teklip
edilýär.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň degişli
ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde “COP-28”
maslahatynda kabul ediljek resminamalar seljerildi. Şundan ugur alnyp, olaryň
birnäçesine Türkmenistanyň goşulmagy teklip edilýär. Şeýle hem ýurdumyzyň
ugurdaş düzümleriniň wekilleriniň maslahatyň çäklerinde — 10-njy dekabr
aralygynda geçiriljek ýokary derejeli çärelere gatnaşmagyna degişli teklip
beýan edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
hasabaty diňläp, BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna
gatnaşýan taraplaryň 28-nji maslahatynda kabul ediljek resminamalaryň
möhümdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz gatnaşýan
taraplar bilen hyzmatdaşlygy has-da berkitmegiň zerurdygyny belläp, wise-premýer,
daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we
kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Türkmenistanyň Halkara
howa menzilleriniň işiniň raýat awiasiýasy ulgamynda halkara standartlara laýyk
gelmegini üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi.
Şunuň bilen baglylykda, uçarlarda ornaşdyrylan ugurdaş enjamlaryň uçuş
barlaglaryny talabalaýyk geçirmek üçin ýerine ýetirilýän işler barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýurdumyzyň Halkara howa menzillerinde uçuşlary talabalaýyk ýola goýmagyň
wajypdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, uçuş barlaglarynyň öz wagtynda
geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
Soňra agentligiň ýolbaşçysy ýurdumyzyň deňiz
gämiçiligini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler
barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň
akwatoriýasynda gämileriň halkara ýüzüşleriniň tehniki taýdan gözegçiligi we
olaryň klassifikasiýasy, Türkmenistanyň Söwda-deňiz gatnawynyň kodeksine
laýyklykda, Ministrler Kabineti tarapyndan ygtyýarly edilen Klassifikasion
jemgyýet tarapyndan amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, bu işi halkara
standartlara laýyklykda kämilleşdirmek babatda amala aşyrylýan çäreler barada
hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýurdumyzda bellige alnan gämileri şahadatnamalaşdyrmak işlerini geçirmegiň
wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu ugurda
hyzmatlary ýerine ýetirmäge ygtyýar bermek meselesini öwrenmegi we degişli
işleri geçirmegi tabşyrdy.
Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz
meseleleri boýunça geňeşçisi A.Begliýew “Türkmengaz” döwlet konserniniň
Ylmy-barlag tebigy gaz instituty we “Türkmennebit” döwlet konserniniň
“Nebitgazylmytaslama” instituty tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat
berdi. Bellenilişi ýaly, bu edaralar tarapyndan ýörite meýilnamalara
laýyklykda, geljegi uly, ylmy taýdan esaslandyrylan geologik ugurlary
kesgitlemek, ýataklaryň gözleginiň we agtarylyşynyň ylmy-amaly esaslandyrmasyny
taýýarlamak, geologiýa-gözleg işleriniň çaltlandyrylan derňewini, olara
geologik-ykdysady taýdan baha bermek, buraw tehnikasyny we tehnologiýasyny
kämilleşdirmek işleri geçirilýär. Ylmy barlaglaryň netijeleri esasynda teklipler
taýýarlanylýar. Soňra şol teklipler ýangyç-energetika toplumynyň ugurdaş
düzümlerinde iş ýüzünde durmuşa geçirilýär.
Ählumumy metan borçnamasynyň şertleriniň
ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly görülýän çäreler barada-da aýdyldy. Şeýle
hem metan zyňyndy gazlarynyň möçberini azaltmak, şol sanda ony energetika,
senagat we ulag ulgamlarynda döwrebap, ekologik taýdan arassa, serişde
tygşytlaýjy tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna azaltmak maksady bilen teklip
edilýän anyk çäreler barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň hereket edýän ylmy-barlag institutlarynyň işini
has-da kämilleşdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, olarda
ylmyň we tehnologiýalaryň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmagyň wajypdygy
bellenildi. Döwlet Baştutanymyz döwlet konsernleriniň işinde ylmy-barlag
institutlarynyň alymlarynyň, ylmy işgärleriniň maslahatlaryndan netijeli
peýdalanmagy tabşyrdy.
Soňra Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary
B.Gündogdyýew harby we hukuk goraýjy edaralaryň azyk üpjünçiligini has-da
gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi
ýaly, harby we hukuk goraýjy edaralaryň kömekçi hojalyklarynda oba hojalyk we
azyk önümleri, hususan-da, gök, bakja hem-de miwe önümleriniň dürli görnüşleri
ösdürilip ýetişdirilýär. Şunuň bilen birlikde, maldarçylyga we guşçulyga,
et-süýt önümleriniň öndürilişine uly üns berilýär. Munuň özi harby we hukuk
goraýjy edaralaryň şahsy düzümini azyk önümleri bilen doly üpjün etmäge,
ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmaga saldamly goşant goşmaga
mümkinçilik berýär.
Şeýle hem Täze ýyl baýramy günlerinde
paýtagtymyzda we welaýatlarda jemgyýetçilik tertip-düzgünini, ýangyn
howpsuzlygynyň kadalaryny berjaý etmek üçin görülýän çäreler barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny
berkitmegiň hem-de işini has-da kämilleşdirmegiň möhüm wezipedigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, bu edaralaryň ýokary hilli azyk üpjünçiligine berk
gözegçilik etmek, Täze ýyl baýramyna hem gowy taýýarlyk görmek barada anyk
görkezmeler berildi.
Soňra
döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna we
watandaşlarymyza ýüzlenip, Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyza hoş habaryň gelip
gowşandygyny aýtdy. Türkmenistanyň teklibi boýunça ÝUNESKO-nyň Baş maslahatynda
Kararnama kabul edildi. Oňa laýyklykda, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300
ýyllygy 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek
şanly seneleriň sanawyna goşuldy.
Nygtalyşy
ýaly, Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren gymmatly
edebi mirasy Türkmenistanyň baýlygydyr. Halkara derejede şeýle Kararnamanyň
kabul edilmegi bolsa beýik söz ussadynyň umumadamzat medeni gymmatlyklaryna
goşan goşandynyň nobatdaky gezek ykrar edilmesidir. Geljek ýylda türkmen
halkynyň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk
ýubileýi mynasybetli halkara derejede birnäçe çäreler geçiriler diýip, hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ähli
watandaşlarymyzy Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň ÝUNESKO bilen bilelikde
bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşulmagy mynasybetli tüýs
ýürekden gutlap, gülläp ösüş we abadançylyk baradaky arzuwlaryny beýan etdi.
Mejlisde
döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar
boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler
Kabinetiniň mejlisini jemläp, hemmelere berk jan saglyk, maşgala
abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.