TSTB-de Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygynyň işi ara alyp maslahatlaşyldy

04 Fewral, 2020 ý. 


3-nji fewralda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde giň gerimli we öz ugrunda ýeke-täk taslamanyň – Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkeziniň gurluşygynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine gönükdirilen ähmiýetli wakanyň şanyna bagyşlanyp ýygnak geçirildi.

Ahal welaýatynyň paýtagtyny gurmak üçin döwlet serişdelerinden takmynan bir ýarym milliard ABŞ dollary möçberindäki pul serişdelerini bölüp bermek hakynda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan gol çekilen Karar TSTB agzalary tarapyndan uly ruhubelentlik bilen garşy alnyp, olaryň hatarynda geljekki şäheriň köpsanly desgalarynyň potratçylary bolup çykyş edýän gurluşyk kärhanalary bardyr.

Resminama laýyklykda bölnüp berlen serişdeler jaýlaryň we desgalaryň, ýaşaýyş öýleriniň, elektrik, gaz üpjünçiliginiň we komunikasiýalaryň içerki we daşarky eltiji ulgamlaryny gurmak üçin daşary ýurtlardan getirilmegi talap edilýän enjamlaryň we materiallaryň bahasynyň tölegi üçin niýetlenilendir.

Ýygnananlar Ata Watanymyzyň gülläp-ösmegine, türkmen halkynyň bol-elin ýaşamagyna gönükdirilen alnyp barylýan durmuş-ykdysady syýasaty, telekeçilik başlangyçlarynyň goldanylýandygy hem-de hususy işewürligiň ösmegi üçin ähli şertleriň döredilýändigi üçin Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur minnetdarlyklaryny bildirdiler.

Ýygnaga gatnaşyjylar taryhy ähmiýetli taslamanyň bellenilen möhletlerde üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin özleriniň ähli güýçlerini, bilimlerini we hünär tejribelerini ulanjakdyklary hem-de milli jaý salmak sungatynyň iň gowy däpleriniň we öňdebaryjy tehnologiýalaryň öz beýanyny tapjak häzirki zaman şäherini hili berjaý etmek bilen gurjakdyklary babatda döwlet baştutanyny ynandyrdylar.

tstb.gov.tm