Daşary ýurt maýadarlaryny ýurdumyzyň nebitgaz ulgamyna çekmek boýunça
geçirilen halkara maslahatynda Türkmenistanyň maliýe ministri
Muhammetgeldi Serdarow 2024 ― 2025-nji ýyllarda Türkmenistanda Jemi
Içerki Önümiň 8% ýokarlanjakdygyny habar berdi.
Ministriň
bellemegine görä, maýa goýumlaryň aglaba bölegi nebit çykaryjy we nebiti
gaýtadan işleýji önümçiligiň ösüşine gönükdirilýär. Dürli döwürlerde bu
ugra gönükdirilen maýa goýumlaryň derejesi JIÖ-niň 45 ― 48%-ni eýeläp,
ykdysady ösüşiň geljegini döretmäge esas boldy. Geçen ýylyň we şu ýylyň
birinji çärýeginiň netijeleri boýunça Türkmenistanyň JIÖ-niň ösüş
depgini 5,9%-e deňdir. Şeýlelikde, türkmen ykdysadyýetine, dünýä
çökgünligine garamazdan, öz ösüş derejesini saklap galmak başartdy.
Maliýe ministrliginiň ýolbaşçysy öz çykyşynda JIÖ-niň 22 ― 25%-niň ýurduň ykdysady ösüşini üpjün etmek üçin maýa goýumlara sarp edilýändigini, şeýle hem TAPI, LEP TAP ýaly iri göwrümli taslamalary durmuşa geçirmek üçin ýylda 10 milliard dollardan gowrak serişdäniň maýa goýulýandyny belledi.